ylham_gurbanaly
05.08.2024 21:44
Toýlar-toýa ulaşýar,
Öwrenmeliň içinde...
Gör, kimlerem uruşýar
Öwrenmeliň içinde...

Bardyr bäş welaýatdan,
Girýärler dürli atdan,
Galanoklar gybatdan,
Öwrenmeliň içinde...

Gyzlary Ýeriň güli
(Ýigitler tägem gowy)
Daýza hem gelinleri
Öwrenmeliň içinde.

Tanyşlyklar açyldy,
Kimlere bagt tapyldy,
Hemmelerem akylly,
Öwrenmeliň içinde...

Peýdasyn alanlar bar,
Noldanam galanlar bar,
Men ýaly "ýananlar" bar,
Öwrenmeliň içinde...

Bar zady terse dördük,
Bilmedik hemem bildik
"Ölmedik munam gördük"
Öwrenmeliň içinde...

Ylham GURBANALYÝEW
29
149
flowers_
5 Awgust 2024
@tim_, 😕
ayymsha
5 Awgust 2024
ylham_gurbanaly
5 Awgust 2024
@milanaaa, haýsy obşaga
flowers_
5 Awgust 2024
Daýzalarmy:(
ATOMIC
5 Awgust 2024
@Serwi, şotak näme ýazjagymy bilmän gelişýän söz ýazaýdym😅
ATOMIC
5 Awgust 2024
@Serwi, degişmedir😁🤦‍♂️
ATOMIC
5 Awgust 2024
@Serwi

Serwi-kamar boýlary bar,
Manylyja postlary bar.
Hemmeler oňa garaýar,
Öwrenmeliň içinde😁
ATOMIC
5 Awgust 2024
Men onda haýsysykam,🤔
Öwrenmeliň içinde😁.
Karaleva_
5 Awgust 2024
👍🏻
manolya
5 Awgust 2024
Diýýäňmi
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.