ylham_gurbanaly
30.10.2023 00:25

(dowamy)


Men:-Seniň onda göwnüň bar ýaly-diýdim.Ol hem mähetdel etmän:-Sen nireden bilýäň?-diýip, näzlenip jogap berdi.

–Belki, onuň mende göwni bardyr.Men gazap bilen tutawajy ýerinden asdym. Üç günläp hem oňa jaň etmedim.Işde bolsa o günler gatnaşygymyz mirt kimin boý almaga başlady. Edaranyň baýry işgärleriniň biri maňa golaý gelip:

-Biderek ýere özüňi gynama-diýip gülümsiredi.

–Henize çenli biziň bu kiçijik hanymymyzyň kalbyny eýelemek hiç kime başardan däldir. Üçümiz hem gülüşdik.Medine gidensoň söhbetdeşim:

-Keşiş aýalynyň agynjak özi-dä. Hiç kim onuň ýüregine girip bilmedi. Henizem wepat bolan adamsynyň hatyrasyny tutup ýör, ol birnäçe ýyl mundan öň heläk boldy-diýdi.Eşidip otursam, onuň adamsy uçarman ekeni, ol görgüli asmanda heläk bolupdyr.

*****

Şol gün işden giç çykdym. Gapydan barýarkam, Medinäniň ýazuw enjamynyň sesini eşitdim. Onuň inçe, sülük ýaly barmaklary ýazuw enjamynyň üstünde, göýä, pianino çalýan ýaly, çalasyn hereket edýärdi. Gije onuň bilen jaňlaşdym:

-Salam.Ol howul-hara:

-Salam. Sen-ä bir erbet adam ekeniň-diýdi. –Şo gün näme telefony taşladyň? Şo edeniň üçin hem bu gün agşam Seýmur meni öýüme çenli ugratdy.

-O nähili ugratdy?-diýip, men geňirgenip soradym, walla, çynym bilen haýran galandygyma ynanyp bilersiňiz.

-Hawa, ugratdy. Işden giç çykdym. Ol hem öýüme çenli ugratdy. Çünki ol sypaýy, edepli adam.“Edepli däl, tüýs akmagyň biri” diýip pikir etdim-de, içimden öz-özüme käýindim. Aslynda, ol şu gün agşam redaksiýada uzak eglenmeli bolupdyr, men hoşlaşyp gaýdyberipdirin, ony öýlerine çenli ugratmak bolsa, ýadyma-da düşmändir. Men ýene başga bir zada hem akyl ýetiren ýaly boldum. “Belki, indiki gezek ony öýlerine çenli ugratmak islesem garşy bolmaz, hatda, belki, göwnüne ýarar. Belki-de, tutawajy bat bilen goýandygym üçin ýörite meniň-Rüstemiň gaharyny getirmek üçin diýýändir. Diýmek, ol maňa-gije jaňlaşýan tanşyna hem biperwaý däl eken-dä?! Bu hakykatdan hem şeýlemikä beri? Haçanam bolsa, muny bilmek başardarmyka?” diýip oýlandym. Gümanlardyr çaklamalaryň girdabynda galyp, halys boldum. Ýöne bir zada welin, açyk düşünipdim, ol indiki gezek işden giç çykanda, näme etmelidigini bilýärdim.

*****

Biz boşlaň köçeden ýöräp barýardyk. Men:-Medine, işiňizi öýe alyp gitmedik günüňiz agşamlaryna näme iş bilen meşgullanýaňyz?-diýip soradym. Ol:-Öýde oturýan-diýdi.

-Ýeke özüňiz öýde oturyberýäňizmi?

-Ýok-la, diýýäniň näme? Kitap okaýan, radio diňleýän.“Be, ol ýene radio hakda maňa-Seýmura hem gürrüň beräýermikä?” diýip, men üşerildim. Emma ol bütinleý başga hörpden gopdy we munuň üçin ondan hoşal boldum.

