tsoltanova
05.06.2023 00:08
«Görkezdim» diýdigim, «gördi» diýdigim däldir.

«Aýtdym» diýdigim, «eşitdi» diýdigim däldir.

«Eşitdi» diýdigim, «dogry düşündi» diýdigim däldir.

«Düşündi» diýdigim, «makullady» diýdigim däldir.

«Makullady» diýdigim, «ynandy» diýdigim däldir.

«Ynandy» diýdigim, «ýerine ýetirdi» diýdigim däldir.

«Ýerine ýetirdi» diýdigim, «mydama ýerine ýetirer» diýdigim däldir.
25
158
tsoltanova
04.06.2023 10:50

 Çagany nähili terbiýelemeli? Çaganyň zehinini ýüze çykarmak, ruhy dünýäsini baýlaşdyrmak üçin maşgala terbiýesinde ýeke-täk, anyk bir ýoly hödürlemek mümkinmi? 

Çaga 2-3 aýlykdan üm alyşmaga, özüne gep atylmagyna, gürleşilmegine mätäçdir. Çagasy bilen köp gürleşýän eneler onuň aňynyň ösüşine uly ýardam edýär.

Köplenç uly adamlaryň çagalar bilen „çaga dilinde“ gürrüňleşmek edähedi bar. Meselem, üwwe içjekmi, honha enne… Şeýle ýagdaý çaganyň sözleýiş diliniň ösmegine ýaramaz täsir edýär. Dogry, dil çykaryp başlan çaganyň sözleýiş synalary gowşak ösensoň, ol käbir sözleri aýdyp bilmeýär. Ýöne munuň özi ulularyňam hut şol dilde gürlemelidigini aňlatmaýar. Çaga ulularça gepläp bilmese-de, ulularyň diline örän gowy düşünýär.

Ata-eneleriň ençemesi durmuşlarynda özleri üçin o diýen ähmiýetli bolmadyk adaty hadysalaryň çaga üçin gorkunç ahwalata öwrülip bilýändiginden habarsyz. Çaganyň ýanynda gorkunç gürrüňleri etmek çaga üçin zyýanlydygyna biziň gowy düşünmegimiz gerek. Hossarlarynyň her gün gaýtalanyp duran dawa-jenjeli, goh-galmagaly çaga nähili täsir edýändir öýdýäsiňiz? Dogry, çaga bu goh-galmagalyň manysyna düşünenok. Şeýle-de bolsa, sögünçler we käýinçler onuň duýgularyna gös-göni täsir edýär. Şeýle maşgalada ösen çaganyň kalby galagoply, dartgynly bolýar. Çaganyň irki ösüşine oňaýly täsir edýän edep är-aýalyň arasynda sazlaşykly gatnaşyk we öýde birek-birege ýakymlylyk döretmekdir.

Il arasynda: Oglum kakasy ýaly gyzma, Gyzym ejesine çekipdir, iş edişi harsal diýen ýaly gürrüňler gulagyňa degýär. Meselä siňe seretseň, gep çaganyň kimdir birine çekeninde däl. Çaga häsiýetinde duş gelýän ähli gowy-erbet hereketler onuň doglan gününden başlanýan terbiýä baglydyr.

Köp adamlar çaganyň ösüş döwründe oňa köp zat öwretmek, okatmak, ýazdyrmak bilen başagaý. Ýöne esasy zat çaga pikirlenmegi, oýlanmagy, netije çykarmagy öwretmeli. Ene-ata näme edýän bolsa, çaga bilen nähili gatnaşykda bolsa, şoňa görä çaganyň şahsyýeti kemala geler. Şonuň üçinem özüňi alyp barşyňa üns bermeli.

Eneler dümewlese, çaga ýokuşdyrmajak bolup azar ýamanyny görýärler. Ýöne olaryň käbiri öz häsiýetindäki kemçilikleri çagalaryna geçirmezlik barada aladalanmalydyr hem öýdenok.

Ata maşgalabaşy. Ol maşgalanyň aladasy bilen başagaý bolup, çagalary bilen ýakyndan söhbetdeş bolmaga, terbiýe bilen meşgullanmaga hemişe wagtam tapmaýar. Käbir çagalar bolsa kakasyny agşamlaryna we dynç günlerinde görýär. Şeýle ýagdaýlar hem çaga ýaramaz täsir edýär.

