ylham_gurbanaly
29.10.2023 19:21

Salam "Öwrenmeli"-niň ýaltanman ýaşap ýören agzalary.

Güýzüň çygly howasynda hemmäňize gyzgynjak salam ýollamak bilen "Tanyşmak aýyp däl" wirtual tanyşlyk gepleşigimiziň 7-nji sanyna çagyrýarys. (Birazajyk şahsy işler bilen arakesme ulurak boldy. Içiňizde köpüsi Ylhamam ýatdy diýýän bolsa, ýok ýalňyşýaňyz, Ylham gijelerne-de kän bir ýatanok, gündiz-ä hiç hili)) Galan ýerimizden ýene-de dowam)

Gepleşigiň bu gezekki myhmany ady öňler @kowser, ýakynda bolsa @ilhano_va bolup üýtgän göwher agzamyz.

Gepleşigimiziň baş sponsory: "Tarzanam jeňňelde ýaşap söýgüli tapdy. Aýt indi kimde günä?" atly you tube motivation kanaly.

Hany onda geliň, geçiň, oturyň. Başlayasmy? Başladyk onda.


1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa, başardygyňyzdan doly aýdyň, at, familýa, doglan ýer, ýyl).

2. Öňki @köwser nikiňiziň döreýşi barada iki agyz... Niki täzelemek nireden kellä geldi? 

3. Öwrenmelä haçan we näme maksatda geldiňiz?

4. Öwrenmelide iň ýakyn dostuňyz kim?

5. Iller günde 1 post goýup dynç alsa, siz günde 10 post goýubam ynjalaňzok. Beýle höwes nireden gelýä? (Tanyş üsti bilen bizede alyp bolmazmy))

6. "Göwher" agzada bolupsyňyz tiz ara Premium (Men-ä indi administrasiýa çykmalymyka diýýän ýene başga dereje tapmasaňyz @ilhano_va ýatyp bilmez diýip). @arzuw_shayymova-danama galypsyňyz. Bu hakda näme aýdyp biljeksiňiz?

7. Söýmek gowumy ýa söýülmek? Söýgi @ilhano_va -nyň dilinde näme?

8. Siziň idealyňyzdaky oglan nähili bolmaly?

9. Oglanlar görüp söýýär, gyzlar eşidip diýýärler. Muňa garaýşyňyz nähili?

10. Durmuşyňyz kino bolan bolsa, adyna näme goýardyňyz?

11. Boş wagtlarňyz nämeler bilen meşgullanýaňyz? (Ýalňyşmasam çeşga örýän bolmaly)

12. Şahruhhanmy ýa Wandam. Näme üçin?

13. Aýdaly ilkinji duşuşyga barýarsyňyz. Ol baranam romantika seretmän peýdasyna seredip kaktusly gelýär. Şonda nähili hereket edersiňiz?

14. Iň gowy görýän 3 aýdymyňyz haýsylar?

15. "Öwrenmeli" programma nähili garaýşyňyz bar? Programmany ösdürmeklige nähili pikirlerňiz bar?

16. Gepleşigiň indiki sanynda haýsy agzanyň bolmagyny isleýäňiz?

17. Goý, Siziň janyňyz sag bolsun! Güler ýüzüňiz solmasyn. Söýüp hem-de söýlüp yaşaň! Durmuşda üstünlik. Sag boluň!

24
422
ilhano_va
30 Oktýabr 2023
@ylham_gurbanaly, Bolýa onna geplişege çagyranynyza sağboluň::))
ylham_gurbanaly
30 Oktýabr 2023
@ilhano_va, ýok, soňunda özüm aýdaryn)
ilhano_va
30 Oktýabr 2023
@guldesse, yokla
ylham_gurbanaly
30 Oktýabr 2023
@guldesse, sizem erbedä)
ilhano_va
30 Oktýabr 2023
@ylham_gurbanaly, Ylhamam biz yaly adamdyra gezek innikide garasyn
Miss_Minnosh❤️
30 Oktýabr 2023
@medik_, 😊😊😊
Miss_Minnosh❤️
30 Oktýabr 2023
@12445, Ay sumada bos bos gurlap goydy sonky postumda menin
ylham_gurbanaly
30 Oktýabr 2023
@ilhano_va, Ylhama Gurbanala gezek gelsek, ol entekler gelmez) soñunda bolar)
Miss_Minnosh❤️
30 Oktýabr 2023
@medik_, gaty gordunmi dine men dal 😥
Miss_Minnosh❤️
30 Oktýabr 2023
@Kmg gurt, ha dusnukli)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.