ylham_gurbanaly
01.10.2023 07:17

Özbaşyna ýaşap ýören dünýedim

Dogrydym men.

Hem kejirdim.

Keçjaldym.

Gurşap durka daşym - imi-salalyk,

Öz içimi ýonup ýören neçjardym.


Mynçgylap durka-da, ýüregmi ünji,

Şadyhorram gezip ýören ýalydym.

Göýäki men, Ýer şarynda ýeketäk,

Ýalňyzlygyň aýrylmajak ýarydym.


Meýin içip yşkyň, sermest halatym

Başarmadym ötenleri saýhallap.

Wagtlaýyn hyýalda kosmasa uçdum,

Hakykatda gezdim-ýördim pelpelläp.


Sabyra atlandym, umytdan düşmän

Ähli zady ynam bilen sözledim.

Durmuş gizlenpeçek oýny ýalydy,

Duýgy bilen söýgi, şatlyk gözledim.


Ömrümi mydama duýga bagladym,

Netijesin gören ýaly gurradan.

Duýgy - maňa baky ýaşlygy beren,

Duýgy - meni juwanlykda garradan...



Ylham GURBANALYÝEW

2022.

30
66
ylham_gurbanaly
30.09.2023 20:17

Salam "Öwrenmeli"-niň goç ýigitleri we gül gyzlary. Sen bolmasaň Senemjanlardan başlap, sen bolmasaň Selimjanlara çenli gyzgyn salam ýollamak bilen, "Güli gül bilen begendir" gül hojalyk jemgyýetiniň hemaýatkärliginde "Tanyşmak aýyp däl gepleşigimiziň 5-nji sanynda siziň hemmejäňizi hoş gördük. Gepleşigimiziň bu sanynyň myhmany adyda gül, özüde gül bolan agzamyz @gul🌸 . Şertler adaty, islemeýän soragyňyza jogap bermän bilýäňiz (bolmasa has gowy). Hany onda start, başladyk.



1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa, başardygyňyzdan doly aýdyň, at, familýa, doglan ýer, ýyl).

2. Nikiňiziň döreýşi barada iki agyz... Bu ilkinjimi ýa başgada bardymy?

3. Öwrenmelä haçan we näme maksatda geldiňiz?

4. Öwrenmelide iň ýakyn dostuňyz kim?

5. Eger gül bolup ýaşamaly bolsa, haýsy gül bolardyňyz?

6. Ilkinji söýgä duşduňyzmy? Nähili bolýar?

7. Gyzyň söýgüsi güýçlimi ýa oglanky?

8. Siz üçin gar gowymy ýa ýagyş? Sebäbi?

9. Aýdaly, siz kaktusy halaňyzok (belki, çyndanam halaýan dälsiňiz) Gürleşýän oglanyňyzam size birinji duşuşykda sizden habarsyz kaktus sowgat berdi. Şol wagty özüňiz nähili alyp bararsyňyz nähili duýarsyňyz?

10. Haýsy nahary bişirip bileňizok? Haýsy nahary halaňyzok?

11. Ýanmakmy, ýakmak?

12. Nämeler bilen gyzyklanýaňyz? Öwrenmeliden başga haýsy sosial ulgamlara girýäňiz?

13. "Öwrenmeli" programma nähili garaýşyňyz bar? Programmany ösdürmeklige nähili pikirlerňiz bar?

14. Gepleşigiň indiki sanynda haýsy agzanyň bolmagyny isleýäňiz?

15. Goý, Siziň janyňyz sag bolsun! Durmuşyňyz we özüňiz güller ýaly owadan bolsun! Sag boluň!

25
375
ylham_gurbanaly
27.09.2023 09:14

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 32-ýyllygy gutly bolsun, eziz adamlar!

20
22
ylham_gurbanaly
26.09.2023 14:32

Salam "Öwrenmeliniň" duýguly hanymlary we jenaplary. Bugün ynha nesip etdiginden (Men-ä nesibe diýmegem nesibe diýýän, jan dogan)"Möjekler sirkde oýnamaýar" afişa esasynda "Tanyşmak aýyp däl" gepleşigimiziň 4-nji sanyna başlaýas. Gepleşigimizde ady möjek, özi yarym möjek bolan @wolf agzamyz myhmançylykda. Hoş gördük. Şertler ýene öňki ýaly, islemeýän soragyňyza jogap bermän bilýänsiňiz. Taýyarmysyňyz, hany onda bir ajaýyp el çarpyşmalary bilen , başladyk.




1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa, başardygyňyzdan doly aýdyň, at, familýa, doglan ýer, ýyl).

2. Nikiňiziň döreýşi barada iki agyz... Öwrenmelide "möjek" boljak bolup tapdyňyzmy)) Bu ilkinjimi ýa başgada bardymy?

3. Öwrenmelä haçan we näme maksatda geldiňiz?

4. Öwrenmelide iň ýakyn dostuňyz kim?

5. @wolf söýüp görüpdir diýdiler. Şol çynmy? Söýgi näme? Nähili duýgular başdan geçirdiňiz?

