Polşaly Katažina Ýakubowski buz kubiklerinden doldurylan gutuda üç sagatdan gowrak wagt saklanyp, aýallaryň arasynda sowuga çydamlylyk boýunça rekord goýdy. 48 ýaşly türgeniň netijesi 3 sagat 6 minut 45 sekunt boldy.
Erkekleriň arasynda rekord onuň watandaşy Kşiştof Gaýewskä degişlidir – ol buzda 3 sagat 11 minut 27 sekunt boldy.
Rekord goýmazdan öň, Polşanyň ýaşaýjysy bu tejribäniň saglygyna ýaramaz täsir etmejekdigine göz ýetirmek üçin lukmançylyk barlaglaryndan geçdi. Synagdan öň ol üç türgenleşik synanyşygyndan geçip, öz bedeniniň temperaturasynyň üýtgemelerine syn etdi. Şeýle-de, Katažina kislorod terapiýasynyň, massažyň we öz-özüni ynandyrmagyň kömegi bilen taýýarlandy diýlip, Ginnesiň rekordlar kitabynda aýdylýar.