ylham_gurbanaly
31.10.2023 13:56

(dowamy)


Bu gün işde-de biz onuň bilen sen diýip gürleşdik.Ertesi men edarada oňa duşup:

-Medine, bilýäňmi näme?-diýdim.

–Düýn seni öýüňize ugradanymdan soňra jaň etdim, näme üçindir, jogap bermediň. Gijäniň birmahaly kim bilen beýle uzak wagtlap gürleşdiň?

Birden garaşylmadyk ýagdaý ýüz berdi. Onuň ýüzi sargaryp, keýpi gaçan ýaly boldy-da, derrew özüni ele aldy:

-Başga ýere düşensiň. Men o wagt bireýýäm uka gidipdim-diýdi.Şonda men onuň bilen telefonda gürleşýän men hakda hiç zat bilip bilmejekdigime düýpli gözüm ýetdi.

*****

-Medine, düýn seni düýşümde gördüm. -Geň zat, ömrümde bir gezek hem görmedik adamyňy nädip düýşüňde görmek mümkin?

-Düýşümde sesiňi eşitdim hem-de “Neringa” radioňy gördüm.

-“Neringany” göz öňüne getirmek kyn däl, emma adamyň sesini nädip eşidip bilýäň? Muny hiç akylyma sygdyryp bilemok. Ýeri, onsoň men nähili ekenim? Göz öňüne getirip bildiňmi?

-Elbetde, uzyn boýly, gelşikli, sünbül saçly...-diýip, men onuň hakyky keşbine dogry gelmeýän sözleri diýdim.Ol:

-Berekella, saňa-diýdi.

–Diýseň gowy suratlandyrdyň. Ynha, indi her gün düýşüňe girerin.

-Sen diňe meň düýşüme girýän däl bolsaň gerek...

-Ýene başladyňmy?

-Ýok, rowaýat etmeklerine görä, şa gyzy Mehrin Banu her gije ýüzläp erkekleriň düýşüne girýän eken. Seniň näçe nusgaň bar?

-Meniň ýeke-täk nusgam bar, özümem diňe seniň düýşleriňe girýän. Sen meniň gözümiň nurusyň.

-Diýseň minnetdar.

-Onda gulak as, meniň gözümiň nury, seniň bilen bir möhüm zady maslahatlaşmak isleýän. Ýöne haýyş edýän, özüňi ýitirme, telefony goýma.Men bu gürrüňe üç günden bäri garaşýardym we näme üçin Medinäniň bu hakda dil ýarmaýandygyna geň galýardym.

-Gulak as. Hä, tasdan hem ýadymdan çykan eken, ýanyňa ýürek dermanyny almagy hem unutma.

-Ýüregime düşme.

-Bolýa. Üç gün mundan öň Seýmur maňa özüne durmuşa çykmagymy teklip etdi. Eý, saňa näme boldy? Huşuňy ýitiren dälsiň-dä hernä?Men:-Ýok-diýdim.

–Hawa, onsoň sen oňa näme jogap berdiň?

-Heniz hiç hili jogap beremok. Seň bilen maslahatlaşmak isleýän. Çünki sen meniň iň ýakyn, iň gowy dostumsyň. Iň eziz adamymsyň.Zenan dünýäsi diýseň täsin bolýar: başga birine aşyk boldumy, sen bir salymda onuň iň eziz we gadyrdan adamyna öwrülýäň-de oturyberýäň. Men çynym bilen:

-Ýok, gerek däl-diýdim.

–Hiç kime durmuşa çykma! Ýa-da diňe maňa durmuşa çyk! Men seni söýýän. Hany, telefon arkaly öýlenmekligiň bir alajy ýokmy?!Özem geň ýeri, men bulary çynym bilen diýýärdim.Ol hahahaýlap gülüp goýberdi, gülküsi diýseň gaharly hem ýasamady:

-Bolýar, hany, indi akyllyja bol. Sen entek kiçijik oglanjyksyň.

-Nireden bilýäň? Sen meni entek göreňogam-a?!

-Men muny syzýan. Her zatdan: sesiňden, häsiýetleriňden, maňa bolan garaýşyňdan syzýaryn. Ýalbarýan, hemişe şeýle bolup gal we ulalmaga howlukma!