6. Eger-de pul bolmaly bolsaňyz, haýsy pul bolardyňyz?

7. Gep bilen baglap gördülermi?

8. Gorky näme? Has beter nämeden gorkudyňyz we gorkýarsyňyz?

9. Eger möjek bolsaňyz we birini dişlemeli bolsaňyz "Öwrenmeli"-den kimi dişlärdiňiz?

10. Häzirki @wolf bilen ýene 5 ýyldan soňky @wolfyň durmuşynda nämeler üýtgär?

11. Jadyly çyra tapdyňyz. 3 dileg dilemeli. Nämeler dilärdiňiz?

12. Nämeler bilen gyzyklanýaňyz? Öwrenmeliden başga haýsy sosial ulgamlara girýäňiz?

13. "Öwrenmeli" programma nähili garaýşyňyz bar? Programmany ösdürmeklige nähili pikirlerňiz bar?

14. Gepleşigiň indiki sanynda haýsy agzanyň bolmagyny isleýäňiz?

15. Goý, Siziň janyňyz möjekki ýaly sag bolsun! Durmuşda üstünlikler ýar bolsun! Sag boluň!

40
527
ylham_gurbanaly
23.09.2023 00:42

Nesil gazeti 23.09.2023 sany.


Okaryn diýseňiz!

50
307
ylham_gurbanaly
21.09.2023 14:14

Bonjour "Öwrenmeliniň" gözelleri we jigitleri. Bu ýene-de Ylham Gurbanaly. (Seni näme edeli, gepleşigiň üçin gelen bolaýýas, çagaň göwni galmasyn diýip) Efirde agzalarmyzyň sabyrsyzlyk bilen garaşan "Tanyşmak aýyp däl" wirtual gepleşigimiziň 3-nji sany. "Mawy etmesek-de, yzymyzdan ylgadar ýaly ap ak edýäs şygary bilen, "Mawy" kosmetika önümleriniň hemaýatkärliginde, gepleşigimizde Öwrenmeliniň uniwersal (türkmençe gürle diýýän saňa, köptaraply) hanymy @mawy agzamyzy hoş gördük. Şertler ýene öňki ýaly, islemeýän soragyňyza jogap bermän bilýänsiňiz. Taýýar bolsaňyz, Myrat Öweziň "Ýar gözleri mawy, etdile meni däli, men şol gyzyň zary, bir şony söýerin..." aýdymyndan soň başlaýas. (Boldy etsene, diskoteka gelensiň sen)


1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa).

2. Nikiňiziň döreýşi barada kelam agyz... (Sizem @garlawac_ yaly 72 nik çalyşdyňyzmy?)

3. Öwrenmelä haçan we näme maksatda geldiňiz?

4. Öwrenmelide iň ýakyn dostuňyz kim?

5. Söýüp, söýlüp gördüňizmi?

6. Jeýniň ornunda bolanyňyzda Tarzany halardyňyzmy?

7. @mawy ady belli ussamyş, çynmy?

8. Wampir, Vandam, Eýnşteýn, Konfusiý. Bulary @mawy bilen nähili baglanyşdyryp bolar?

9. Iň soňky sapar haçan ýagşylyk we ýamanlyk etdiňiz?

10. Marylylar aňsat salgy bermeýämiş. "Mara barsaň öýe bar, ýaşyl derwezedir". Bu aýtgyny bilýåňizmi? Sizde-de ýaşyl derweze barmy?

11. Dünýäni üýtgetmek üçin bir iş etmeli diýseler näme ederdiňiz?

12. Boş wagtyňyz nämeler bilen meşgullanýaňyz?

13. "Öwrenmeli" programma nähili garaýşyňyz bar? Programmany ösdürmeklige nähili pikirlerňiz bar?

14. Gepleşigiň indiki sanynda haýsy agzanyň bolmagyny isleýäňiz?

15. Goý, Siziň janyňyz sag bolsun! Durmuşda üstünlikler ýar bolsun! Sag boluň!

32
527
ylham_gurbanaly
17.09.2023 19:41

Baryp ýatan kilçikdir,

Suwjuk ýigit, suwjuk gyz.

Bogazdaky gylçykdyr,

Suwjuk ýigit, suwjuk gyz.


Tiz ösüpdir periňiz,

Çöl däl duran ýeriňiz.

Hany haýa-şerimňiz?

Suwjuk ýigit, suwjuk gyz.


Buzdan sowuk söýgiňiz,

Suwdan suýuk söýgiňiz.

Öpüşmek bar gaýgyňyz,

Suwjuk ýigit suwjuk gyz.


Tanyşmagam açyp däl,

Öpüşmegem aýyp däl.

Olar açyk keýip däl,

Suwjuk ýigit , suwjuk gyz.


Ilki ynsan bolmaly,

Yşga suwsan bolmaly.

Söýgi pynhan bolmaly,

Suwjuk ýigit, suwjuk gyz.


Gyz gülýär jikir-jikir,

Ýigidim hikir-hikir.

Sizi gurşan boş pikir,

Suwjuk ýigit suwjuk gyz.


