Hemmäň Gününde - her kimiň öz güni bar.
*****
Hemmäň dilini öwrenjek bolýan. Mugallym tapamok.
*****
Gürledi, gürledi. Hiç kim hiç zat diýmedi. Dymdy. El çarpdylar...
*****
Megerem, dünýäniň iň az ilatly ýurdy meniň ýüregim bolsa gerek. Sebäbi onda diňe Sen bar.
*****
"Nirä baksam seni görýän" diýip göz lukmana bardym. Dälihanany salgy berdi...
*****
Aýralyk aýdymyna böküp tans oýnaýalar. Saz sözden üstün çykdy.
Aýralyk sazyna gözün ýaşlap durdular.
Saz sözden üstün çykdy.
*****
Ilki gussa, soňra şatlyk bolsunmy ýa-da tersine...
*****
Iberen hatlarym ýaralanan kalbyňy bejerip bilmedi. Sebäbi hatlarymam ýaralanandy...
*****
Kaktusy owadan hasaplaýanlara sylagym ulydyr.
*****
- Gör, näçe ene-ata men hakda pikir edýändir.
- O nähili?
"- Gyzyma gowy oglan sataşsyn" diýip...
Ylham GURBANALYÝEW