Salam "Öwrenmeliniň" duýguly hanymlary we jenaplary. Bugün ynha nesip etdiginden (Men-ä nesibe diýmegem nesibe diýýän, jan dogan)"Möjekler sirkde oýnamaýar" afişa esasynda "Tanyşmak aýyp däl" gepleşigimiziň 4-nji sanyna başlaýas. Gepleşigimizde ady möjek, özi yarym möjek bolan @wolf agzamyz myhmançylykda. Hoş gördük. Şertler ýene öňki ýaly, islemeýän soragyňyza jogap bermän bilýänsiňiz. Taýyarmysyňyz, hany onda bir ajaýyp el çarpyşmalary bilen , başladyk.
1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa, başardygyňyzdan doly aýdyň, at, familýa, doglan ýer, ýyl).
2. Nikiňiziň döreýşi barada iki agyz... Öwrenmelide "möjek" boljak bolup tapdyňyzmy)) Bu ilkinjimi ýa başgada bardymy?
3. Öwrenmelä haçan we näme maksatda geldiňiz?
4. Öwrenmelide iň ýakyn dostuňyz kim?
5. @wolf söýüp görüpdir diýdiler. Şol çynmy? Söýgi näme? Nähili duýgular başdan geçirdiňiz?
6. Eger-de pul bolmaly bolsaňyz, haýsy pul bolardyňyz?
7. Gep bilen baglap gördülermi?
8. Gorky näme? Has beter nämeden gorkudyňyz we gorkýarsyňyz?
9. Eger möjek bolsaňyz we birini dişlemeli bolsaňyz "Öwrenmeli"-den kimi dişlärdiňiz?
10. Häzirki @wolf bilen ýene 5 ýyldan soňky @wolfyň durmuşynda nämeler üýtgär?
11. Jadyly çyra tapdyňyz. 3 dileg dilemeli. Nämeler dilärdiňiz?
12. Nämeler bilen gyzyklanýaňyz? Öwrenmeliden başga haýsy sosial ulgamlara girýäňiz?
13. "Öwrenmeli" programma nähili garaýşyňyz bar? Programmany ösdürmeklige nähili pikirlerňiz bar?
14. Gepleşigiň indiki sanynda haýsy agzanyň bolmagyny isleýäňiz?
15. Goý, Siziň janyňyz möjekki ýaly sag bolsun! Durmuşda üstünlikler ýar bolsun! Sag boluň!