tmyigit76
17.03.2024 12:06

Bu zat näme? Nähili işi ýerine ýetirýär?



Zarýad beriş kabelindäki bu silindr näme we nämä hyzmat edýär?

Bu surat size tanyş ýaly bolup biler. Sebäbi käbir noutbuklar we beýleki köp sanly elektron enjamlary zarýad bermekde ýa-da şnurda kiçijik plastmassa silindr bar. Kabellerdäki bu silindr bölegi takyk näme edýär, onuň wezipesi näme? Bu postda biz oňa serederis.

Kompýuterler üçin zarýad berijileriň indi dürli dizaýnlarda we dürli funksiýalarda biz üçin elýeterli. Käbir zarýad beriş kabellerinde parazit basma süzgüç diýilýän plastmassadan ýasalan kiçijik silindr bar.

Bu süzgüç, beýleki elektron enjamlarynyň işjeňliginiň bozulmazlygyny üpjün etmek üçin döredildi. Noutbuklar ýaly enjamlar açylanda elektromagnit tolkunlary öndürýär. Bular zarýad kabeli arkaly daşky gurşawa geçirilýär. Bu beýleki tehniki enjamlarda "kurtka tolkunlary" diýilýän parazitlere sebäp bolup biler. Beýleki zatlaryň arasynda WLAN şol bir tolkun uzynlygynda ýa-da şol bir ýygylykda ýaýrasa, ýoýulyp bilner.

Parazit basma süzgüji elektromagnit tolkunlary siňdirýär

Parazit basmak süzgüji elektromagnit tolkunlaryň ýaýramagynyň öňüni almak wezipesine eýedir. Ferrit geçiriji däl ýa-da elektrik geçiriji däl material bolany üçin, içerde oturdylan ferrit ýadrosy arkaly elektromagnit tolkunlaryň ýatyrylmagyny (zyýansyzlan- dyrylmagyny) üpjün edýär. Zarýad beriş kabeli ferrit ýadrosyndan geçýär, şeýlelik bilen elektromagnit tolkunlary siňdirýär we öz işini ýerine ýetirýär.


çeşme: www.chip.com.tr
53
359
tmyigit76
15.03.2024 22:04

Telefonyň batareýasynyň ömrüni uzaltmagyň 10 täsirli usuly



Durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülen smartfonlaryň batareýasynyň ömri käbir se- bäplere görä çalt azalýan bolmagy mümkin. Emma ýönekeý ýöne täsirli usullar arkaly smartfonyňyzyň batareýasynyň ömrüni art- dyryp, gündelik ulanyşyňyzy has netijeli edip bilersiňiz.




Bu postda telefonlaryň batareýasynyň ömrüni ýokarlandyrmak üçin 10 täsirli usuly size ýetirýäris.




1. Ikinji penjirede (arka planda) işleýän programmalary ýapyň.


Işlemeýän, ýöne ikinji penjirede işjeň ýagdaýda bolan programmalar batareýanyň ömrüni çalt azaldyp biler. Arka planda yzygiderli işleýän programmalary barlaň we gereksiz program- malary ýapyň.



2. Batareýaňyzyň kadaly işleýändigini barlaň.


Telefonyňyz köne bolsa, elbetde batareýasy hem köne bolar. Smartfonlardaky batareýalar näçe köp zarýad alsa, şonça-da zaýalanýar. Şonuň üçin her batareýa gutulgysyz ýagdaýda bir gün ömri soňlanar.


Umuman, iki ýyldan soň batareýanyň işleýşinde 20 göterime çenli peselme bolýar. Şonuň üçin telefonyňyz köne bolsa, ilki etmeli işiňiz bata- reýany çalyşmak.


“IPhone” ulanýan bolsaňyz, enjamyňyzyň saz- lamalarynda “Batareýa” bölüminde batareýa- nyň saglygynyň göterimini görüp bilersiňiz. 80 göterime düşen bolsa, batareýany çalyşmak uly täsir eder.



3. Ýerleşiş hyzmatlaryny çäklendiriň.


Käbir programmalara ýerleşiş maglumatlary gerek we GPS ulanyp ýerleşýän ýeriňizi yzygi- derli täzelär.


Ýerleşiş hyzmatlaryny diňe zerur bolanda ulanyp, batareýanyň ömrüni tygşytlap bilersiňiz.


