tsoltanova
04.06.2023 10:50

 Çagany nähili terbiýelemeli? Çaganyň zehinini ýüze çykarmak, ruhy dünýäsini baýlaşdyrmak üçin maşgala terbiýesinde ýeke-täk, anyk bir ýoly hödürlemek mümkinmi? 

Çaga 2-3 aýlykdan üm alyşmaga, özüne gep atylmagyna, gürleşilmegine mätäçdir. Çagasy bilen köp gürleşýän eneler onuň aňynyň ösüşine uly ýardam edýär.

Köplenç uly adamlaryň çagalar bilen „çaga dilinde“ gürrüňleşmek edähedi bar. Meselem, üwwe içjekmi, honha enne… Şeýle ýagdaý çaganyň sözleýiş diliniň ösmegine ýaramaz täsir edýär. Dogry, dil çykaryp başlan çaganyň sözleýiş synalary gowşak ösensoň, ol käbir sözleri aýdyp bilmeýär. Ýöne munuň özi ulularyňam hut şol dilde gürlemelidigini aňlatmaýar. Çaga ulularça gepläp bilmese-de, ulularyň diline örän gowy düşünýär.

Ata-eneleriň ençemesi durmuşlarynda özleri üçin o diýen ähmiýetli bolmadyk adaty hadysalaryň çaga üçin gorkunç ahwalata öwrülip bilýändiginden habarsyz. Çaganyň ýanynda gorkunç gürrüňleri etmek çaga üçin zyýanlydygyna biziň gowy düşünmegimiz gerek. Hossarlarynyň her gün gaýtalanyp duran dawa-jenjeli, goh-galmagaly çaga nähili täsir edýändir öýdýäsiňiz? Dogry, çaga bu goh-galmagalyň manysyna düşünenok. Şeýle-de bolsa, sögünçler we käýinçler onuň duýgularyna gös-göni täsir edýär. Şeýle maşgalada ösen çaganyň kalby galagoply, dartgynly bolýar. Çaganyň irki ösüşine oňaýly täsir edýän edep är-aýalyň arasynda sazlaşykly gatnaşyk we öýde birek-birege ýakymlylyk döretmekdir.

Il arasynda: Oglum kakasy ýaly gyzma, Gyzym ejesine çekipdir, iş edişi harsal diýen ýaly gürrüňler gulagyňa degýär. Meselä siňe seretseň, gep çaganyň kimdir birine çekeninde däl. Çaga häsiýetinde duş gelýän ähli gowy-erbet hereketler onuň doglan gününden başlanýan terbiýä baglydyr.

Köp adamlar çaganyň ösüş döwründe oňa köp zat öwretmek, okatmak, ýazdyrmak bilen başagaý. Ýöne esasy zat çaga pikirlenmegi, oýlanmagy, netije çykarmagy öwretmeli. Ene-ata näme edýän bolsa, çaga bilen nähili gatnaşykda bolsa, şoňa görä çaganyň şahsyýeti kemala geler. Şonuň üçinem özüňi alyp barşyňa üns bermeli.

Eneler dümewlese, çaga ýokuşdyrmajak bolup azar ýamanyny görýärler. Ýöne olaryň käbiri öz häsiýetindäki kemçilikleri çagalaryna geçirmezlik barada aladalanmalydyr hem öýdenok.

Ata maşgalabaşy. Ol maşgalanyň aladasy bilen başagaý bolup, çagalary bilen ýakyndan söhbetdeş bolmaga, terbiýe bilen meşgullanmaga hemişe wagtam tapmaýar. Käbir çagalar bolsa kakasyny agşamlaryna we dynç günlerinde görýär. Şeýle ýagdaýlar hem çaga ýaramaz täsir edýär.

Çaga köpçülik bilen gatnaşykda bolan halatynda gowy häsiýetlere eýe bolup biler. Ejesi, kakasy, doganlary we beýlekiler bilen gatnaşykda bolmak çaganyň aňyny ösdürýär. Onda basdaşlyk, gürrüňdeşlik ýaly duýgular döreýär. Täze doglan çaga läliksiredilse, 2-3 ýaşyna ýetende özdiýenli häsiýete eýe bolup ýetişýär. Bu ýagdaýda çagany dogry terbiýe ýoluna salmak üçin bialaç temmi hem bermeli bolýar. Muny bolsa çaga ýokuş görýär. Şeýle nädogry gurlan terbiýäniň zyýanly netijesinden gutulmagyň, biziň pikirimizçe, ýekeje ýoly bar.

Entek bir ýaşyna ýetmänkä çaga tertip-düzgüni öwredip başlamaly. Sebäbi bu döwrüň içinde çaga temmileri göwnüne almaýar.

Çaga irki döwürde öz duýgularyny doly we anyk beýan edip bilmeýär. Şonuň üçinem ata-enäniň çaganyň ruhy ýagdaýyny ýüzünden okamak ukyby bolmalydyr.

