ylham_gurbanaly
23.06.2024 01:11
Jan amanat, yşk sadaka, bagş etdim

kalby hem teni.

Aýlanyp-aýlanyp özüme ýetdim,

Gözleýip seni.



Gujagymda örlän bakyşyň, näziň

mylaýym örän.

Bu bakyşlar ýasama däl, owalda

döräňde dörän.



Gaşyň — galam, hat ýazadyr bagryma,

Sünnäläp elin.

Menem jogabyny bejit ýazardym,

emma ki welin,



Bu dünýäni tutsam diýmän, diýýän men:

Tutsam eliňden!

Maňa yşkdan gutulma ýok, bilýän men

hemem ölümden!
23
80
ATOMIC
23 Iýun 2024
şu winni puhy görýän welin o horror film winni puh ýada düşýä:]
ylham_gurbanaly
23 Iýun 2024
@Zümerret_, Salam. Ýok. Ýazmak ýatdan çykypdyr Seýitmyrat Geldiýew
Zümerret_
23 Iýun 2024
Oz goşgynmy?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.