4. Wi-Fi we mobil maglumatlaryň arasynda geçiş ediň!


Köp adamlar telefonyň hem Wi-Fi hem mobil maglumat aýratynlyklaryny açyk saklaýan bolmagy mümkin. Telefon bir gezekde birini ulanyp bilýän hem bolsa, daşary çykanyňyzda Wi-Fi açyk galmagynda dowam edýär.


Edil şonuň ýaly-da, köpümiz Wi-Fi açyk bolsa-da mobil maglumatlary zerur bolmadyk ýagda- ýynda-da açyk galýar


Şonuň üçin batareýanyň ömrüni uzaltmaga bir wagtyň özünde iki baglanyşyk görnüşinden diňe birini ulanmak gowy çözgüt bolup biler.


5. Duýduryşlara üns beriň.


Duýduryşlar sebäpli ekrany ýygy-ýygydan aç- magyňyz bilen batareýanyň ömrüni azaldyp biler. Gereksiz habar bildirişleri öçürip we möhümlerini kesgitlemek arkaly batareýanyň ömrüni tygşytlap bilersiňiz.


Mundan başga-da, habar gelende köp telefon awtomatiki ýagdaýda ekrany açýar. Bu sazla- many öçürip, ekranyň yzygiderli açylmagynyň öňüni alyp bilersiňiz.


6. Gereksiz aýratynlyklary öçüriň.


Häzirki zaman telefonlarynda LTE, NFC, GPS, Wi-Fi we Bluetooth barlygy gaty gowy, ýöne size hakykatdanam bu aýratynlyklar gerekmi?


Günüň dowamynda ulanmaýan aýratynlyk- laryňyzy öçürip batareýanyň ömrüni tygşytlap bilersiňiz.


7. Ekranyň ýagtylygyny sazlaň.


Ekranyň ýagtylygy batareýanyň ömrüne çyn- lakaý täsir edýär. Emma köpler bu möhüm şertiň näderejede möhümdigini bilenoklar.


Ekranyň ýagtylygyny aşa köpeltmezlik batareýany ömrüni has uzaklaşdyrar.


Mundan başga-da, ekranyň ýagtylygyny pes derejede saklamak, ekranda ýüze çykyp biljek ""ghost screen"" ýaly meseleleriň öňüni alar.


8. Kuwwat tygşytlaýyş usullaryny ulanyň.


Telefonyňyzyň işleýşinden doly peýdalanmagy meýilleşdirmeýän bolsaňyz, tygşytlaýyş usul- laryny açyp bilersiňiz.


“Ultra Power Tygşytlamak” modeli käbir telefonlarda bolmasa-da, hakykatdanam batareýanyň ömrüni ýokarlandyrmak üçin ajaýyp guraldyr.


Bu modele geçeniňizde, telefon ähli zerur däl programmalary we maglumatlary optimizirläp, size ajaýyp batareýa ömrüni berýär.


9. Anten güýjüne üns beriň.


Aragatnaşyk hyzmatlarynyň pes ýerinde bol- saňyz, telefonyňyz has güýçli signal almak üçin goşmaça tagalla eder.


Bu batareýanyň ömrüne ýaramaz täsir edip biler. Gynansagam, bu ýagdaýy düzetmek üçin amaly çözgütler kän däl.


Şeýle-de bolsa, ykjam internet ýa-da sesli jaňlar gerek däl bolsa, telefonyňyzy Uçar moduna goýup, batareýanyň ömrüni tygşytlap bilersiňiz.


10. Hili gowy güýç berijileri (zarýatnikleri) ulanyň.


Telefonyňyzyň gutusynyň içinde gelen ýa-da şol firmanyň beýleki zarýad berijilerini ulanmak hökman däl.


Şeýle-de bolsa, pes hilli önümleri satyn almaň. Bu enjamyňyzy diňe haýal we netijesiz zarýad bermek bilen çäklenmän, batareýanyň ömrüne adatdakysyndan has köp täsir edýär.



çeşme: www.ensonhaber.com



Mundan başgada telefona zarýat azalan- dygy hakdaky duýduryşdan soň tä gutar- ýança ulanmak, ýa-da 100% bolanyndan soň hem zarýatda galdyrmak batareýamyza gaty erbet täsir etýär we zarýat sakla- mazlygyň esasy sebäplerinden biridir.

Iň amatlysy güýç azalandygy hakdaky duýduryşdan soň zarýad bermek we 100% bolmazdan (meselem 97-98%) aýyrmak maslahat berilýär.

46
210
tmyigit76
15.03.2024 15:12
Dört reňkli swetofor işlenip düzülýär.



