yanabayeva
01.02.2024 17:12
KAKAMA NIÝETLENEN MAŇYZLAR

Saparmyrat Türkmenbaşy.








Üç dogan bolup her ýyl erikler bişeninden erik şänigini çöpleýärdik. Özümiz erik iýsek-de, şänigini döwüp, maňzyny abatlygyna alyp, ýörite haltajyga salýardyk. Doganymyz Muhammetmyrada körpämiz diýip beräýmesek, özümiz iýmeýärdik, asla iýmelidir hem öýtmeýärdik.
Ol maňyzlary uruşdan halys ýadap geljek kakamyz iýmelidi. Obadan garyndaşlarymyz köp erik dagy getiräýse, guşumyz uçýardy. Ähli şänigini döwüp, maňzyny haltamyza salýardyk. Haltadaky maňzy mahal-mahal sanap görýärdik. Maňyzly halta ulalyp barýardy, biziň kakamyz bolsa gelmeýärdi...
Ýöne biziň ynanjymyz boýunça kakam hökman geläýmelidi we biziň maňyzlarymyzy görüp begenmelidi. Biz kakamyzyň näme diýjeginem bilýärdik:
-Bä-ä, siz uly iş edipsiňiz. Nyýazmyrat müň sany maňyz, Saparmyrat müň ýarym maňyz ýygnapdyr. Berekella, ogullarym, berekella.
Biz maňyz gowşurmaga taýýarlyk görýärdik. Muhammetmyrady kakamyň ýerinde oturdyp, oňa haltajykdaky maňzymyzy berýäs.
-Kakajan, ine, size maňyz taýýarlap goýdum. Örän süýji. Şundan iýseňizläň.
"Kakam"-Muhammetmyrat haltajyklary howlukman açýar. Olaryň hersinden birki maňyz dadyp görýär-de, minnetdarlyk bildirmäge başlaýar.
-Berekella, ogullarym. Berekella. Gaty süýji eken. Hany, sizem iýiň mundan. Munçasyny ýeke özüm iýip bilmen.
Kaka jan, biz köp iýdik-diýip, Nyýazmyrat "kakama" aýdýar.
-Nyýazmyrat dogry aýdýar, kaka. Bulary diňe siz iýiň. Biz siziň şu maňyzlary iýmegiňizi juda isleýäs. Her gün size garaşdyk, kaka. Kaka jan, iýseňizläň-diýip, men özelenýärin. "Kakam" ýene birki maňyz iýýär. Örän süýji. Nyýazmyrat bilen "kakamyň" maňyz iýşine seredip otyrys.
Adamyň arzuwlarynyň örän ujypsyzjasy hasyl bolýar. Biziňem köýen arzuwlarymyz gör näçe!
Kakama niýetlenen maňyzlar ýer titremesi zerarly kesegiň aşagynda galdy. Ol günlerden diňe maňyz deýin tagamly ýatlamalar galdy.
24
97
möjek_daýy🐺
1 Fewral 2024
@yanabayeva, gowysy cada barayyn
möjek_daýy🐺
1 Fewral 2024
@yanabayeva, niresinden siz
yanabayeva
1 Fewral 2024
@men_sho, hawa dz men
sazsoft
1 Fewral 2024
😔
möjek_daýy🐺
1 Fewral 2024
@yanabayeva siz dzly oydyan yalnyshmasam familiyanyza shona menzeya
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.