yanabayeva
04.02.2024 19:59
Söýüp başlar seni ejeň,
Peýda boldugyň garanynda.
Kakaň, peýda bolmazdan öň,
Söýüp başlar hyýalynda.
Ejeň, janyn howpa salyp,
Seni Äleme getirer.
Kakaň bagtyny unudyp,
Seni arzuwa ýetirer.
Ejeň ömür sowgat berer,
Kakaň ömrün sowgat eder.
Şeýle bahasyz serpaýam,
Gadyrsyzlar sowrup gider.
Ejeň seni dokuz aýlap,
Aýap garnynda göterer.
Kakaňa sen ölinçä ýük,
Göterip ömrün ötürer.
Ejeň kesel bolsaň aglar,
Kakaň kesellär aglasaň.
Özleri hiç duýdurmazlar,
Derdini özüň aňmasaň.
Aç etmezlik üçin geçer,
Ejeň gülleýän ýaşlygy.
Nädip ýeňmegi öwreder,
Kakaň şol elhenç açlygy.
Ejeň mähir dünýäsidir,
Kakaň dünýäniň mähridir.
Seni öňe itýän zatlar,
Şol iki dünýäň pähmidir.
Ejeň, aýbyňy ýaşyryp,
Üstüne alar günäňi.
Kakaň aýypsyz ömrüňe,
Geçer ömürlik güwäni.
Ýykylşyňdan gorkar ejeň,
Gorkysy Taňryň urmagy.
Kakaň haýbatly öwreder,
Ýykylyp, ýene turmagy.
Şolar barka has belentdir,
Köňülleň ganat ýaýmasy.
Gözellik aýnasy ejeň,
Kakaň hakykat aýnasy.
Ata, ata bolanyňda,
Enä, ene bolanyňda,
Düşünersiň agyr ýola,
Perzentleriňi salanyňda.
Ýok bolsa, ruhyn galkyndyr,
Bar bolsa görkez dünýäni.
Ejeň, kakaň gadry mydam,
Nur saçyp dursun Gün ýaly.
Awtor:Kerim Hally
25
46
yanabayeva
04.02.2024 14:30
Eje diýmänime, köp wagt geçdi,
Aý aýlanyp, günler ýyllara duşdy.
Seň bilen ýaşamak, uly bir güýçdi,
Ýürek gysýar, eje diýesim gelýä.
Çoýardyň ejemjan bizi gün ýaly,
Ýok sen indi, gezsem bütin dünýäni.
Käte görsem, saňa meňzeş enäni,
Şol pursatda, eje diýesim gelýä.
Allajan jaýyňy jennetden etsin,
Diýip doga edýän aglaýan sessiz,
Ynanaý ejemjan kyn eken sensiz,
Käte käte eje diýesim gelýä.
26
41
yanabayeva
01.02.2024 17:12
KAKAMA NIÝETLENEN MAŇYZLAR
Saparmyrat Türkmenbaşy.
Üç dogan bolup her ýyl erikler bişeninden erik şänigini çöpleýärdik. Özümiz erik iýsek-de, şänigini döwüp, maňzyny abatlygyna alyp, ýörite haltajyga salýardyk. Doganymyz Muhammetmyrada körpämiz diýip beräýmesek, özümiz iýmeýärdik, asla iýmelidir hem öýtmeýärdik.
Ol maňyzlary uruşdan halys ýadap geljek kakamyz iýmelidi. Obadan garyndaşlarymyz köp erik dagy getiräýse, guşumyz uçýardy. Ähli şänigini döwüp, maňzyny haltamyza salýardyk. Haltadaky maňzy mahal-mahal sanap görýärdik. Maňyzly halta ulalyp barýardy, biziň kakamyz bolsa gelmeýärdi...
Ýöne biziň ynanjymyz boýunça kakam hökman geläýmelidi we biziň maňyzlarymyzy görüp begenmelidi. Biz kakamyzyň näme diýjeginem bilýärdik:
-Bä-ä, siz uly iş edipsiňiz. Nyýazmyrat müň sany maňyz, Saparmyrat müň ýarym maňyz ýygnapdyr. Berekella, ogullarym, berekella.
Biz maňyz gowşurmaga taýýarlyk görýärdik. Muhammetmyrady kakamyň ýerinde oturdyp, oňa haltajykdaky maňzymyzy berýäs.
-Kakajan, ine, size maňyz taýýarlap goýdum. Örän süýji. Şundan iýseňizläň.
"Kakam"-Muhammetmyrat haltajyklary howlukman açýar. Olaryň hersinden birki maňyz dadyp görýär-de, minnetdarlyk bildirmäge başlaýar.
-Berekella, ogullarym. Berekella. Gaty süýji eken. Hany, sizem iýiň mundan. Munçasyny ýeke özüm iýip bilmen.
Kaka jan, biz köp iýdik-diýip, Nyýazmyrat "kakama" aýdýar.
-Nyýazmyrat dogry aýdýar, kaka. Bulary diňe siz iýiň. Biz siziň şu maňyzlary iýmegiňizi juda isleýäs. Her gün size garaşdyk, kaka. Kaka jan, iýseňizläň-diýip, men özelenýärin. "Kakam" ýene birki maňyz iýýär. Örän süýji. Nyýazmyrat bilen "kakamyň" maňyz iýşine seredip otyrys.
Adamyň arzuwlarynyň örän ujypsyzjasy hasyl bolýar. Biziňem köýen arzuwlarymyz gör näçe!
Kakama niýetlenen maňyzlar ýer titremesi zerarly kesegiň aşagynda galdy. Ol günlerden diňe maňyz deýin tagamly ýatlamalar galdy.
24
97