Oňalmaly ulalyp,

Siz dursuňyz bulanyp,

Geçýäs sizden uýalyp

Suwjuk ýigit suwjuk gyz.


Sözüňiziň duzy ýok

Yssysy ýok buzy ýok

Onda yşgyň közi ýok

Ýok, ýok yşgyň özi ýok

Suwjuk ýigit suwjuk gyz.


Gaç suwjugyň sözünden

Geç suwjugyň ýüzünden

Düşsün iliň gözünden

Suwjuk ýigit suwjuk gyz.


Sapar Öre

25
102
ylham_gurbanaly
16.09.2023 07:36

Kaktus ýaly kök taşladym,

Ýandak ýaly gülledim men...

Barybir sen tiken diýdiň,

Güllerimi görmediň sen...

Görmediň sen geljegimi

Görmediň sen geljegiňi

Çigit ýaly umyt berseň,

Kynçylyklar yeňjegimi

Görmediň sen söýjegiňi

Söýmän gussa gömjegiňi

Irden jan alýan bedeniň,

Agşamlarna öljegini...

Bilmediň sen! (bolan boldy)

...Yşk depderi garalandy

Dünýäm şeýdip hapalandy

Arzuwlarym çabalandy

Entek ýaňy uçuş etdi,

Ganatyndan ýaralandy

Ahmyr çekdi - gözün ýaşlap,

Bir aýylganç seda boldy...

Ölmänkäler ýetiş dada,

Birje gelip gidäý boldy.

Dalda gözläp ýakyn-ýatdan,

Bilseň, umyt geda boldy

Çydam etmän pida boldy

Emma muny bilmediň sen...

Ýasyna-da gelmediň sen...

...Şeýdip şolaň ýasyn sowup,

Ýatlamany gyrçap, orup

Hiç kime aýtman toý etdim,

Ses ýetenden zowlandyryp,

Keçpelegi ýaňlandyryp,

Ak öýländen ertir daňa

Bulanyplar tans oýnadym,

Şadyhorram böküp çaňa

Bozup ykbalyň kartasyn,

Örtüp üste gam kürtesin

(Örtese hijran örtesin)

Gussa gelin boldy maňa

Indäm alan gelnim bilen,

Her gün toýy belledim men...

...Kaktus ýaly kök taşladym,

Ýandak ýaly gülledim men...

Arman, muny görmediň sen...



Ylham GURBANALYÝEW (2022)

29
86
ylham_gurbanaly
15.09.2023 20:30

Salam "Öwrenmeliniň" Misterleri we Missleri. Siziň ähliňize älem gowluklaryny diläp, "Guýrugy gaýçy ýaly garlawaç adyndaky "Garlawaç" gaýçylary" kärhanasynyň hemaýatkärliginde  "Tanyşmak aýyp däl" atly wirtual gepleşigimiziň 2-nji sanyna çagyrýarys. Gepleşigimiziň bu günki myhmany, "Öwrenmeliniň" aktiw agzalaryndan, döwründe akkauntlaryny jorap çalşan ýaly çalşan, (T. Soltanowam sanap ýetişmänmiş)  kebelejikleri daşyna üýşüren gül hanym, @garlawac_ . Islemeýän soragyňyzy jogaplaman bilýäňiz!

Taýýar bolsaňyz, 1,2,3 mator. Heii dursaňyzlaň başlamanka gülüp başlamaň. Başladyk.


1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa).

2. Nikiňiziň döreýşi barada kelam agyz... Dogryňyzy aýtsaňyz, jemi näçe nik çalyşdyňyz, olar haýsylar?

3. Öwrenmelä haçan we näme maksatda geldiňiz?

4. Öwrenmelide iň ýakyn dostuňyz kim?

5. Sen bolmasaň Selimjana nähili garaýşyňyz bar?

6. @garlawac_ -yň idealyndaky ýigit nähili bolmaly?

7. Eşdişime görä, ejeňizi yryp bilen ýigide galyň gerek däl, onuň ornuna biznes etmegi teklip etmekçi ekeniňiz. Bu nä derejede hakykat?

8. Tarakanly çorbamy ýa garynjaly gutap? (Hökman birini saýlamaly we Näme üçin)

9. Gubadagyň fitçisine gulagyňy kesdirip bolarmy?)

10. Durmuşyňyzdaky iň gülkinç waka (gysgaça)

11. @garlawac_  boş wagty nämeler bilen gyzyklanýar?

12. "Öwrenmeli" programma nähili garaýşyňyz bar? Programmany ösdürmeklige nähili pikirlerňiz bar?

13. Gepleşigiň indiki sanynda haýsy agzanyň bolmagyny isleýäňiz?

14. Goý, Siziň janyňyz sag bolsun! Durmuşda üstünlikler ýar bolsun! Sag boluň!


*Agzalar sizem gyzyklanýan soraglaryňyzy teswirde ýazyp bilersiňiz!

28
984
ylham_gurbanaly
15.09.2023 08:07

Nobatdaky Edebiýat agşamy. gelerin, gõrerin diýseňiz!

23
114