Gaharyny getiren zada göz ýetirmän, çaga käýemek ýa üns bermezlik ony has-da garasöýmez we keçjallyk derejesine ýetirýär. Çagada gabanjaňlyk duýgusy ortaça 1,5 ýaşda döräp ugraýar. Ony dünýä täze inen doganjygy-da kejikdirip biler. Bu hasam ilkinji perzende mahsusdyr. Ol entek ýekekä hossarlaryny diňe özüniňki hasaplaýar. Çaga hatda özara gepleşip, özüne üns bermeýän ata-enesini-de gabanyp biler.

Çaganyň islendik kejikmesiniň öz sebäbi bardyr. Ata-ene çaganyň tersine gitmän, bu ýagdaýyň sebäplerini düzetmäge çalyşmalydyr. Käbir ata-eneler çagalar düşünmeýändir öýdüp, ýat adamlaryň ýanynda öz çagalarynyň kemçiliklerini aýdyberýärler. Muny çaga örän ýokuş görýär. Onuň päk, näzijek ýüreginde ata-enesine bolan kitüw döreýär. Şonuň üçinem köpçülikde şeýle ýagdaýyň döremegi gowulygyň peýdasyna däldir.

Dogumly, terbiýeli çaga körpelikden iş etmäge höwesli bolýar. Käte, aýdaly, çaga ejesine kömek bermek isleýär. Meselem, ejesi saçaga nahar daşap ýörkä onda hem şony etmek islegi döreýär. Eneleriň köpüsi bolsa muňa çyr-çytyr garşy çykýar: Goý, nahary dökersiň, okarany gaçyrarsyň, eliňi bişirersiň we ş.m. Eger ene çagasyna bir kiçijik okara sähelçe nahar guýup berse we äkitmäge rugsat berip: Gör, meniň ballym eýýäm uly adam bolupdyr, maňa kömek etmäge ýarapdyr diýse, çagajygyň göwni galkar, onuň ýüreginde şondan soň ejesine başardygyndan kömek etmek islegi oýanar.

Çaga adalatly we dogry baha bermek üçin, ony öz ruhy dünýäňe göçürmeli däl-de, özüň onuň ruhy dünýäsine görä hereket etmeli. Çagalara, köplenç ulularyň aýdýan zatlary däl-de, olaryň hereketleri, gylyk-häsiýetleri täsir edýär. 

Çagajyk entek siziň okap ýetişmedik gazetiňizi ýyrtypdyr diýeli. Sizem gaharyňyza bäs gelip bilmän, gazeti garbap alyp, çaga şarpyk çalsaňyz, ol näder? Tersine, onuň üçin örän gyzykly pişe bolan gazeti ýyrtmaga ýol berip, çagajygy ýa-ha bir köneräk gazeti tapyp berseňiz ýa-da oňa gazet ýyrtmagyň nädogrudygyny düşündirseňiz, bähbitli bolar. Ata enäniň durmuş ýolunyň mekdebe deňelmegi mizemejek bir hakykatyň üstüni açýar: mekdebiň terbiýe bermekdäki derejesine laýyklykda perzentler kemala gelýär. Perzendiň terbiýesiniň gözelligine, kemallylygyna laýyklykda ata-enäniň durmuş ýolunyň manysy, kämilligi ýüze çykýar. Terbiýe dünýäsi syrly dünýädir. Bu jadyly, syrly dünýäniň kämilliklerine aralaşmaga bolan çynlakaý çemeleşmelerimiz milli terbiýämizi gözelleşdirmekde, kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýedir.



40
876
ayam
21 Iýun 2023
Caga ulularyn gepine gosulmaly dal
zubi
10 Iýun 2023
Ilki bn söýmegi we rehimdarlygy öwretmeli şul iki duýgyny öwrenen çaga hiçhaçan erbet ynsan bolmaz
jema
7 Iýun 2023
Cagalary urmanjyk nace mahirli bolup terbiyelesen gowy sonna akylly caga bolyar ozun mahirli bolsan caganam sennen terbiye alyar
omrim
5 Iýun 2023
Caga esasy ejeden terbiye alyar kakadan cekinmeli ejeden terbiye almaly
durdane
5 Iýun 2023
Ezizjan, goşulsa gowy bolar. Olaryňam öz dünýäjigi,öz pikirleri bar. Olaram diňlemeli. Gerek ýerinde gurruňe goşulmagy başarýan çaga ulalanda etjegni bilmeýänlerden bolmaz diýip pikir edýan.
inci
5 Iýun 2023
Ezizjan, men pikirimce caganam içinde yaşayan masgalasyna degisli meselelerde soz haky bar
jeren_k
5 Iýun 2023
Ezizjan, Goşulmazlygy
Ezizjan
5 Iýun 2023
Yene bir zat dasary yurlarda iki Adam geplesip Duran bolsa Caga gepe gosulsa ikisi hem cagany dinleyar bizde bolsa sylansykly caga gepe gosulmayar haysy dogryka bularyň Cagaň pikirimi yada gosulmazzylygymyka?
mandarin
4 Iýun 2023
Eger sen kicika cagana dozmesen ol cagan ulalanda sana dozer.
durdane
4 Iýun 2023
Gelinler çagalaryna saçagyň başynda özüni alyp barmagyň düzgünlerini öwretseler köpçülikde we toýlarda çagalaryndan ýüzleri gyzmazdy.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.