tsoltanova
02.06.2023 16:14

Siz çagañyzy mylaýym we duýgudaş adam edip terbiýelemek isleýäñizmi? Nädip? Egoistmi ýa-da altruistmi? 
Egoistlik- bu adamyň özüni alyp barşynyň sosial taýdan ýazgarylýan görnüşidir. Adatça beýle adamlary jemgyýetde halanmaýar sebäbi bular diñe öziniñ peýdasyny oýlaýan, şonuñ üçin hereket edýän adamlar bolup durýar.
Altruizm- beýle adamlar jemgyýetde her tarapdan höweslendirilýär we öwülýär. Bular köp ýagdaýda başgalaryñ aladasy üçin hereket edip bilýän adamlardyr.
Kä ýagdaýlarda biri  başgalar bilen bir zat paýlaşmak islemeýän bolsa, muny köpler negatiw hereket hökmünde kabul edýärler. Beýle ýagdaýy kabul etmegiň iki sany umumy düşünjesi bar: 
1. Egosentrizm- bir adam diňe öz zerurlyklaryna gönükdirilen bolsa.
2. Altruizm- adam hemişe öz bähbidini başgalar üçin pida edende.
Siz çagañyza gowy diñleýjimi? Çagañyz bilen nähili gürrüñdeşlik geçmeli?
Dünýäde köp ene- atalar çagasy bilen ýakyn gürrüñdeşlik geçmegi. Olar bilen öz aralarynda arzuwlaryny, maksatlaryny, içki syrlaryny paýlaşmagyny arzuw edýär. Ýöne köplenç çagasynyñ durmuşynda bolup geçýän zatlary iň soňky adam bolup bilýäler. Näme üçin çagalar käwagt ýürekden gürleşmek islemeýärler? Psiholog Marianna Iwlewa şeýle düşündiriş berýär: 
- ene-ata we çaganyñ arasyndaky içki gürrüñdeşlige  bolan ynamy çagada güýçlendirmek üçin ene- atalar ýetginjeklik ýaly kyn döwründe, çagasyny içgin gürrüñdeşlik geçmek endiklerini özleşdirmeli.
 ● Içgin gürrüñdeşlik geçmek- bu psiholog Julia Gippenreiter tarapyndan girizilen düşünjedir, ene-atalar muny hökman etmeli. Bu çagaňyzyň nähili ýaşaýandygyny, kalbynda hakykatdanam nämeleriň bolup geçýändigini, nämä mätäçdigini düşünmegiň ýeke-täk usulydyr. Içgin gürrüñdeşlik geçmege başgaça beden bilen diňlemek hem diýilýär, sebäbi çaganyň bize iberýän beden alamatlary aýdyň bolýar. Olar köplenç habaryň düýp manysyny açýarlar, bolup geçýän zatlary aýdyň görkezýärler. Käteler hemme zat gowy diýen ýüzsowmalaryñ  aňyrsynda hem kömek sorap bilerler.
Çagañyz bilen ýürekden gürleşiñ-psihologlar içgin gürrüñdeşlik geçmegiñ birnäçe mehanizmini kesgitleýärler:
✔️Açyk boluñ- söhbetdeş bolmazdan ozal siz çagañyz bilen ýüzbe-ýüz boluñ, çaganyñ gözleri bilen aragatnaşyk saklajak boluñ.
✔️Özara düşünşik geçiñ- söhbetdeşlik wagtynda takyk soraglary berjek boluñ. Şol bir wagtyň özünde, jikme-jik jogaby teklip ediñ.
 ✔️Emosiýa- mylakatlylygyñ peýda bolmagy üçin emosional rezonans girizip bilmegiñiz zerur. Çagañyzyñ hereketlerini, ýüz keşbini gaýtalap bilersiňiz. Ýöne muny bilgeşleýin etmäň, esasy zat çagañyzyñ duýgularyny ele alyp bilmek we oňa parodiýa etmezlik.
✔️Parafrasiýa- aýdanlaryny düşünişmek üçin eşiden sözleriñiz gaýtalap bilersiňiz. Hemme zada düşündimmi? Bu jikme-jiklikleri aýdyňlaşdyrmaga, ýagdaýa we çaganyñ duýgularyna dogry düşünmäge kömek eder.
 ✔️Mylakatlylyk- çagany tankytlamaň (tankytda gülkünçlik, höküm görnüşi we ş.m.) bar.
 ✔️Bellikler- bu kemçilikleri görkezmek üçin däl-de, olaryň gatnaşygyny tassyklamak üçin niýetlenendir, meselem: men saňa düşünýärin, menem özümi señ ýeriñde goýup görýärin.
 Çagañyza gowy diñleýji bolmakda aç-açanlygy ýatyrjak, ene-ata we çaga gatnaşygyny daşlaşdyrjak birnäçe zatlar bar:
❗️Wagtyňyz ýok bolsa, çagañyz bilen gürrüñdeşlige başlamaň. Gürrüñiñ iñ möhüm ýerinde, men howlukýaryn, seni başga bir gezek diñlärin diýseňiz has erbet yagdaýa salarsyñyz. Çagañyz öz ýanyndan gaharlanar we netijede aragatnaşygy düýbünden bes edip biler.
 ❗️Soramaň, düşündiriň. Köplenç çagalar soraglardan ýadap gaçmak bilen bolar, düşündiriñ, mysallar getiriñ.
Maslahat bermäň- bu iň agyr ýagdaýa salyp biler. Köplenç ene-ata, çagasyna kömek etmek islände ilki bilen  maslahat bermegi makul bilýär. Ýöne çaga sizden gatnaşmagyňyzy, meselä emosional goşulmagy, rehimdarlygy garaşýar. Men seniň ýeriňde bolamda beýderdim, eýderdim ..., näme üçin beýle däl ..., muny beýle etmeli ..., bu maslahatlar çaga huşsuz derejede gahar-gazap döredip biler. 
 ❗️Ene-atalar köplenç özleriniň has tejribeli, akylly, ähmiýetlidigine ynanýarlar, ýöne ilki bilen çagañyzy diňlemegide başarmaly, ynanmaly. Olara ene-ata we çaga arasyndaky berk ynam galasyny gurup bilmeli. Kiçijik adamjyk ene-atasyndan duýgudaşlyk gözleýär, hakyky gürrüñdeşlik geçmegi islär, emma gorkysy dörär. 
Ene-atalaryñ çagalaryndan uzaklaşdyrýan hereketleri:

