yazmyratmazy
15.11.2023 15:42

Ýene sowuk şemal gapymy kakdy,


Ýene öňküsi deý saraldy ýaprak.


Asmandan ýagyşlar sil bolup akdy,


Şol ýagyşlar bilen ezildi toprak.




Saralan ýapraklar döküldi ýere,


Olarsyz çyplaňja galdy agaçlar.


Şonda köne pikir dolandy sere-


Ýene ýada düşdi tüm gara saçlar!




Şol gara saçlyma bolupdym aşyk,


Bir gün aýra düşsem geçmezdi günüm.


Gör, indi nijeme menziller aşyp


Ol meniň ýanymdan çekipdir gümün.




Ýapraklaryň şaha dolanmaýşy dek


Söýgüm dolanmajak ýerne gidipdir.


Güýzde şabrap ýagan säher ýagşy dek


Birsalym eglenip gözden ýitipdir.




Seret, boşap galdy taldyr agaçlar,


Edil şonuň ýaly ýüregimem boş.


Meni terk eýledi tüm gara saçlar,


Hatda maňa diýmän ýeke agyz “Hoş!”




...Ýene sowuk şemal çaldyla ýüze,


Ýene yşk derdinden ýüregim dagly.


Saralan duýgulam meňzeýär güýze-


Ýa-da olar biri-birine bagly.

15
17
yazmyratmazy
06.11.2023 10:46

Men bir gyzy soydum, gyz dalde peri


Mahre doly yuzi nurludyr Aydan.


Men bir gyzy soydum, soyelim bari


Şol gyz boldy bar dilegim Hudaydan.




Men bir gyzy soydum, gaşlary keman


Kirpikleri okdur, gabagy badam.


Men bir gyzy soydum, ol gyza yeten


Bu yagty jahanda iñ bagtly adam.




Men bir gyzy soydum, yañagy alma


Lebleri gunça dey, sozleri şeker.


Men bir gyzy soydum, onuñ jemaly


Goren yigitleri ozune çeker.




Men bir gyzy soydum, gozleri jady,


Bakyşlary jady, näzleri jady.


Men bir gyzy soydüm, söýelim bäri


Ömürlik ornady yurekde ady.

20
61
yazmyratmazy
01.11.2023 20:41

Görk bile kalbymyň tarlaryn kakan,


Ýüregimde yşgyň oduny ýakan,


Ýöne söýgi doly göz bilen bakan-


Sen däl ekeniň.




Süýji sözdür müň bir dürli näz bile,


Agyr ýüki asyp goýduň gerdene.


Ýöne ýürekdäki yşgyň derdine-


Em däl ekeniň.




Gije-gündiz arzuwladyp wysaly,


Ogurlapsyň pikir bilen hyýaly.


Boglanymda welin ýaşarym ýaly-


Dem däl ekeniň.




Assa basyp geçip gitseň duşumdan


Aýyrýarsyň akyl bilen huşumdan.


Çünki gözellikde humaý guşundan-


Kem däl ekeniň.

17
27
yazmyratmazy
31.10.2023 08:32

Göwnümi bermedim galam gaşlara,


Sen meni terk edip gideliň bäri.


Gözümden akmadyk ganly ýaşlara


Ýüregmi gark edip gideliň bäri.




Öňküsi deý manyly däl günlerem,


Öňküsi deý açylmaýar güllerem,


Açylan bolsa-da bary sülleren,


Sen meni terk edip gideliň bäri.




Günler uzasa-da bahara sary


Ýürekde eränok fewralyň gary.


Özümde däl ýaly göwnümiň ýary


Sen meni terk edip gideliň bäri.




Bilýän, öňkülerden peseldi badym,


Gidire galmady elimde zadym,


Şonda-da ýürekden öçmedi adyň,


Sen meni terk edip gideliň bäri.

15
17
yazmyratmazy
30.10.2023 11:00

Ýatla meni,


Gözden dälde ýürekden


akdyryp bolmanda bir damja ýaşy.


Ýatla meni,


Söýgi atly ýüzügňi


Bezäre tapmaňda gymmatly gaşy.




Ýatla meni,


Seran-setan şowsuzlyk


bilen başlanaýsa günleriň başy.


Ýatla meni,


“Bagt” diýeňde alnyňdan


atylyp çykaýsa “garalyk daşy”




Ýatla meni,


Düşüneňde haçanda


Seni mençe söýmejegne hiç kesiň


Ýatla meni,


Bagt guşuny çagyryp


Näçe gygyrsaň-da ýetmände sesiň.




Ýatla meni,


Çümüp pikir-hyýala,


Ýöne welin galaýmagyn süllerip.


Ýatla meni,


Ýatla meni käteler,


Joraň barsa meň adymdan gül berip.

11
33
yazmyratmazy
28.10.2023 08:57

O:tsuz ýananlaryň söýgüsi hakda


Gamgyn aýdymlara hiňlenip ýörün.


Sensiz solup galan meňzime bakda


Haýyş, birje gezek gözlerme görün.




Özümem duýmadym, gysgajyk wagtda


Eýeläp bildiň sen ýüregmiň törün.


Ýene-de dünýämi dolduryp bagtdan


Haýyş, birje gezek gözlerme görün.




