ylham_gurbanaly
20.08.2024 09:53
Biparhlyk derdine ýolugaýypsyň,
Gözleriňde ýaşaýyş ýok, yşyk ýok.
Janygyp bir zatlar aýdýan,
Sözlerme
düşünere paýhasyň ýok, üşük ýok.
Damagyňam düwün tutan ýalymy?
Agyr-agyr ýuwudynýaň... Nämeden?
Aýt, gardaşym, nämedir ol birmahal
Umman bolan gözleriňi käl eden?
Ýylgyryşy unudypsyň, gyýyldym,
Gülkiň tükenipdir, demiň uludan.
Zaryn aýdymlarny diňläp Pälwanyň,
“Serwi agajyny” köp okaýarsyň,
Şahyr ýok deý başga Nobatgulydan.
Şatlykdan, şowhundan ara açypsyň,
Çilimli gussadan agtarýaň şypa.
Kim?
Nirede?
Näme?
Haýsy?
Näm üçin?..
Saňa näme boldy, Hommadow Sapa???
Sapa HOMMADOW
23
51
ylham_gurbanaly
19.08.2024 20:09
Sekuntlardan ýüki ýetip minutlaň,
Sagat güne, günler aýa aýlanyp,
Sagatsaýyn derdi artýan bu başym
Barýan ýaly oglanlykdan saýlanyp.
Çekilýän çilim deý kemelip badym,
Arzuwlar sowrulýan tüsse mysaly.
Baglanmaga umyt tapmadyk söýgim,
Elin salgap ötägidäýen borly.
Bagty bolsun kime baran bolsa-da,
Birwagtlar bagtym diýip bakanym.
Duýdum, direg däl ekenim dünýäde,
Olam görki däl ekeni jahanyň.
Ýylmanak däl, aýna ýaly tekiz däl,
Ömür kerweniniň çäge ýollary.
Munda agras bassam yz bolup galar,
Ýel aparar ýeňil goýlan yzlary.
Üýşmeleňden çykan serhoş ýoldaş dek,
Taşlanara dözülmeýän ýatlama.
Gowşak goşgym ýaly manysyz olar,
Duýgularňa erkiň ýetse, ýatlama!
Durmak ýok, fizikaň sada kanuny,
Ýürek dep kakyp dur ýöriş şanyna.
Howlugamok hol “arzysyz” sepgide,
Men barmasam özi geler ýanyma.
MERDAN BAÝADOW
17
41
ylham_gurbanaly
16.08.2024 11:55
Biz söýüşmälimi?
Söýenüşmälimi?
Sögüşmäli biz.
Söýgüden, söýmeden,
Söýenden, söýlenden,
Öwreneli,
Söweşmäni biz.
Durmuşda göreşip gezmeli,
Synagda synmasaň gowy.
Dünýe durşuna gözellik,
Ony öz gözleriň bilen,
Synlasaň gowy.
Giňişlige sygan sygsyn,
Ikimiz söýgä sygaly.
Gaýgy-gam ömürlik synsyn,
Haka hem söýgä sygnaly.
Söýeli, söýüp bilýärkäk!
Söýüşeli,
Söýgi bizi bilýärkä!
Myratgeldi Hallyýew
14
68
ylham_gurbanaly
15.08.2024 12:00
Adyň mähir,
Mähir özüň
Duýgularyň ummany sen.
Çagaňky deý kalbyň, sözüň
Gör, niçäniň armany sen.
Iň artykmaç sözüm sensiň,
Hem jümlämsiň - ýetmeýäni.
Tizräk seni gözüm görsün,
Diýip wagty gyssaýaryn.
Setirlermi söýgä garyp,
Her pursatda agzaýaryn.
Şoňüçün "Bagtly kimkä?" diýp,
Ýagdyrýarlar sorag baryn.
Iç-içime sygmaýarkam,
Bu bolşumy geňem görme.
Içde yşkym lowlaýarka,
Sowadyp bilmez doňdurma.
Aýtmaga barjak ýanyňa,
Howlukmanjyk, dürsäp demim.
Gulagyňa pyşyrdaýyn:
"Söýýän seni Ý........m!"
Ylham GURBANALYÝEW
18
60
ylham_gurbanaly
11.08.2024 00:09
Men saňa nämäni sowgat etsemkäm,
Gülmi?!
Aý, ýok, seň ýanyňda gül näme?!
«Bar sowgadyň şumy?» diýip,
üstümden
ýene saňa esas bolar gülmäge.