Çaga köpçülik bilen gatnaşykda bolan halatynda gowy häsiýetlere eýe bolup biler. Ejesi, kakasy, doganlary we beýlekiler bilen gatnaşykda bolmak çaganyň aňyny ösdürýär. Onda basdaşlyk, gürrüňdeşlik ýaly duýgular döreýär. Täze doglan çaga läliksiredilse, 2-3 ýaşyna ýetende özdiýenli häsiýete eýe bolup ýetişýär. Bu ýagdaýda çagany dogry terbiýe ýoluna salmak üçin bialaç temmi hem bermeli bolýar. Muny bolsa çaga ýokuş görýär. Şeýle nädogry gurlan terbiýäniň zyýanly netijesinden gutulmagyň, biziň pikirimizçe, ýekeje ýoly bar.

Entek bir ýaşyna ýetmänkä çaga tertip-düzgüni öwredip başlamaly. Sebäbi bu döwrüň içinde çaga temmileri göwnüne almaýar.

Çaga irki döwürde öz duýgularyny doly we anyk beýan edip bilmeýär. Şonuň üçinem ata-enäniň çaganyň ruhy ýagdaýyny ýüzünden okamak ukyby bolmalydyr.

Gaharyny getiren zada göz ýetirmän, çaga käýemek ýa üns bermezlik ony has-da garasöýmez we keçjallyk derejesine ýetirýär. Çagada gabanjaňlyk duýgusy ortaça 1,5 ýaşda döräp ugraýar. Ony dünýä täze inen doganjygy-da kejikdirip biler. Bu hasam ilkinji perzende mahsusdyr. Ol entek ýekekä hossarlaryny diňe özüniňki hasaplaýar. Çaga hatda özara gepleşip, özüne üns bermeýän ata-enesini-de gabanyp biler.

Çaganyň islendik kejikmesiniň öz sebäbi bardyr. Ata-ene çaganyň tersine gitmän, bu ýagdaýyň sebäplerini düzetmäge çalyşmalydyr. Käbir ata-eneler çagalar düşünmeýändir öýdüp, ýat adamlaryň ýanynda öz çagalarynyň kemçiliklerini aýdyberýärler. Muny çaga örän ýokuş görýär. Onuň päk, näzijek ýüreginde ata-enesine bolan kitüw döreýär. Şonuň üçinem köpçülikde şeýle ýagdaýyň döremegi gowulygyň peýdasyna däldir.

Dogumly, terbiýeli çaga körpelikden iş etmäge höwesli bolýar. Käte, aýdaly, çaga ejesine kömek bermek isleýär. Meselem, ejesi saçaga nahar daşap ýörkä onda hem şony etmek islegi döreýär. Eneleriň köpüsi bolsa muňa çyr-çytyr garşy çykýar: Goý, nahary dökersiň, okarany gaçyrarsyň, eliňi bişirersiň we ş.m. Eger ene çagasyna bir kiçijik okara sähelçe nahar guýup berse we äkitmäge rugsat berip: Gör, meniň ballym eýýäm uly adam bolupdyr, maňa kömek etmäge ýarapdyr diýse, çagajygyň göwni galkar, onuň ýüreginde şondan soň ejesine başardygyndan kömek etmek islegi oýanar.

Çaga adalatly we dogry baha bermek üçin, ony öz ruhy dünýäňe göçürmeli däl-de, özüň onuň ruhy dünýäsine görä hereket etmeli. Çagalara, köplenç ulularyň aýdýan zatlary däl-de, olaryň hereketleri, gylyk-häsiýetleri täsir edýär. 

