yazmyratmazy
15.11.2023 15:42

Ýene sowuk şemal gapymy kakdy,


Ýene öňküsi deý saraldy ýaprak.


Asmandan ýagyşlar sil bolup akdy,


Şol ýagyşlar bilen ezildi toprak.




Saralan ýapraklar döküldi ýere,


Olarsyz çyplaňja galdy agaçlar.


Şonda köne pikir dolandy sere-


Ýene ýada düşdi tüm gara saçlar!




Şol gara saçlyma bolupdym aşyk,


Bir gün aýra düşsem geçmezdi günüm.


Gör, indi nijeme menziller aşyp


Ol meniň ýanymdan çekipdir gümün.




Ýapraklaryň şaha dolanmaýşy dek


Söýgüm dolanmajak ýerne gidipdir.


Güýzde şabrap ýagan säher ýagşy dek


Birsalym eglenip gözden ýitipdir.




Seret, boşap galdy taldyr agaçlar,


Edil şonuň ýaly ýüregimem boş.


Meni terk eýledi tüm gara saçlar,


Hatda maňa diýmän ýeke agyz “Hoş!”




...Ýene sowuk şemal çaldyla ýüze,


Ýene yşk derdinden ýüregim dagly.


Saralan duýgulam meňzeýär güýze-


Ýa-da olar biri-birine bagly.

15
17
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.