Seni nädip begendirip bilerkäm,
Zat bilen-ä göwnüň awlap başarman.
Näm bolsa-da ýüregimden çykmaly.
Nädogry bor bu ýalazy daşardan
Hüýr deý gyza sowgat idäp ýörmegim.
Sen meň üçin gymmatsyň dür-göwherden,
Bir säw bilen ýere düşen melekmiň,
Hülle süýräp çykyp aby-köwserden?!
Men saňa nämäni arzuw etsemkäm,
Ýene bagtmy?!
Aşa ýöntem eşdilýär,
Aşa ýuwan bolar «Bagtly bol!» diýsem.
Barybir ýazgytda bar zatlar gelýär.
Näme, sen arzuwa mätäçmi eýsem?!
Arzuwym — sen,
seni bagryma bassam.
Meniň hyýalymdan kämilsiň juda,
Meniň baýlygymdan baky gymmatsyň.
Şahyrlygmy gižželeýär, wah, şu gün,
Şu gün geçse, soň başymy çararyn.
Men nädip gutlaýyn doglan günüňi,
Seň göwnüňe şu gün nädip ýaraýyn?!
Seÿitmyrat Geldiÿew
*****
Happy Birthday Ý......k 🎂🎊🎊🎊
24
168
ylham_gurbanaly
05.08.2024 21:44
Toýlar-toýa ulaşýar,
Öwrenmeliň içinde...
Gör, kimlerem uruşýar
Öwrenmeliň içinde...
Bardyr bäş welaýatdan,
Girýärler dürli atdan,
Galanoklar gybatdan,
Öwrenmeliň içinde...
Gyzlary Ýeriň güli
(Ýigitler tägem gowy)
Daýza hem gelinleri
Öwrenmeliň içinde.
Tanyşlyklar açyldy,
Kimlere bagt tapyldy,
Hemmelerem akylly,
Öwrenmeliň içinde...
Peýdasyn alanlar bar,
Noldanam galanlar bar,
Men ýaly "ýananlar" bar,
Öwrenmeliň içinde...
Bar zady terse dördük,
Bilmedik hemem bildik
"Ölmedik munam gördük"
Öwrenmeliň içinde...
Ylham GURBANALYÝEW
29
150
ylham_gurbanaly
05.08.2024 16:02
Ýanyňda bolmasam, ýadyňda borun,
Men bir pikir borun ýüregňe düşýän.
Gijeler meň adym düýşüňden çykmaz,
Barlygym gündizem huşuňda düşlär.
Çemin tapman menden sypyp gitmegiň,
Özüňi günäläp, çekersiň yza.
Bir görseň, ähli zat ýalan ýaly bor,
Bir görseň, ähli dert üstüňe dyzar.
Aňymda yza bar seniň adyňdan,
Ony ýürek arasynda daşadýan.
Ant içýärin seniň gorkýan zadyňdan,
Menden saňa dönüp gitmek başartmaz.
Derdiň men bolaryn, dermanyňam men,
Ýöne men seň üçin lukman bolmaryn.
Giň dünýäni dar eýleýip başyma,
Söýgüsin ýygşyryp-bukýan bolmaryn.
Gözýaş bolar käte derdiň egisjek,
Käte öten günler bolar teselli.
Sen bu derdi satyn aldyň meýletin,
(Asyl, söýgi seň çakyňdan ýesermi?).
Her ynjyk pikiriň göwnüňe deger,
Özüňe özüň deý tapmarsyň duşman...
...Ýanyňda bolmasam, ýadyňda borun,
Men bir pikir borun ýüregňe düşýän...
Parahat Mämmetnurow.
13
49
ylham_gurbanaly
04.08.2024 19:58
Bir-biregiň ýüreginde,
Ýaşap, neçün köýülmeli.
Ömrüň her bir böleginde
Söýmeli hem söýülmeli.
Ýer bilen bag söýüşmese,
Baglar bormy heran-haçan.
Göwünlermiz görüşmese,
Duýgularmyz nirä gaçar?
Ertä höwes bolarmy, heý
Ýelekler terk etse guşy.
Adam bolsam bolaýyn men,
Sen bolsaň bilerin uçup.
Ýüregňi sorap ýürekden,
Sawçylyga yşkym barar.
Daýza, ýeňňesi gerekmez,
Sap sözlerim, goşgym barar.
Eliňi elime berip,
Geljege nazar aýlagyn.
Söýgümize ykbal gelip,
Gowşurar "bagt" baýragyn.
Ylham GURBANALYÝEW
9
52