Salam "Öwrenmeliniň" Misterleri we Missleri. Siziň ähliňize älem gowluklaryny diläp, "Guýrugy gaýçy ýaly garlawaç adyndaky "Garlawaç" gaýçylary" kärhanasynyň hemaýatkärliginde "Tanyşmak aýyp däl" atly wirtual gepleşigimiziň 2-nji sanyna çagyrýarys. Gepleşigimiziň bu günki myhmany, "Öwrenmeliniň" aktiw agzalaryndan, döwründe akkauntlaryny jorap çalşan ýaly çalşan, (T. Soltanowam sanap ýetişmänmiş) kebelejikleri daşyna üýşüren gül hanym, @garlawac_ . Islemeýän soragyňyzy jogaplaman bilýäňiz!
Taýýar bolsaňyz, 1,2,3 mator. Heii dursaňyzlaň başlamanka gülüp başlamaň. Başladyk.
1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa).
2. Nikiňiziň döreýşi barada kelam agyz... Dogryňyzy aýtsaňyz, jemi näçe nik çalyşdyňyz, olar haýsylar?
3. Öwrenmelä haçan we näme maksatda geldiňiz?
4. Öwrenmelide iň ýakyn dostuňyz kim?
5. Sen bolmasaň Selimjana nähili garaýşyňyz bar?
6. @garlawac_ -yň idealyndaky ýigit nähili bolmaly?
7. Eşdişime görä, ejeňizi yryp bilen ýigide galyň gerek däl, onuň ornuna biznes etmegi teklip etmekçi ekeniňiz. Bu nä derejede hakykat?
8. Tarakanly çorbamy ýa garynjaly gutap? (Hökman birini saýlamaly we Näme üçin)
9. Gubadagyň fitçisine gulagyňy kesdirip bolarmy?)
10. Durmuşyňyzdaky iň gülkinç waka (gysgaça)
11. @garlawac_ boş wagty nämeler bilen gyzyklanýar?
12. "Öwrenmeli" programma nähili garaýşyňyz bar? Programmany ösdürmeklige nähili pikirlerňiz bar?
13. Gepleşigiň indiki sanynda haýsy agzanyň bolmagyny isleýäňiz?
14. Goý, Siziň janyňyz sag bolsun! Durmuşda üstünlikler ýar bolsun! Sag boluň!
*Agzalar sizem gyzyklanýan soraglaryňyzy teswirde ýazyp bilersiňiz!