yanabayeva
04.02.2024 19:59
Söýüp başlar seni ejeň,
Peýda boldugyň garanynda.
Kakaň, peýda bolmazdan öň,
Söýüp başlar hyýalynda.

Ejeň, janyn howpa salyp,
Seni Äleme getirer.
Kakaň bagtyny unudyp,
Seni arzuwa ýetirer.

Ejeň ömür sowgat berer,
Kakaň ömrün sowgat eder.
Şeýle bahasyz serpaýam,
Gadyrsyzlar sowrup gider.

Ejeň seni dokuz aýlap,
Aýap garnynda göterer.
Kakaňa sen ölinçä ýük,
Göterip ömrün ötürer.

Ejeň kesel bolsaň aglar,
Kakaň kesellär aglasaň.
Özleri hiç duýdurmazlar,
Derdini özüň aňmasaň.

Aç etmezlik üçin geçer,
Ejeň gülleýän ýaşlygy.
Nädip ýeňmegi öwreder,
Kakaň şol elhenç açlygy.

Ejeň mähir dünýäsidir,
Kakaň dünýäniň mähridir.
Seni öňe itýän zatlar,
Şol iki dünýäň pähmidir.

Ejeň, aýbyňy ýaşyryp,
Üstüne alar günäňi.
Kakaň aýypsyz ömrüňe,
Geçer ömürlik güwäni.

Ýykylşyňdan gorkar ejeň,
Gorkysy Taňryň urmagy.
Kakaň haýbatly öwreder,
Ýykylyp, ýene turmagy.

Şolar barka has belentdir,
Köňülleň ganat ýaýmasy.
Gözellik aýnasy ejeň,
Kakaň hakykat aýnasy.

Ata, ata bolanyňda,
Enä, ene bolanyňda,
Düşünersiň agyr ýola,
Perzentleriňi salanyňda.

Ýok bolsa, ruhyn galkyndyr,
Bar bolsa görkez dünýäni.
Ejeň, kakaň gadry mydam,
Nur saçyp dursun Gün ýaly.


Awtor:Kerim Hally
25
46
nabat_
4 Fewral 2024
🥰🥰🥰
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.