-Ynha, bu hem meniň öýümiň penjiresi-diýip, ol eli bilen üçünji gata yşarat etdi.

-Belki, girelge garaňkydyr, sizi gapyňyza çenli ugradaýyn.

-Ýok, minnetdar.Emma men yzyma dolanmak islemedim:-Belki, meni öýüňize çagyrarsyňyz?-diýdim.

-Höwes bilen. Emma giç boldy-diýip, ol howlukmaç sagadyna seretdi we men onuň bir zada biynjalyk bolýandygyny syzdym:-Giç diýýäňizmi? Be, siz şeýle ir ýatýaňyzmy?

-Ýok-la, ýöne-diýip, ol tolgunyp, näme diýjegini bilmedi.Men:-Bolýar, etjek alajym ýok-diýdim.

–Maňa bir bulgur kofe hödür etmek islemeýän bolsaňyz, geliň, onda ýene birsellem açyk howada gezim edeliň. Biz birnäçe gezek onuň öýüniň daşyndan aýlanyp, gezim etdik. Meniň näler onuň öýüne giresim gelýärdi. Gijeki söhbetdeşligimizden maňa tanyş bolan onuň ýagty otagyny, radiosyny, ýumşak oturgyjyny göresim gelýärdi. Kim bilýär,belki, Medine o agşam meni öýüne çagyran bolsa, men oňa bar zady gürrüň bersemem bererdim. Emma ol däliziň gapysynyň öňüne gelenimizde, maňa howlukmaç elini uzadyp gülümsiredi:

-Minnetdar, Seýmur mugallym. Köp sag boluň. Gijäňiz rahat bolsun!-diýip, hyrra yzyna öwrülip, gaçyp gitdi.Men ökjeleriň tyrk-tyrkyna gulak asyp durşuma, onuň şu pursat nirä howlugýandygynyň, gaýta-gaýta sagadyna seredändiginiň sebäbine düşündim. Ol öýüne, telefonyň ýanyna ýetmäge howlugýardy. Telefon jaňyny-meniň-Rüstemiň etjek jaňyny sypdyrmakdan gorkýardy.

*****

Birnäçe günden soň jogapkär kätip önümçilik ýygnagynda biderek zatlar barada çykyş etdi. Men söz alyp, onuň bilen sene-mene edişmäge çenli baryp ýetdim. Ol garşyma bir söz hem aýtmady. Birden meniň oňa nebsim agyrdy. Köp ýyllaryň dowamynda redaksiýada işlän bu işgäre heniz hiç kim beýle daramandyr. Özem işgärleriň arasynda. Ýygnakdn soň meniň, birhili, ugrum bolmady: ilki bilen, men düýpgöter mamla däldim; ikinjiden, Feruzyň maslahatlaryny ýatladym; üçünjiden, bu işden gitmek islemeýärdim. Çünki indi bu ýerde Medine-de bardy. Gepiň gysgasy, jogapkär kätibiň iş otagyna bardym-da, ondan ötünç soradym.Gije Medinä jaň edenimde onuň gürrüňi nämeden başlajakdygyny bilýärdim.Garaşyşym ýaly hem ol uly joşgun bilen:-Waý, bilýäňmi, Rüstem-diýdi. –Biziň Seýmurymyz diýseň mert adam eken. Bu gün men işde ýokdum. Hemmeler ol bu gün ýygnakda jogapkär kätibimizi tankyt etdi diýýärler. Şu wagta çenli bu adamyň bir diýenini iki gezek gaýtaladan adam bolmandy. Şeýle kişini, giden jemagatyň içinde masgara etmeklik akyla sygmajak zat.Men:-Beýle adamlary menem gowy tanaýaryn. Olar ýygnanyşyklarda janygyp, hyjuwly gürleýärler, adamlary basýarlar, “ýykyp-ýumurýarlar”, soňra bolsa, olardan ötünç soraýarlar. Seniň Seýmuryň hem ýygnakdan çykansoň, hiç kime bildirmän o kişiniň aýagyna ýykylyp, ýalbarmaga gidendir-diýdim.Ol gussaly ses bilen: -Gör, sen nähili?-diýdi.

