Göwnümi bermedim galam gaşlara,
Sen meni terk edip gideliň bäri.
Gözümden akmadyk ganly ýaşlara
Ýüregmi gark edip gideliň bäri.
Öňküsi deý manyly däl günlerem,
Öňküsi deý açylmaýar güllerem,
Açylan bolsa-da bary sülleren,
Sen meni terk edip gideliň bäri.
Günler uzasa-da bahara sary
Ýürekde eränok fewralyň gary.
Özümde däl ýaly göwnümiň ýary
Sen meni terk edip gideliň bäri.
Bilýän, öňkülerden peseldi badym,
Gidire galmady elimde zadym,
Şonda-da ýürekden öçmedi adyň,
Sen meni terk edip gideliň bäri.