Heýý, gözüni hemişe bir deşige seredip geçirýän,
bärini almaly bärinii.
Yhm. Dogrymy indi, al onda.
Öwrenjek diýip öwrenip bilmän, bir zatlar okajak diýip gybat kakyp gidýän agzalardan başlap, öwrenip, öwredip, öz üstünde işleýän agzalara çenli ullakan salam aýtmak bilen, "Tanyşmak aýyp däl" virtual gepleşigimiziň 8-nji sanynda siziň hemmejäňizi hoş gördük.
Gepleşigimiziň bu gezekki myhmany - Öwrenmelide Öwrenmeli üçin biri bir zat etdim diýip gürlemeli bolsa gaýşaryp gürlejek agzalaryň biri bolan @relax
agzamyz.Gepleşigiň baş hemaýatkäri: Öýünde "-senden adam bolasy ýok" diýip gep eşdip ýörenler üçin "Hantöre Mars express " ekskursiýa guramasy.
Men ýaňy aýtdym saňa bärini almaly bärini, öldiň-eý şo gyzy alyp. Şuny tamamlaly özüm tanyşdyrjak şoň bilen.
Aha, hany başladyk onda.
1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa, başardygyňyzdan doly aýdyň, at, familýa, doglan ýer, ýyl).
2. Nikiňiziň döreýşi barada iki agyz... Bu ilkinjimi ýa başgada bardymy?
3. Öwrenmelä haçan we näme maksatda geldiňiz?
4. Öwrenmelide iň ýakyn dostuňyz kim?
5. Özüňiz bir programma döretmek niýetiňiz barmy?
6. Kino aktýorlaryndan birine meňzemek şansyňyz bolanda kimi saýlardyňyz?
7. Virtual söýgä garaýşyňyz nähili?
8. Öwrenmeliden real duşuşmak isleýän 3 gyz kimler bolup biler?
9. 5 welaýatyň hersini bir nahar bilen suratlandyryň.
10. Aýdaly Innoplanetýanlar gelip näme şertiň bolsa taýýar, ýöne biziň bilen gitmeli bolarsyň diýse, giderdiňizmi? Esasy haýsy 3 zady sorardyňyz?
11. @relax boş wagty nämeler bilen meşgul?
12. Bir gyza özüňi söýdürmek oglanda bolmaly 3 zat haýsylar?
13. "Öwrenmeli" programma nähili garaýşyňyz bar? Programmany ösdürmeklige nähili pikirlerňiz bar?
14. Gepleşigiň indiki sanynda haýsy agzanyň bolmagyny isleýäňiz?
15. Goý, Siziň janyňyz sag bolsun! Işiňizde üstünlik!
Salam "Öwrenmeli"-niň ýaltanman ýaşap ýören agzalary.
Güýzüň çygly howasynda hemmäňize gyzgynjak salam ýollamak bilen "Tanyşmak aýyp däl" wirtual tanyşlyk gepleşigimiziň 7-nji sanyna çagyrýarys. (Birazajyk şahsy işler bilen arakesme ulurak boldy. Içiňizde köpüsi Ylhamam ýatdy diýýän bolsa, ýok ýalňyşýaňyz, Ylham gijelerne-de kän bir ýatanok, gündiz-ä hiç hili)) Galan ýerimizden ýene-de dowam)
Gepleşigiň bu gezekki myhmany ady öňler @kowser
, ýakynda bolsa @ilhano_va bolup üýtgän göwher agzamyz.Gepleşigimiziň baş sponsory: "Tarzanam jeňňelde ýaşap söýgüli tapdy. Aýt indi kimde günä?" atly you tube motivation kanaly.
Hany onda geliň, geçiň, oturyň. Başlayasmy? Başladyk onda.
1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa, başardygyňyzdan doly aýdyň, at, familýa, doglan ýer, ýyl).
2. Öňki @köwser nikiňiziň döreýşi barada iki agyz... Niki täzelemek nireden kellä geldi?
3. Öwrenmelä haçan we näme maksatda geldiňiz?
4. Öwrenmelide iň ýakyn dostuňyz kim?
5. Iller günde 1 post goýup dynç alsa, siz günde 10 post goýubam ynjalaňzok. Beýle höwes nireden gelýä? (Tanyş üsti bilen bizede alyp bolmazmy))
6. "Göwher" agzada bolupsyňyz tiz ara Premium (Men-ä indi administrasiýa çykmalymyka diýýän ýene başga dereje tapmasaňyz @ilhano_va ýatyp bilmez diýip). @arzuw_shayymova-danama galypsyňyz. Bu hakda näme aýdyp biljeksiňiz?
7. Söýmek gowumy ýa söýülmek? Söýgi @ilhano_va -nyň dilinde näme?
8. Siziň idealyňyzdaky oglan nähili bolmaly?
9. Oglanlar görüp söýýär, gyzlar eşidip diýýärler. Muňa garaýşyňyz nähili?
10. Durmuşyňyz kino bolan bolsa, adyna näme goýardyňyz?
11. Boş wagtlarňyz nämeler bilen meşgullanýaňyz? (Ýalňyşmasam çeşga örýän bolmaly)
12. Şahruhhanmy ýa Wandam. Näme üçin?
13. Aýdaly ilkinji duşuşyga barýarsyňyz. Ol baranam romantika seretmän peýdasyna seredip kaktusly gelýär. Şonda nähili hereket edersiňiz?
14. Iň gowy görýän 3 aýdymyňyz haýsylar?
15. "Öwrenmeli" programma nähili garaýşyňyz bar? Programmany ösdürmeklige nähili pikirlerňiz bar?
16. Gepleşigiň indiki sanynda haýsy agzanyň bolmagyny isleýäňiz?
17. Goý, Siziň janyňyz sag bolsun! Güler ýüzüňiz solmasyn. Söýüp hem-de söýlüp yaşaň! Durmuşda üstünlik. Sag boluň!