Salam "Öwrenmeli"-niň goç ýigitleri we gül gyzlary. Sen bolmasaň Senemjanlardan başlap, sen bolmasaň Selimjanlara çenli gyzgyn salam ýollamak bilen, "Güli gül bilen begendir" gül hojalyk jemgyýetiniň hemaýatkärliginde "Tanyşmak aýyp däl gepleşigimiziň 5-nji sanynda siziň hemmejäňizi hoş gördük. Gepleşigimiziň bu sanynyň myhmany adyda gül, özüde gül bolan agzamyz @gul🌸 . Şertler adaty, islemeýän soragyňyza jogap bermän bilýäňiz (bolmasa has gowy). Hany onda start, başladyk.
1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa, başardygyňyzdan doly aýdyň, at, familýa, doglan ýer, ýyl).
2. Nikiňiziň döreýşi barada iki agyz... Bu ilkinjimi ýa başgada bardymy?
3. Öwrenmelä haçan we näme maksatda geldiňiz?
4. Öwrenmelide iň ýakyn dostuňyz kim?
5. Eger gül bolup ýaşamaly bolsa, haýsy gül bolardyňyz?
6. Ilkinji söýgä duşduňyzmy? Nähili bolýar?
7. Gyzyň söýgüsi güýçlimi ýa oglanky?
8. Siz üçin gar gowymy ýa ýagyş? Sebäbi?
9. Aýdaly, siz kaktusy halaňyzok (belki, çyndanam halaýan dälsiňiz) Gürleşýän oglanyňyzam size birinji duşuşykda sizden habarsyz kaktus sowgat berdi. Şol wagty özüňiz nähili alyp bararsyňyz nähili duýarsyňyz?
10. Haýsy nahary bişirip bileňizok? Haýsy nahary halaňyzok?
11. Ýanmakmy, ýakmak?
12. Nämeler bilen gyzyklanýaňyz? Öwrenmeliden başga haýsy sosial ulgamlara girýäňiz?
13. "Öwrenmeli" programma nähili garaýşyňyz bar? Programmany ösdürmeklige nähili pikirlerňiz bar?
14. Gepleşigiň indiki sanynda haýsy agzanyň bolmagyny isleýäňiz?
15. Goý, Siziň janyňyz sag bolsun! Durmuşyňyz we özüňiz güller ýaly owadan bolsun! Sag boluň!