Şu yssyda basseýn bilen buz içinde duran içgiler bolsady diýip arzuwlap ýören, "Oňarsaň öýden çykma" şygar astynda ýaşap ýören Öwrenmeliniň gaýnaýan agzalaryna buz ýaly salam ýollamak bilen "Tanyşmak aýyp däl" söýgüli virtual tanyşlyk gepleşigimiziň 20-nji sanynda hemmejäňiz hoş gördük. Gepleşigiň myhmany türkmen ýigitleriniň arasynda 76-njy bolup dogulan agzamyz bolan @tmyigit76 myhmançylykda. Hoş geldiňiz.
Şu diýýä öňem bir türkmen bir orsa diýýämiş, siz -40°C da nädip doňdurma iýip bilýäňiz, geň galýarys diýse, ors: beterinden beteri bar, siziňkiler 50°C yssyda nädip çaý içýär " diýýämiş. Soň üçin gysgajyk reklama çenli çaýjagaz içip duruň)
Reklama:
Maýk Taýson: "Gün urgusyndan başga ähli urgular jogapsyz galmaly däl" diýýär. Siz gün urgusyna-da jogap beriň. Lipton ice tea - Buz içinde ýaşa!
Başladyk onda.
1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa, başardygyňyzdan doly aýdyň, at, familýa, doglan ýer, ýyl).
2. Nikiňiziň döreýşi barada kelam agyzjyk...
Näme üçin imenno 76? 76 türkmen bolduňmy, ýa ýaryşda 76njy geldiňmi.. bla bla bla
3. Öwrenmelä haçan we näme maksatda geldiňiz?
4. Öwrenmelide iň ýakyn dostuňyz/joraňyz kim?
5. Siziň üçin durmuşyň manysy bir sözde näme?
6. Türkmen söýgüsi bolanda nähili söýgi?
7. Gowylar köpmi ýa-da erbetler? Özüňize gowylyk bal sistemada 1den 10a cenli aralykda näçe bal bererdiňiz?
8. Hindi kinolar bilen araňyz nähili? Anjelina Jolini saýlardyňyzmy ýa Aýşwarýa Raýy
9. Harry Potteriň görünmeýän edýän ýapynjasyny berseler , ilkinji edäýjek 3 zadyňyz näme?
10. Ikä üçi goşup bäşi aýranyň gowumy ýa ikä üçi goşman bäşi aýryp dördi goşanyň gowumy? ("Çorbaň çorbasy" atly soraglar kitabyndan)
11. Wampir bilen zombiniň näme tapawudy bar? Ikisinden biri bolmaly bolsa haýsy bolardyňyz?
12. Boş wagtyňyz näme bilen meşgullanýaňyz?
13. Haýsy multfilmi halaýarsyňyz?
14. Öwrenmeliniň agzalaryna möhüm aýtmaly zadyňyz barmy?
15. "Öwrenmeli" programma nähili garaýşyňyz bar? Programmany ösdürmeklige nähili pikirlerňiz bar?
16. Gepleşigiň indiki sanynda haýsy agzanyň bolmagyny isleýäňiz?
17. Goý, Siziň janyňyz sag, başyňyz dik bolsun. Dumuşda üstünlik! Saglykda gõrşeliň!
Agzalar siziňem
@tmyigit76 agzadan gyzyklanýan soragyňyz bar bolsa, arkaýyn teswirde sorap bilersiňiz!