Her ýürekde bir bendi bar
Bak, garynjaňam derdi bar.
Bu ömür saňa bendiwan,
Yrylybam, yrylmadyk.
"Söýme diýýäň "
- Elimdemi?
Heý, bir kelläň ýerindemi?!
Kömürdemi, demirdemi
Yrylybam, yrylmadyk.
Meňzeş - ýürekleň urmasy,
"Ýok" diýip boýnuň burma, şu!
Gerekmi "süýjiň burmasy",
Yrylybam, yrylmadyk.
Gülkileriň sähere heň,
Senli gyşam bahara deň.
Ýadaňokmy bahanadan?
Yrylybam, yrylmadyk.
Bir çen boldy, goýaý indi,
Boýnuňajyk alaý indi,
Almasaňam hemme bildi...
Yrylybam, yrylmadyk.
Ylham GURBANALYÝEW