Men saňa nämäni sowgat etsemkäm,
Gülmi?!
Aý, ýok, seň ýanyňda gül näme?!
«Bar sowgadyň şumy?» diýip,
üstümden
ýene saňa esas bolar gülmäge.
Seni nädip begendirip bilerkäm,
Zat bilen-ä göwnüň awlap başarman.
Näm bolsa-da ýüregimden çykmaly.
Nädogry bor bu ýalazy daşardan
Hüýr deý gyza sowgat idäp ýörmegim.
Sen meň üçin gymmatsyň dür-göwherden,
Bir säw bilen ýere düşen melekmiň,
Hülle süýräp çykyp aby-köwserden?!
Men saňa nämäni arzuw etsemkäm,
Ýene bagtmy?!
Aşa ýöntem eşdilýär,
Aşa ýuwan bolar «Bagtly bol!» diýsem.
Barybir ýazgytda bar zatlar gelýär.
Näme, sen arzuwa mätäçmi eýsem?!
Arzuwym — sen,
seni bagryma bassam.
Meniň hyýalymdan kämilsiň juda,
Meniň baýlygymdan baky gymmatsyň.
Şahyrlygmy gižželeýär, wah, şu gün,
Şu gün geçse, soň başymy çararyn.
Men nädip gutlaýyn doglan günüňi,
Seň göwnüňe şu gün nädip ýaraýyn?!
Seÿitmyrat Geldiÿew
*****
Happy Birthday Ý......k 🎂🎊🎊🎊