-Nireden bilýäň? Belki, men seniň Seýmuryňdanam uludyryn?

-Ýok, ýok, gözümiň nury. Zenan duýgulary hiç wagt aldaýan däldir. Bu meselede meniň duýgularyma ynanaý.Bu ýagdaý örän gülkünçdi, emma meniň gülesim gelenokdy, gitdigiçe ýüregime gussa aralaşýardy. Zol:

-Gerek däl, Medine-diýip gaýtalaýardym. -Beýle bolsa, men näme ederin? Soňra adamyň gijelerine jaňlaşmagymyza ýol bermez ahyry.

-Pikirlenip, bir alajyny taparys. Jaňlaşmak günä iş däl ahyry. Oňa çenli seniň hem öýüňde telefonyň bolar, özüm saňa jaň edip duraryn.Şu ýagdaýda çyndan hem maňa kyndy, oňa munuň hiç wagt beýle bolmajakdygyny nädip aýtjagymy bilmän kösenýärdim.Ol gussaly sesi bilen:

-Maňa düşün!-diýýärdi.

–Siz erkekler ýalňyzlykdan şikaýat edýärsiňiz. Meniň bolsa muňa gülkim tutýar. Çünki siz hakyky ýekeligiň nämedigine hiç wagt düşünmersiňiz. Oňa diňe ýalňyz ýaşaýan zenan düşüner. Ýary gijede birden oýanarsyň we hyýalyňda diwarlar üstüňe sürnüp gelýän ýaly bolup duýulýar...Gel, gowusy, gaýgyly zatlar barada gürleşmäliň-le. Sen näme diýseň şony ederin. Isleseň Seýmuryň teklibini ret ederin. Bu pursat men oňa näme diýip bilerin?! Ol dymdy. Soňra telefondan uçaryň güwwüldisini eşitdim we maňa munuň özi iň gowy jogap ýaly bolup duýuldy. Hiç birimiz, ne telefondaky men-Rüstem, ne-de işdäki men-Seýmur onuň merhum adamsynyň ornuny tutup biljek däldik. Şol gün agşam ol meni ilkinji gezek öýüne çagyrdy. Men dälizi we basgançaklary bilýärdim. Emma öýüniň girelgesini gowy bilemokdym, garaňkyda ýalňyşyp, başga gapyny kakdym. Gapyny açan bolmady...Gapa gysdyrylan nota belgili kagyzy gördüm. Kagyzdaky: “Açar goňşularda” diýen ýazgyny okap, gammalar ýadyma düşdi we gapyny çalşandygyma düşündim. Öwrülip, beýlekilerini kakdym.

*****

Onuň “Neringa” radiosy, ýumşak oturgyjy, aýakly çyrasy, aý, garaz, ähli zat göz öňüne getirişim ýalydy.Medine:-Şu wagt radioda iň gowy sazlar berilýändir, arkaýyn diňläp oturyber, men bolsa çaý getireýin-diýdi.Men ony bagryma basdym we oňa zenanlyk duýgusynyň kynlyk bilen dolanýandygyny duýdum. Diwaryň aňyrsyndan, golaýjakdan pianinonyň sesi eşidilip başlady. Birden ol ornundan turup, nämedir bir zada diňşirgenip, doňup galdy. Men hem diňşirgendim. Basym uçaryň güwwüldisini eşiderin öýtdüm. Emma hiç hili uçaryň sesi eşidilmedi. Birden Medinäniň näme üçin diňşirýändigine düşündim. Ol telefona diňşirgenýärdi, bu wagt “ol” jaň etmelidi. Ol, ýagny men. Men onuň jaň etmejekdigini, indi asla-da edip bilmejekdigini bilýärdim. Emma şu pursat menem muňa şübhelendim, bir tötänlik ýüz berip, telefondan jaň sesiniň eşidilmegini isledim. Telefon bolsa dymýardy.



(soňy)

Azerbaýjan dilinden terjime eden Mamajan Arazowa.

27
97
gulshatayewa97
22 Noýabr 2023
Wi bula birhili gutarypdyr 🙄
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.