Gyşam bosagadan jyklaýar ýene...
Onuň gelmegi-de adaty ahwal
Emma, aýralykdan sowan ýüregme
Wagtyndan öň gelen bolmagy ahmal
Eýeläpdir bütin bedeni aňzak,
Söýgiň şuwwuldysam ýüregmi gyýýar
Azajyk nur bolsa boljagam welin,
Tümlükde sowuklar has beter bolýar
Dolan,
güneş nurun saç Mähribanym!
Gyş bilen birlikde ulaltma tüni
Bu sowuklar asla kär ede bilmez
Söýgiň, mähriň bilen ýylatsaň meni...
Ylham GURBANALYÝEW