Çagajyk entek siziň okap ýetişmedik gazetiňizi ýyrtypdyr diýeli. Sizem gaharyňyza bäs gelip bilmän, gazeti garbap alyp, çaga şarpyk çalsaňyz, ol näder? Tersine, onuň üçin örän gyzykly pişe bolan gazeti ýyrtmaga ýol berip, çagajygy ýa-ha bir köneräk gazeti tapyp berseňiz ýa-da oňa gazet ýyrtmagyň nädogrudygyny düşündirseňiz, bähbitli bolar. Ata enäniň durmuş ýolunyň mekdebe deňelmegi mizemejek bir hakykatyň üstüni açýar: mekdebiň terbiýe bermekdäki derejesine laýyklykda perzentler kemala gelýär. Perzendiň terbiýesiniň gözelligine, kemallylygyna laýyklykda ata-enäniň durmuş ýolunyň manysy, kämilligi ýüze çykýar. Terbiýe dünýäsi syrly dünýädir. Bu jadyly, syrly dünýäniň kämilliklerine aralaşmaga bolan çynlakaý çemeleşmelerimiz milli terbiýämizi gözelleşdirmekde, kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýedir.



40
876
tsoltanova
03.06.2023 10:49

Bagtyň psihologiýasy: Bagtly adamyň durmuşy üçin ýedi düzgün.

 Psihologlaryň pikiriçe, biz öz bagtymyzy döredijiler. Problemalaryñ, kynçylyklaryň aşagynda özüňi bagtly duýmak kyn. Russiýanyñ psihology Natalýa Şankina: "Näme bolsada optimist bolup galmaly" diýip belläp geçýär.

❕️Ir turmak- adam ir bilen turanda bagt gormonyny- serotonin gowy öndürülýär.

❕️Dogry iýmitlenmek- ir bilen hökman ertirlik ediniň. Bedende serotoniniň derejesini ýokarlandyrmaga kömek etjek iýmitler iýiñ. Bulara: hurma, peýnir, otlar, süýt önümleri, awokado, banan, deňiz önümleri, balyk, pomidor, ýertudana degişlidir.

❕️Fiziki işjeňlik- hökman sport zalynda ylgamak hökman däl, günde 30 minut ýöremek hem saglygyñyza peýdalydyr.Tebigata ýygy-ýygydan çykyň, tebigatyñ arassa howasyndan dem aljak boluñ, gezelenç ediñ, owadan ýerleri synlañ.

❕️Ýakymly emosiýalar- özüñize ýakymly we gyzykly adamlara köp wagtyñyzy geçiriñ. Ylham berýän, lezzet alýan hobby saýlañ. Bagtlylygyñyzy ýatdan çykarmaň, bagtyň diňe 10% -i daşky ýagdaýlaryň täsiri (girdeji derejesi, bilimiň hili, jemgyýetdäki ýagdaýy). Gözleglere görä adamlar bilen gowy we mähirli gatnaşyklar bagtyň subýektiw tejribesiniň merkezidigini görkezdi. Bagt daşarky gurşawyñ ýagdaýy däl-de, biziñ şol gurşawda durmuşymyzy nädip gurýandygymyza baglydyr.

❕️Hal- ýagdaýyñyza gözegçilik etmek- diňe fiziki däl, eýsem emosional ýagdaýynyza hem üns beriň. Käbir psihologiki meseläni çözüp bilmejekdigiňizi duýsaňyz, psihologa ýüz tutuň (aý borla geçer diýip ünsiz bolmañ).

❕️Hereketleri biraz haýalladyñ- durmuş gyssanmalary, howlukmalary, wagtyň ýoklugy bagtyň esasy duşmanlarydyr. Gatnaşyklar duýgulara mätäç, duýgulara wagt gerek. Durmuş gyssanmalary bolanda- ýokary tizlikli metroda barýarkak penjiräniň daşyndaky şäheriñ ýalpyldap görünişine meňzeýäris. Biz hiç zady duýmaýarys. Durmuşymyz bir tekizlik ýaly we biz manysyzlyk atly geň bir giňişlige çümýäris.

❕️Özüňizi we başgalary boluşy ýaly kabul etmek- özüňiziň we beýleki adamlaryň kemçilikleri we artykmaçlyklary bilen kabul etmegi başaryñ. Ýerliksiz tankytlar iki tarapada zyýanlydyr.

#Rus dilinden terjime eden @tsol_va.

