Bilýän,
çenden çykybam oýun etdim
Etýärkäm seýran, söýgüň bile arşda
Duýgulam birwagt meni boýun etdi
Barsy üçin men aşygy bagyşla!
Men-ä gurçuklan, sen terje alma sen
Diýýänlermi hiç göwnüňe alma sen
Öýke edip, gahar sazyn çalma sen
Barsy üçin men aşygy bagyşla!
Senden başga ýürek, göwün şadym ýok
Açylmasaň höwesim ýok, badym ýok
Senden ýeke syr saklajak zadym ýok
Barsy üçin men aşygy bagyşla!
Gahar bolsa oýlanmaga garaşmaz
Kalpda biten ýaralary saraşmaz
Gül dek gyza öýke etmek ýaraşmaz
Barsy üçin men aşygy bagyşla!
Ylham GURBANALYÝEW
#gündelikden #arhiw