Aýlar-ýyllar boýy özümden gaçyp


Başga bir ýürekden tapmadym orun.


Şonuň üçin ýene gujagňy açyp


Haýyş, birje gezek gözlerme görün.




Megerem hiç haçan ýadymdan çykmaz,


Maňa ogryn bakan şo-ol gara gözüň.


Gel, sen şu saparam göwnümi ýykma:


Haýyş, birje gezek gözlerme görün.




Akyldyr-huşumy alypsyň menden,


Eý sen galam gaşlym-saçlary örüm.


Iň bolmanda janym çykmanka tenden


Haýyş, birje gezek gözlerme görün.




Bilseň, sensizlikde ýagty dünýäni


Ýatlamalam bilen aýlanyp ýörün.


Garaşan günlermiň ýitmänkä sany


Haýyş, birje gezek gözlerme görün.

11
23
yazmyratmazy
27.10.2023 08:47

Ýadymda, çagakak ir säher bilen


Ejemjan demlärdi süýtli çaýyny.


Hem aýryp goýardy aýratyn jamda


Her kime bermeli gaýmak paýyny.




Baldyr, mürepbesin goýardy orta


Hem orta goýardy elin mesgesin.


Çalyp saçakdaky myssyk çörege


Höwes bilen iýerdik biz hemmesin.




Käsämize atyp nogul-nabady


Üstüne guýardy süýtlüje çaýdan.


Her sözünde besläp arzuw baryny


Ejem bize bagt dilärdi Hudaýdan.




Başgaçady keýpi şol säherleriň,


Süýtli çaýyň lezzetide başgady.


Göwnüme bolmasa şol ajap günler


“Garalyklar” biziň öýden daşdady.




Ol çaýyň başynda sargardy ejem


“Akyllyja boluň mekdepde” diýip.


“hem okaň, öwreniň, nusga boluň siz


yhlas bilen zähmet çekmekde” diýip.




Şol öwütler bilen akja köýnekli,


Ýol aldyk her säher mekdebe sary.


Şol öwütler bilen akja köýnekli,


Ýol aldyk ak bagta-geljege sary.




Şol öwütler, şol süýtli çaý ýetirdi,


Beýik maksatlara, beýik işlere.


Olar büdretmedi kötel ýollarda


hem goýup gitmedi aňzak gyşlara.




... Pejiň gapdalynda, öýüň töründe,


Oturardyk bir saçagyň başynda.


O mahallar oýun-gülküden başga,


Ýeke pikir ýokdy gara başymda.

14
15
yazmyratmazy
26.10.2023 11:27

Kalbymy paralap ýene bir gezek


Näme üçin zanit berdi nomeriň?!


Juwan duýgularmy eýläp janserek


Näme üçin zanit berdi nomeriň?!




“Megerem söýýäni bar bolsa gerek”


diýen pikir bilen urýardy ýürek.


Ýuwaşjadan gudok gitmegne derek


Näme üçin zanit berdi nomeriň?!




Men seniň keşbiňde görýärin bagty,


Seň bilen bolardy geljegim ýagty,


Ýöne aýt, gijäniň birmahal wagty


Näme üçin zanit berdi nomeriň?!




Ähli umydymy baglap bir jaňa


Şeýle bir howlugyp aýlapdym saňa,


Gel, indi baryny aýdaýda maňa


Näme üçin zanit berdi nomeriň?!

21
82
yazmyratmazy
25.10.2023 09:06

Barýan, menzil-menzil ýollary aşyp,


Seni ýeke gezek görmeklik üçin.


Barýan, yşgym bilen deňiz deý daşyp


Seni ýeke gezek görmeklik üçin.




Arzuw-hyýallarym serimi gaplap,


Özge pikirlerden kalbymy saplap,


Barýan, men ýollarda özümi taplap,


Seni ýeke gezek görmeklik üçin.




Bolsun, apy-tupan, ýagyş-gar bolsun,


Ýöne duşmak nesibämde bar bolsun,


Gerek bolsa tutuş ömrüm har bolsun,


Seni ýeke gezek görmeklik üçin.




Gözüňden akaýsa bir damja ýaşyň,


Gözüme görünmez töwerek daşym,


Barýan men gowgada galsada başym,


Seni ýeke gezek görmeklik üçin.

14
14
yazmyratmazy
23.10.2023 00:39

Sowallaň içinde galdym men tenha,


Olaryň jogabyn tapamok şindi,


Sen şeýle islediň, gutuldyň ynha,


Aýt sen, mensizlikde bagtlymyň indi.




Barlydym, baglydym, bagtlydym bir dem,


A indi barlygym ýoklugym bir deň,


Päkize kalbymy dolduryp “kirden”,


Aýt sen, mensizlikde bagtlymyň indi.




Bagtyýardyk, birek-birekden hoşduk,


...indi o günleri geçmişe goşduk,


Döredip dünýämde düýbi ýok boşluk,


Aýt sen, mensizlikde bagtlymyň indi.




Ýürek bilmesede nirä d:yzaryn,


Arkaýyn bol, ýetmez saňa azarym,


Gerdeniňde çekip yşgyň azabyn,


Aýt sen, mensizlikde bagtlymyň indi.

15
47