44
705
tsoltanova
02.06.2023 16:14

Siz çagañyzy mylaýym we duýgudaş adam edip terbiýelemek isleýäñizmi? Nädip? Egoistmi ýa-da altruistmi? 
Egoistlik- bu adamyň özüni alyp barşynyň sosial taýdan ýazgarylýan görnüşidir. Adatça beýle adamlary jemgyýetde halanmaýar sebäbi bular diñe öziniñ peýdasyny oýlaýan, şonuñ üçin hereket edýän adamlar bolup durýar.
Altruizm- beýle adamlar jemgyýetde her tarapdan höweslendirilýär we öwülýär. Bular köp ýagdaýda başgalaryñ aladasy üçin hereket edip bilýän adamlardyr.
Kä ýagdaýlarda biri  başgalar bilen bir zat paýlaşmak islemeýän bolsa, muny köpler negatiw hereket hökmünde kabul edýärler. Beýle ýagdaýy kabul etmegiň iki sany umumy düşünjesi bar: 
1. Egosentrizm- bir adam diňe öz zerurlyklaryna gönükdirilen bolsa.
2. Altruizm- adam hemişe öz bähbidini başgalar üçin pida edende.
Siz çagañyza gowy diñleýjimi? Çagañyz bilen nähili gürrüñdeşlik geçmeli?
Dünýäde köp ene- atalar çagasy bilen ýakyn gürrüñdeşlik geçmegi. Olar bilen öz aralarynda arzuwlaryny, maksatlaryny, içki syrlaryny paýlaşmagyny arzuw edýär. Ýöne köplenç çagasynyñ durmuşynda bolup geçýän zatlary iň soňky adam bolup bilýäler. Näme üçin çagalar käwagt ýürekden gürleşmek islemeýärler? Psiholog Marianna Iwlewa şeýle düşündiriş berýär: 
- ene-ata we çaganyñ arasyndaky içki gürrüñdeşlige  bolan ynamy çagada güýçlendirmek üçin ene- atalar ýetginjeklik ýaly kyn döwründe, çagasyny içgin gürrüñdeşlik geçmek endiklerini özleşdirmeli.
 ● Içgin gürrüñdeşlik geçmek- bu psiholog Julia Gippenreiter tarapyndan girizilen düşünjedir, ene-atalar muny hökman etmeli. Bu çagaňyzyň nähili ýaşaýandygyny, kalbynda hakykatdanam nämeleriň bolup geçýändigini, nämä mätäçdigini düşünmegiň ýeke-täk usulydyr. Içgin gürrüñdeşlik geçmege başgaça beden bilen diňlemek hem diýilýär, sebäbi çaganyň bize iberýän beden alamatlary aýdyň bolýar. Olar köplenç habaryň düýp manysyny açýarlar, bolup geçýän zatlary aýdyň görkezýärler. Käteler hemme zat gowy diýen ýüzsowmalaryñ  aňyrsynda hem kömek sorap bilerler.
Çagañyz bilen ýürekden gürleşiñ-psihologlar içgin gürrüñdeşlik geçmegiñ birnäçe mehanizmini kesgitleýärler:
✔️Açyk boluñ- söhbetdeş bolmazdan ozal siz çagañyz bilen ýüzbe-ýüz boluñ, çaganyñ gözleri bilen aragatnaşyk saklajak boluñ.
✔️Özara düşünşik geçiñ- söhbetdeşlik wagtynda takyk soraglary berjek boluñ. Şol bir wagtyň özünde, jikme-jik jogaby teklip ediñ.
 ✔️Emosiýa- mylakatlylygyñ peýda bolmagy üçin emosional rezonans girizip bilmegiñiz zerur. Çagañyzyñ hereketlerini, ýüz keşbini gaýtalap bilersiňiz. Ýöne muny bilgeşleýin etmäň, esasy zat çagañyzyñ duýgularyny ele alyp bilmek we oňa parodiýa etmezlik.
✔️Parafrasiýa- aýdanlaryny düşünişmek üçin eşiden sözleriñiz gaýtalap bilersiňiz. Hemme zada düşündimmi? Bu jikme-jiklikleri aýdyňlaşdyrmaga, ýagdaýa we çaganyñ duýgularyna dogry düşünmäge kömek eder.
 ✔️Mylakatlylyk- çagany tankytlamaň (tankytda gülkünçlik, höküm görnüşi we ş.m.) bar.
 ✔️Bellikler- bu kemçilikleri görkezmek üçin däl-de, olaryň gatnaşygyny tassyklamak üçin niýetlenendir, meselem: men saňa düşünýärin, menem özümi señ ýeriñde goýup görýärin.
 Çagañyza gowy diñleýji bolmakda aç-açanlygy ýatyrjak, ene-ata we çaga gatnaşygyny daşlaşdyrjak birnäçe zatlar bar:
❗️Wagtyňyz ýok bolsa, çagañyz bilen gürrüñdeşlige başlamaň. Gürrüñiñ iñ möhüm ýerinde, men howlukýaryn, seni başga bir gezek diñlärin diýseňiz has erbet yagdaýa salarsyñyz. Çagañyz öz ýanyndan gaharlanar we netijede aragatnaşygy düýbünden bes edip biler.
 ❗️Soramaň, düşündiriň. Köplenç çagalar soraglardan ýadap gaçmak bilen bolar, düşündiriñ, mysallar getiriñ.
Maslahat bermäň- bu iň agyr ýagdaýa salyp biler. Köplenç ene-ata, çagasyna kömek etmek islände ilki bilen  maslahat bermegi makul bilýär. Ýöne çaga sizden gatnaşmagyňyzy, meselä emosional goşulmagy, rehimdarlygy garaşýar. Men seniň ýeriňde bolamda beýderdim, eýderdim ..., näme üçin beýle däl ..., muny beýle etmeli ..., bu maslahatlar çaga huşsuz derejede gahar-gazap döredip biler. 
 ❗️Ene-atalar köplenç özleriniň has tejribeli, akylly, ähmiýetlidigine ynanýarlar, ýöne ilki bilen çagañyzy diňlemegide başarmaly, ynanmaly. Olara ene-ata we çaga arasyndaky berk ynam galasyny gurup bilmeli. Kiçijik adamjyk ene-atasyndan duýgudaşlyk gözleýär, hakyky gürrüñdeşlik geçmegi islär, emma gorkysy dörär. 
Ene-atalaryñ çagalaryndan uzaklaşdyrýan hereketleri:

 ❌️Buýruk bermek- indi isterikany bes et! Bu ýerde çaganyñ duýgusy çym-pytrak edilýär.
❌️Haýbat atmak- islendik ýagdaýda maksadyňyza ýetmek üçin çagany gorkuzýan ýaly bolýarsyňyz.
❌️Dynuwsyz ahlaklygy gaýtalamak- saña näçe gezek aýtdym ...,  men saña duýduryş berdim ... Bu gaýtalamalar çagany ýadadyp biler, biraz olaryda öz erkine goýmaly. 
❌️Köp tankytlamak- käbir ene-atalar özüni ýokary galdyrmak üçin çagasyny  kemsidip bilýär, gynandyryjy tarapy kemsidýänine düşünmeýärlerem.
 ❌️Hakykaty bilmän çaklamak- dostuñ bilen sögüşdiñ şoñ üçinem keýpiñ ýokmy we.ş.m. Siziñ maksadyñyz bu ýerde bolup geçýän wakalara öz düşünjäňizi tapmak, meselä göz aýlamazdan.
  Çagalara üns, düşünmek gerek olary edil özüñiz ýaly uly adam mysalynda kabul etmek gerek. Käwagt biziñ kiçijik bir ýagdaý diýip ünsden düşürýän biperwaýlygymyz, olar üçin uly hereket bolup bilýär. Çaganyñ jemgyýetde öz ornuny kämil derejede tapyp bilmegi üçin- ilki bilen özüñiz oña maşgalada dogry orun bermeli.

44
766
tsoltanova
01.06.2023 19:31

Dismorfobiýa.

Dismorfobiýa sindromy, adamyň daş keşbine aşa alada edýän, öz bedeniniň aýratynlyklaryna ýeterlik baha berip bilmeýän we uzakdaky kemçilikleri düzetmek üçin ähli zady edýän akyl ýagdaýydyr. Adam islendik üýtgeşmelere garamazdan daş keşbinden nägileligini bildirýär. Dismorfobiýa sindromy aýallarda, erkeklerde-de, has-da ýetginjeklikde ýüze çykýar.