Täze gözlegler: yşyk çyralaryna ak çyra goş- mak awtonom (öz-ozüni dolandyrýan) ulaglar we pyýadalaryň howpsuzlygy üçin möhümdir.



Täze gözleglerde bar bolan ýaşyl, sary we gyzyl swetoforlara ak çyra goşmak, ulag akymyny çaltlaşdyryp, ulaglar we pyýadalar üçin howp- suzlygy ýokarlandyryp biljekdigini görkezýär. Swetofor ilkinji gezek 1920-nji ýyllarda ulanyl- andygy sebäpli, indi tehnologiýanyň ösmegi bilen üýtgeşiklik üçin zeruryk duýulýar.


Dört reňkli swetofor: Trafik akymyny we howpsuzlygyny üpjün edip bilermi?


Awtonom ulaglaryň peýda bolmagy sweto- forlarda we umumy ulag dolandyryş ulgam- larynda täze döwür döredýär. Bu ulaglar diňe bir özlerini sürüp bilmän, biri-biri bilen we merkezi traffik kompýuter ulgamy bilen aragatnaşyk arkaly ulag akymyny hem gowulaşdyryp biler.

Awtonom ulaglaryň köpelmegi bilen Demir- gazyk Karolina döwlet uniwersitetiniň gözleg topary adaty swetofor reňklerine ak çyra goşmak pikirini teklip edýär. Dört reňkli bu täze ulgam "ak çyra" diýlip atlandyrylýar we ulaglar we pyýada ulaglar üçin ulag akymyny 25 göterim ýokarlandyryp biler.

Ak çyra, adam sürüjileriniň awtonom ulaglara eýerýändigini we bu ulaglaryň hereketini opti- mallaşdyrýandygyny aňladýar. Gözlegçiler bu täze ulgamy hakyky dünýäde barlamak üçin synag meýdançasyny döredýärler.

Bu synaglar doly göwrümli gurallary ulanman durmuşa geçiriş kynçylyklaryna düşünmäge kömek eder. Gözleg topary, bu tehnologiýalary ösdürmek we ulanmak üçin senagat we gözleg hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlyga açykdyr.

Dört reňkli swetofor, ulaglar we pyýadalar üçin ýol hereketiniň howpsuzlygyny we akymyny gowulandyrýan innowasiýa çemeleşmesini hödürleýär. Ak çyralary pyýadalar üçin düşnükli görnüşde şekillendirmek we durmuşa geçir- mek, ulaglar we pyýadalar üçin has ygtybarly ulag gurşawyny döredip biler.

Awtonom ulaglaryň köpelmegi we ýol here- ketini dolandyrmak ulgamlarynda tehnologiki ösüşler bu täze ulgamyň durmuşa geçiril- megini mümkin edýär. Şeýle-de bolsa, bu täze ulgamyň hakyky dünýäde nähili işlejekdigi we iş ýüzünde nähili durmuşa geçiriljekdigi gyzyklandyrýan meseledir.

Siziň pikiriňizçe bu täzelik awtonom we adam tarapyndan dolandyrylýan ulaglaryň sazlaşykly täsirine we ulag akymyny gowulaşdyryp bilermi? Pikirleriňizi teswirler ýazyp bilersiňiz.


çeşme: www.ShiftDelete.net
44
460
tmyigit76
14.03.2024 12:17
MERDIŇ GÖZÝAŞY


Horezm şalarynyň biri erbet näsaglady. Kesel halys basmarlap, şanyň jany bogazyna geldi. Ahyry ol ýurduň ähli tebiplerini ýygnap ölüme buýurmagy ýüregine düwdi. Baş wezire pikirini ýaňzytdy hem:

-Gudraty güýçli hökümdar. Hekimleri ýene bir ýygnaly. Belki bir zat tapaýadylar-diýdi.

Şol pursatyň özünde çaparlar, jarçylar dumly-duşa at saldylar. Ähli tebipler bellenen müddetde şa köşgüne ýygnaldy. Wezir tebipleriň öňünde kesgitli şert goýdy:

-Üç gün puryja berilýär. Şoňa çenli şanyň derdine em tapmasaňyz, hemmäňize jellat aýpaltasy garaşýar.

Tebipler uly alada galdylar. Dert güýçlüdi. Hiç hili däri-derman bilen alyp bolanokdy. Baryn- dan hem beteri derman tapylaýanda-da şa sagalýança olar boşadyljak däldiler. Hemmesi ölümlerini boýnuna alyp, çuňňur gaýga batdylar. Birden bir tebip olara ýüzlendi:

-Halaýyk! Gamlanmaň! Çykalgany men tapjak bolaryn. Nesip bolsa, bu belany siziň başyňyzdan özümiz sowarys-diýdi.

