ylham_gurbanaly
16.09.2023 07:36

Kaktus ýaly kök taşladym,

Ýandak ýaly gülledim men...

Barybir sen tiken diýdiň,

Güllerimi görmediň sen...

Görmediň sen geljegimi

Görmediň sen geljegiňi

Çigit ýaly umyt berseň,

Kynçylyklar yeňjegimi

Görmediň sen söýjegiňi

Söýmän gussa gömjegiňi

Irden jan alýan bedeniň,

Agşamlarna öljegini...

Bilmediň sen! (bolan boldy)

...Yşk depderi garalandy

Dünýäm şeýdip hapalandy

Arzuwlarym çabalandy

Entek ýaňy uçuş etdi,

Ganatyndan ýaralandy

Ahmyr çekdi - gözün ýaşlap,

Bir aýylganç seda boldy...

Ölmänkäler ýetiş dada,

Birje gelip gidäý boldy.

Dalda gözläp ýakyn-ýatdan,

Bilseň, umyt geda boldy

Çydam etmän pida boldy

Emma muny bilmediň sen...

Ýasyna-da gelmediň sen...

...Şeýdip şolaň ýasyn sowup,

Ýatlamany gyrçap, orup

Hiç kime aýtman toý etdim,

Ses ýetenden zowlandyryp,

Keçpelegi ýaňlandyryp,

Ak öýländen ertir daňa

Bulanyplar tans oýnadym,

Şadyhorram böküp çaňa

Bozup ykbalyň kartasyn,

Örtüp üste gam kürtesin

(Örtese hijran örtesin)

Gussa gelin boldy maňa

Indäm alan gelnim bilen,

Her gün toýy belledim men...

...Kaktus ýaly kök taşladym,

Ýandak ýaly gülledim men...

Arman, muny görmediň sen...



Ylham GURBANALYÝEW (2022)

29
86
moonlight
16 Sentýabr 2023
Örän gowy👍
okayjy
16 Sentýabr 2023
Keçpelegi ýañlandyryp...👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.