Kalbymy paralap ýene bir gezek
Näme üçin zanit berdi nomeriň?!
Juwan duýgularmy eýläp janserek
Näme üçin zanit berdi nomeriň?!
“Megerem söýýäni bar bolsa gerek”
diýen pikir bilen urýardy ýürek.
Ýuwaşjadan gudok gitmegne derek
Näme üçin zanit berdi nomeriň?!
Men seniň keşbiňde görýärin bagty,
Seň bilen bolardy geljegim ýagty,
Ýöne aýt, gijäniň birmahal wagty
Näme üçin zanit berdi nomeriň?!
Ähli umydymy baglap bir jaňa
Şeýle bir howlugyp aýlapdym saňa,
Gel, indi baryny aýdaýda maňa
Näme üçin zanit berdi nomeriň?!