-Aýt-da, aýt-boluşdylar.

-Men ony degişli ýerinde aýdaryn. Siz üç güne çenli pal atyň, gurra taşlaň, ýyldyz sanaň. Derman agtarýandan boluberiň.

Ähli hekimler onuň aýdany bilen boldular. Üç gün möhlet geçip, ýene baş wezir olary ýygnady. Şol tebip ýerinden galdy:

-Tagsyr, şanyň derdine derman tapsak, şu halaýygyň ölümden gutuljagy rastmydyr?

-Rastdyr-diýdi.

-Rast bolsa biz üç günläp kitap dörüp, ýyldyz garap, ahyry şa derdiniň dermanyny tapandyrys. Ýöne ony ele salmak örän kyndyr-diýdi.

-Gudrat güýçli hökümdaryň ýanynda ele salynmajak zat bolmaz. Aýt.

-Ele salyp bilmeseňiz, bize azar berilmez gerek?

-Berilmez.

-Bu ýeriň ýüzünde şanyň derdiniň ýaňlyz dermany bar. Merdiň ejizläp aglandaky gözýaşy şamyzyň derdine em bolar.


Şanyň permany bilen tebiplere serpaý ýapylyp ugradylypdyr. Indi çaparlar dumly-duşa başga perman bilen at salypdyrlar. Minneti egri gyly- jyndan çekýän, iliň-günüň aladasy bilen ýaşa- ýan bir merdi gollaryna zynjyr urup getirdiler. Ony her hili horluga sezewar etdiler. Emma gözlerinden nem dammady. Gözüniň öňünde ene-atasyny parçaladylar. Saçlarynyň ýary agardy. Dişleriniň ýarysy düşdi. Goly bagly ýesiriň gözlerinden syçran uçgun jellatlaryň saç-sakgalyny çirkizdi.
  Şanyň iň soňky demleri gelip gidýär. Wezir-wekiller ýene merdiň üstüne hüjüm edýärdiler. Bu egzek onuň çagalaryny oda ýakdylar. Bagyr awusyndan ýaňa ýüzleri gara-ört boldy. Saç- larynyň bary agardy, dişleriniň bary düşdi. Emma onuň gözlerinden ýekeje katra hem gaçmady.
  Wezir-wekilerden biri maslahat tapdy:

-Gözüniň öňünde munuň namysyna degmeli. Şonda aglar.

Zynjyr bilen gozganmaz ýaly saradylar. Soň bolsa onuň gözüniň öňünde maşgalasynyň namysyna degidiler.

-Ah-diýip, bir urundy. Şol demde hem gök daş bolup doňup galdy. Şol pursat şa hem jan berdi. Tebibiň hilesine şa-da, wezir-wekiller-de akyl ýetirip bilmändir. Mertde ejizlik gözýa- şynyň bolmaýandygy olaryň hiç biriniň kellesine gelmändir.

Ýöne ol tebip näçe akylly hem bolsa çykalgasynyň birnäçe adamyň ganyna sebäp boljakdygyny aňmadyk bolsa gerek. Ýogsam beýle diýmezdi.


Şöhrat Abdyýew.
Köneürgenç rowaýatlary kitabyndan
30
145
tmyigit76
13.03.2024 21:59
Iosif Stalin hakda 20 fakt


Köpler Iosif Stalin hakda eşidendir ýa-da iň bolmanda Beýik watançylyk urşy döwründe Sowet Soýuzyny dolandyrandygyny bilýändir. Emma ol hakda köpçülige mälim bolmadyk käbir maglumatlar bar.

Bu postda Iosif Stalin hakda 20 sany fakty size ýetirýäris.




1. Staliniň birinji ogly Ýakob özüni atýar. Sebäbi onuň kakasy Ýakoba gödek gatnaşykda bolandygy aýdylýar. Emma ol aman galýar. Şondan soňra Stalin ogly hakda şeýle diýýär: Hatda dogry hem atyp bilenok.


2. 1950-nji ýylda sowet milli hokkeý topary samalýot heläkçiliginde heläk bolýarlar. Toparyň menejeri Staliniň ogly Wasiliý bolupdyr we bu wakanyny bildirmezden, topar üçin täze türgenleri alyp, kakasynyň bu ýagdaýdan habar tapmagynyň öňüni alýar. Stalin bolsa bu hakda hiç wagt bilmändir.


