ylham_gurbanaly
19.08.2024 20:09
Sekuntlardan ýüki ýetip minutlaň,
Sagat güne, günler aýa aýlanyp,
Sagatsaýyn derdi artýan bu başym
Barýan ýaly oglanlykdan saýlanyp.
Çekilýän çilim deý kemelip badym,
Arzuwlar sowrulýan tüsse mysaly.
Baglanmaga umyt tapmadyk söýgim,
Elin salgap ötägidäýen borly.
Bagty bolsun kime baran bolsa-da,
Birwagtlar bagtym diýip bakanym.
Duýdum, direg däl ekenim dünýäde,
Olam görki däl ekeni jahanyň.
Ýylmanak däl, aýna ýaly tekiz däl,
Ömür kerweniniň çäge ýollary.
Munda agras bassam yz bolup galar,
Ýel aparar ýeňil goýlan yzlary.
Üýşmeleňden çykan serhoş ýoldaş dek,
Taşlanara dözülmeýän ýatlama.
Gowşak goşgym ýaly manysyz olar,
Duýgularňa erkiň ýetse, ýatlama!
Durmak ýok, fizikaň sada kanuny,
Ýürek dep kakyp dur ýöriş şanyna.
Howlugamok hol “arzysyz” sepgide,
Men barmasam özi geler ýanyma.

MERDAN BAÝADOW
17
38
Karaleva_
19 Awgust 2024
🤍👌🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.