ylham_gurbanaly
23.06.2024 20:49
Sada sözleň gurluşy deý sada sen,
Durnukly sen söz düzümi mysaly,
Gözellik şährine logiki basym,
Hem goýlan, ajaýyp sitata ýaly,

Görküňden utanyp gizlendi aýam,
Meniň bu aýdanlam giperbola däl,
Seniň gül keşbiňi deňesem aýa,
Onda bu litoda bolmagy ahmal.

Gaşyňy çytma sen, ýüzüňi sowup,
Söýgüde pauza janyma ýakmaz,
"Başganyň sözüne" ynanmasaňam,
Awtoryň sözünden ikilik çykmaz.

"Goşma sözlemler" deý bile bolaly,
"Tirkeş sözler" deýin bolaly jebis,
Aramyzda "aýyrgyçlar" gerek däl,
Gelmesin söýgüde oturlar teris.

Syrly bolup ýörme, "köp nokat" ýaly,
"Hallar" bar ahyry gaçyp kowmaga,
Goý sen, "geljek zaman" işligi bolaý,
Ýöne geçmäweri "öten zamana".


Astangeldi Orazow
27
79
ylham_gurbanaly
15 Awgust 2024
Goşgyň awtory: Myrat Gurbanow . Ýokarda goýlan däl eken, alan çeşmãm ýalňyş eken.
idabdy
24 Iýun 2024
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.