–Näme üçin ony beýle ýaman görýäň-ä?

-Sen ony söýýäň, şonuň üçin. Men bolsa seni söýýän.

-Örän gowy. Hemmämiz birek-biregi söýýäris.Elbetde, sen degişýäň. Sen onuň bilen her gün görüşýäň, ýüzbe-ýüz gürleşýäň, kino gidýäň. Bar mesele hem, ine, şunda.

-Kino gidýäň? Onuň bilen kino gidenimi nireden bilýäň?

-Çak edýän-dä! Ol gülüp goýberdi. Bu pikirim oňa ýaran ýalydy. Ol gülüp goýberdi. Bu pikirim oňa ýaran ýalydy. -Meň bilen bolsa diňe telefonda gatnaşyk saklaýaň.

-Biz bu barada ozalyndan gürleşipdik ahyry.

-Oňa men hakda bir zatlar gürrüň berdiňmi?

-Diýýäniň näme? Men bu hakda hiç kimiň ýanynda gürrüň etmerin. Bu zatlar, bilýäňmi, hälki...-diýip, ol biraz dymyp, sözüni dowam etdi:-Mukaddes bir zat. Düşünýäňmi?

Ertesi gün biz onuň bilen kino gitdik. Kino synagçy uçarmanlar hakda eken. Medine gaharlydy. Belki-de, şonuň üçin ol kalbyndaky gussasyny egismek, ýüregini açmak isländir, köçeleriň birinden öýe dolanyp gelýärkäk, ol birinji gezek heläk bolan adamsy hakda gürrüň berdi: -Biziň bilelikde durmuşymyz howada geçdi. Asmanda tanyş bolduk, Ol uçarman, men bolsa ýönekeý ýolagçydym. Soňra men hemişe onuň ýanynda bolmak üçin uçarbelet bolup işläp başladym. Durmuş gurduk. Bakuwdan Moskwa, Moskwadan Bakuwa uçýardyk. Soňra göwrelilik rugsadyna çykdym. Soňky gezek ony uçara çenli ugratdym-diýdi.Olar gujaklaşyp hoşlaşanlarynda aralarynda menzil bolmandyr. Emma aralaryna düşen şo gezekki menziliň durmuş bilen ölümiň arasyndaky menzile-onuň hiç haçan dolanyp gelmejek ebedilik asmany bilen, Medinäniň oňa ömürlik garaşjak ýeriniň arasyndaky menzile öwrüljekdigini bilmändirler. Uçar göge galanda, mundan müň ýyllar çemesi öňki gadymy däp-dessurlara eýerip, Medine onuň yzyndan suw sepipdir. Soňra uçar asmana galypdyr we ýagyş ýagypdyr.Birden ol aýak çekip diňşirgendi. Birazdan soň menem uçaryň güwwüldisini eşitdim we onuň sesi hemmeden öň eşidýändigini duýdum. Biz gökde ýylpyldaşýan al-elwan yşyklara syn etdik.Medine:-Onuň gubury şo ýerde-diýdi.

–Adata görä, aýallar adamsynyň guburyna gonamçylyga barýarlar. Men bolsa asmana garaýan...Soňra ol maňa käte agşamlaryna howa menziline barýandygy, bir çetde durup, uçýan, gonýan uçara syn edýändigi barada, nesibe çekmän, nesibesindäki çaganyň hem öli doglandygy barada gürrüň berdi. Men bir elini onuň egnine goýup, beýleki elim bilen gözýaşlaryny syldym.

-Ýok, ýok gerek däl, özüm-diýdi. Men onuň bu sözleri kynlyk bilen gaýtalaýandygyny duýdum. Bu gezek hem men ony öýüne çenli ugradyp, derrew köçe telefonyndan jaň etdim. Onuň sesi özüne çekiji, hatda biraz şadyýandy.

(bar)

20
91
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.