Dismorfofobiýa ýer ýüzündäki adamlaryň 1-3% -ine mahsusdyr. Bu näsazlykdan ejir çekýänleriň köpüsi gözellik klinikalarynda ýygy-ýygydan bolýar.  Iň soňunda ideal (aktrisa, model, anime keşbi ýa-da gurjak) ýaly bolmak üçin ýüzlerinde, bedeninde sansyz amallar edip, bedenini aşa ýokary derejä çykarýarlar, sebäbi dikeldiş ukybymyz çäklidir.  Şonuň üçin dogruçyl estetiki hirurglar beýle hassalary psihiatrlara gönükdirip, ýüz öwürýärler.

Bu näsazlyk köp ugurly. Genetika onuň ösmegine, şeýle hem fiziologiki aýratynlyklara sebäp bolup biler, mysal üçin beýniniň ösüşindäki anomaliýalar ýa-da neýrotransmitterleriň dogabitdi ýetmezçiligi, ilkinji nobatda nesil yzarlaýan serotoniniň deňsizligi. Käbir akyl bozulmalary hem rol oýnaýar - depressiýa, umumy aladalanma bozulmasy, şizofreniýa.

Maşgalada çaganyñ tankytlanmagy, pedagogiki ýalñyşlyklaryñ göyberilmegi, çagalryñ mekdepde, köpçilikde deñ-duşlarynyñ arasynda daş keşbini kemsidilmegi başlangyçlary bolup biler. Dismorfobiýa adamy diňe izolýasiýa däl, eýsem jemgyýetçilik häsiýetine, alkogol içgilerine, ahlaksyzlyga we käwagt öz janyna kast etmäge hem itergi berip biler.

 Keseliň öňüni almak üçi ilki bilen maşgalada sagdyn, mähirli, ynamly gatnaşyklary gurmakdyr, bu bolsa özüňe ýeterlik hormat goýulmagyna goşant goşýar, soñra çaganyň gowy sosiallaşmagy. Aragatnaşyk meselesi näçe az bolsa, dostlaryň we tanyşlaryň topary näçe giň bolsa, geljekde psihoterapewtiň hassasy bolmak mümkinçiligi şonça-da pes bolar. Çagalara daşky keşbi gelşiksiz bolsada uly üstünlige ýeten beýik adamlary tanadyñ, gürrüñ beriñ. Bu meselede oňa kömek etmek zerur. Bu näsazlyk eýýäm emele gelen bolsa, lukmançylyk kömegi bolmazdan bejerip bolmaz. Esasy zat, adamyň özüni we daşky görnüşini kabul etmegi. Dismorfobiýa akyl bozulmalary bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Bejergi hünärmeniň gözegçiligi astynda geçirilmelidir.

Dismorfobiýany ýüze çykarýan alamatlar:

● Uzak wagtlap aýna seretmek.

● Surata almakdan ýüz öwürmek.Surata düşmegi halamok, fotogen däl, ýeterlik uky almadym, keýpim ýok, başga bir gezek.. ýaly bahanalar. Beýle adamlaryñ öýünde suratlaryny hiç haçan görnükli ýerde, hatda maşgala albomynda-da tapyp bilmersiňiz.

● Utanjyny tassyklatjak bolmagy. IMysal üçin, hakykatdanam aşa uzyn burnum ýa-da doňuz gözlerim barmy diýip, yzgider ýakynlaryndan soramagy. Emma, munuň beýle däldigini näçe aýtsalar-da, ynanmaýar.

● Emosional bozulmalardan ejir çekýär. Köplenç bular öz-özüne hormat goýmaýan, utanjaň, tankytlara duýgur, gaharjaň adamlar. Depressiýa, alada bozulmalaryna ýykgyn edýärler.

● Diýeta, kosmetika, moda aşa endik eden. Makiýaź ýa-da geýinmegiñ birnäçe sagat wagt almagy.



43
591
tsoltanova
01.06.2023 10:10

Mesele bir işiñ kynlygy däl-de, ýanyñyzda elmydama sizi goldajak birisiniñ bolmagy.

24
332