yanabayeva
06.02.2024 14:37
Gelin bilen ýigidi "garalamak" däbi(Şotlandiýa).
Şotlandiýada toýdan bir-iki gün öň oglanyň we gyzyň maşgala agzalary üýşüp, ýaş çatynjalaryň üstüne palçyk, çüýrän miwe oklaýarlar. Gelin bilen ýigidi "garalamak" toý däbinde ýaşlar biri-birini zyňylýan zatlardan goraýarlar. Üstbaşyň bulaşýandygyna garamazdan, bu toý däbi är-aýalyň ýüze çykyp biljek kynçylyklara taýýardygyny aňladýar.


Agaç kesmek dabarasy(Germaniýa). Nemes halkynyň däbinde durmuş gurýan oglan bilen gyz toý myhmanlaryň öňünde synagdan geçirilýär. Bu synag agaç kesmek arkaly geçirilýär. Durmuş gurýan oglan bilen gyz toý lybasynda ary (iki adamlyk uly byçgy) bilen agaç kesýärler. Agaç kesmek dabarasy är-aýalyň bilelikde päsgelçilikleri ýeňip geçip biljekdigini ýa-da bilmejekdigini görkezýär. Käte bu toý däbinde oglanyň ýa-da gyzyň agaç kesmekde ejizleýän pursatlaryna hem duş gelmek bolýar. Umuman, agaç kesmek dabarasyndan soň myhmanlar söz sözleýärler hem-de ýaşlary toý dabarasy bilen gutlaýarlar.


Ýigidiň dabanyny çybyklamak däbi(Koreýa).
Bu toý dabarasyndan soň, ýigidiň dostlary we maşgala agzalary onuň aýakgabyny we jorabyny çykaryp, topuguna hem-de dabanyna çybyk ýa-da kakadylan balyk bilen urýarlar. Şol wagt oglana soraglar hem berilýär. Bu toý däbi ýigidiň güýjüni we häsiýetini barlamaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem ýigidiň maşgala agzalary bilen özara gatnaşygy ýüze çykarýar.
25
167
sofii
6 Fewral 2024
@smiling_, hawa, hindiler oduň daşyndan 7 gezek aýlanyp, bir-birlerine nika antlaryny (kasamlaryny) berýärler
ddddd
6 Fewral 2024
Bizdede aylayalarm odun dasyndan mena birinji gezek estyan...haysy welayatda bar
Akram_Beshimov
6 Fewral 2024
Bizde oglan gyzy alawyñ (ýanyp duran oduñ) daşyndan 3 gezek aýlaýar toý güni
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.