3. 1941-nji ýylda Staliniň ogly Ýakob söweş wagty faşistlere ýesir düşýär. Nemesler Staline ogluny azat etmek üçin, ýerine ruslar tarapyn- dan ýesir alnan, nemes marşaly Fridriç Polýusy azat etmegini teklip edýärler. Stalin bolsa teklibi ret edip: «leýtenant üçin marşaly söwdalaşmaryn» diýipdir. Ogly Ýakob bolsa ýesirlikde aradan çykýar.


4. Resmi maglumatlara görä Stalin özüniň dolandyran ýyllarynda 2.9 million ruslary öldürendigi aýdylýar. Emma taryhçylaryň nukdaýnazardan bu san umumy ýurt boýunça 30-40 milliondan gowrak, ýagny ilatyň 22-32% diýip çaklanýar.


5. Stalin köpläp adamlary tutha-tutluk ýyllarynda öldürenem bolsa ol Nobeliň parahatçylyk baýragyna iki gezek ady goýulýar.


6. Stalin Ýugoslawiýanyň prezidenti Titony öldürmek üçin birnäçe içalyny (killer) ugratýar. Soňra bolsa prezident Tito Staline şeýle diýýär: «Şeýle hem 5-sini tutdyk. Birini bombada birini snaýperde. Eger içalylaryňy ugratmagyňy bes etmeseň, biz Moskwa birini ugradarys, ikinji ugratmaga hajat bolmaz»


7. Stalinden soňky Sowetleriň baştutany Nikita Hruşýow Stalini tankytlaýan nutgy örän şok ýagdaýa düşürýän bolupdyr hat-da tomaşa- çylaryň arasyndan birnäçesi ýürek agyry (krizisini) geçirendigi aýdylýar.


8. Sowetler zamanynda tussaghana düşen jenaýatçylar bedenlerine Staliniň we Leniniň tatirowkasyny çekmegi adat edinipdirler. Sebäbi esgerlere hökümet liderlerine garşy ok atmak gadanan edilpdir.


9. Staliniň boýy 163 sm bolupdyr we Napaleondan hem kelteräk bolupdyr. ABŞ-nyň prezidenti G.Trumen Stalin bilen bolan birinji duşuşykdan soň oňa: «Kiçijek edepsiz adamjyk» diýip baha berýär.


10. 1949-njy ýylda Hytaý prezidentini Mao Szedun sowet soýuzyna saparda bolanda Stalin onun üçin ýörite hajathana (tualat) gurdurýar. Sebäbi gizlinlikde Maonyň neja- satyny analiz etdirmek isläpdir.


11. 1913-nji ýylda Awstriýanyň Wena şäheriniň merkezinde Adolf Gitler, Lef Trotskiý, Iosif Tito, Sigmund Freud, Frans Josef we Iosif Stalin dagylar bir-birinden birnäçe kilometre uzaklykda ýaşapdyrlar. Hat-da birnäçesi bir çaýhana hem barypdyrlar.


12. Sowet ýörite polisiýasy 22 müň Polşaly ofiserleri Staliniň buýrugy bilen öldürýärler. ABŞ-nyň prezidenti Ruzwelt we Britaniýanyň premýer ministri Çerçil muny ret edýär. Sebäbi Stalin bilen bileleşigi berkitmek makdady bilen bu ýagdaý üçin nemesleri günäkärleýärler.


13. Beýik watançylyk urşundan öň Germaniýanyň Sowet soýuzynyň üstüne çozmaga taýýarlyk görýändigi hakda Britaniýa ýörite razwedkasy tarapyndan anyklanýar we Staline ýetirilýär. Emma Stalin muňa ynanmaýar.


Rihard Zorge Germaniýanyň SSSR-iň garşysyna 150 diwiziýadan ybarat 9 sany armiýa jemlandigini habar berýär. Urşuň başlanjak wagty barada hem dürli maglumatlar Staline ýetirilýär. Ýöne Stalin urşuň başlanýan gününe çenli serhetýaka goşunlara söweşjeň ýagdaýa geçmäge rugsat bermeýär.

Belki ol Gitleriň SSSR-e çozmajakdygy hakdaky şertnamasyna çyny bilen ynandyr.



14. Stalin 1940-njy ýylda surata düşürilen «Ýigrenç üzümleri» atly amerikan filmini soýuzda görkezlimegini gadagan edýär. Sebäbi bu filmde iň garyp amerikalylar hem bir maşynyň eýesi bolupdyr.