 ❌️Buýruk bermek- indi isterikany bes et! Bu ýerde çaganyñ duýgusy çym-pytrak edilýär.
❌️Haýbat atmak- islendik ýagdaýda maksadyňyza ýetmek üçin çagany gorkuzýan ýaly bolýarsyňyz.
❌️Dynuwsyz ahlaklygy gaýtalamak- saña näçe gezek aýtdym ...,  men saña duýduryş berdim ... Bu gaýtalamalar çagany ýadadyp biler, biraz olaryda öz erkine goýmaly. 
❌️Köp tankytlamak- käbir ene-atalar özüni ýokary galdyrmak üçin çagasyny  kemsidip bilýär, gynandyryjy tarapy kemsidýänine düşünmeýärlerem.
 ❌️Hakykaty bilmän çaklamak- dostuñ bilen sögüşdiñ şoñ üçinem keýpiñ ýokmy we.ş.m. Siziñ maksadyñyz bu ýerde bolup geçýän wakalara öz düşünjäňizi tapmak, meselä göz aýlamazdan.
  Çagalara üns, düşünmek gerek olary edil özüñiz ýaly uly adam mysalynda kabul etmek gerek. Käwagt biziñ kiçijik bir ýagdaý diýip ünsden düşürýän biperwaýlygymyz, olar üçin uly hereket bolup bilýär. Çaganyñ jemgyýetde öz ornuny kämil derejede tapyp bilmegi üçin- ilki bilen özüñiz oña maşgalada dogry orun bermeli.

44
766
jema
7 Iýun 2023
Caga hic wagt yalan sozlemeyar bolmanna 7,8 yasa cenli doly dinlemeli
jumaly
3 Iýun 2023
Gowy maslahat
Akgyz💗
3 Iýun 2023
Gowy maglumatlar eken👍👍👍👍
bamy
2 Iýun 2023
Örän gowy maslahat
yurek
2 Iýun 2023
Sizde caga bardyrda ene ata ucin in gerekli maslahatlar sular bolsa gerek
okyjy dz
2 Iýun 2023
Sagboluñ,maña gaty zerurdy şu maslahatlar edil şuşuwagt👍🏼👍🏼👍🏼
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.