Sen örän owadan,
Örän owadan,
Hatda saňa seretmäge çekinýän,
Utanýan dünýäniň bigörklüginden.
Seň şekiliň ýöne-möne şekil däl,
Bu gözellik çözüp bolmaýan matal.
Ony çözen azaşar öz aklyndan.
Sen adamyň ilki laýdan ýasalyp,
Megerem, soň jan berilen aslyndan.
Kemsiz gözel bolmaz diýleni dogry,
Ýöne ýeke gözel bar bolsa kemsiz,
Bir nusga bar bolsa Alla tarapyn,
Şol gözeliň ýalňyz nusgasy sensiň.
Saňa ynsam, jynsam, bu tebigatam,
Ýigitlerem, gyz-gelinlerem maýyl.
Sen dünýä inipsiň bütin ömründe
Ýalňyz gezek joşan wagty Hudaýyň.
— Atamyrat Atabaýew.