ylham_gurbanaly
09.11.2022 12:40
Dogry baha bermez hiç kim meňzime
Pikirlem içimi iýäýjek ýaly
Çeňňek atdym arzuwlaryň deňzine
Ýene-de gam-gussa iläýjek ýaly

Şatlyk bilen geçjek ömrüm her güni
Göwnümi gam-gussa sowgatlyk berdim
Olam boş goýmady - öwezne meni
Elime tutdurdy ýalňyzlyk derdin

Aslynda göwnüm deý özüm ýygradym,
Içdäkilem ýazmagyma sebäpçi
Gussa pyçagynda arzuw dogradym
Ýüregim lowlap dur, beýnim kebapçy

Ykbalmy bu?!
Öz-özmize amalmy?
Neçüýn bolar arzuwlarym çig-çarsy
Yşk okundan atyp goýan maralmy
Alar bir gün özge sähraň ýolbarsy...

Öz awuňa özüň dyňzap ýetmeseň
Diýerler " özüňde soňsuz günä kän "
Göreşmedik...
Şony hasap etmeseň
Maralam, awçy-da bolmaz günäkär


Ylham GURBANALYÝEW
24
84
Myhman Myhman
11 Noýabr 2022
Gussa pyçagynda arzuw dogradym👍
atakulyyewa_humay
9 Noýabr 2022
Goşgy gowy 👍 👏👏👏
wolf
9 Noýabr 2022
Pikirlem içimi iýäýjek ýaly 😌👍🔥👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.