15. Stalin 30 ýaşlar töwereginde 13 ýaşly bir gyz bilen jynsy gatnaşykda bolandygy aýdylýar.


16. Stalin dolandyran döwründe adamlar we maýmynlaryň arasyndaky baglanyşygy analiz etdirmek üçin Afrika haýwanlar boýunça ekispert hünärmenini ugradandygy aýdylýar. (Sebäbi bolsa maýmyn armiýasyny döretmek maksady bilen diýip myş-myş döräpdir. (Elbetde myş-myş))


17. Stalin 1878-nji ýylda Gruziýada dogulýar we gelip çykyşy boýunça rus däl-de gruzin bolupdyr. Onuň hakyky ady hem Ио́сиф Джугашвили bolup, 1910-njy ýylda familiýasyny «Stalin» diýip üýtgeýär. Stalin - demir adam diýen manyny berýär.


18. Beýik watançylyk urşy ýyllarynyň Stalin gyzyl goşun ofiselerine uruş wagtynda kimde-kim gaçmaga synanyşsa atyp taşlamagy buýurýar. 1941-1942-nji ýyllar aralygynda 150 000 sowet esgeri atylyp öldürilýär..


19. Stalin diktator bolmagyndan öň basmaçy topary bilen banklary, poýuzlary we poçta hyzmat guramalaryny talamak bilen meşgullanyp, bolşewikleriň hereketine maddy taýdan goldapdyr. 1907-nji ýylda öz topary bilen 40 adamy öldürip, iki sany at arabany we ýarym million dollarlyk ýüki talaýarlar.


20. Urşuň başynda Stalin Gitler bilen bir tarapda bolmagy niýet edýar. Gitler Sowet soýuzyna çozanyndan soňra bolsa bileleşigiň tarapyna geçýär.





Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy
77
711
tmyigit76
13.03.2024 12:00

Söýgi näme üçin gutarýar? Söýginiň ömri barmy?


  Hemmämizem ömrümizde bir gezegem bolsa söýgi diýlen zada, ýa-da halk dili bilen aýdy- landa "yşk oduna" düşüp görendiris. Birine söz aýdandyrys, ýa-da bize aýdylandyr, ýa-da ikimi- zem bilsegem, biri-birimize aýtman, sere- dişip halap, ýa-da platoniki bolan daşyndan ony söýüp, guwanyp gezendiris.

  Köp kişi söýgi üçin gaty gaýgylanyp, aglap, hatda janyna hem kast edip bilýär. Söýgi barada şuwagta çenli örän köp zat ýazylyp, aýdyldy. Köpümiz käbir sitata sözlerine gabat gelýändiris bu babatda, meselem "bagt - söýülmekdir", "söýgi - bu hemme zatdan geçip, birlikde ýaşamakdyr", "adamlary söýgi ýaşadýandyr" we ş.m ''söýgi şeýledir", ''söýgi pylandyr" ýaly sözlere kän gabat gelýändiris.

  Köp adam söýenden soňra, söýen kişisini hiç unutmajakdygyny, şonuň bilen mydama bagtly bolup, bir ömür sürjekdigini pikir edýä. Emma ol işler beýle pikir edişleri ýaly bolaýanok. Gat- naşyklar gaty çalt bozulýar, ýa-da jüwütler gaty çalt aýrylyşýarlar. Durmuş guranlaryndan soňra aralaryna sowuklyk düşüp, aýrylyşýarlar. Beýle bolmagynyň sebäbi näme?

  Beýnimizde "dopamin" atly bir garmon bar. Bu garmon, biziň şat bolmagymyzdan, lezzet almagymyzdan, motiwasiýa we ş.m zatlardan jogapkär. Meselem aýdaly biziň şäherimizde täze bir muzeý açyldy. Biz şol muzeýe barmak islesek beýnimizde dopamin döreýär. Biz ol muzeý barada hiç zat bilemzok, pikir edýäris "ol muzeý nähilikä?", "içinde nämeler barka?", "adam känmikä?", "içi ulymyka" diýip, we şeýle pikirler bizi dopaminiň täsiri astyna alýar, şat bolýarys. Soň biz ol muzeýe gidýäris, ony dostlarymyza hem aýdyp berýäris. Emma biz bellibir wagtdan, 5-6 günden soň ol muzeýi edil öňkisi ýaly pikir etmeýäris, sebäbi bu adaty ýagdaýa öwrüldi, orginallygy ýitdi, günlük durmuşymyzyň bir bölegine öwrüldi, indi öňki ýaly höwes etmeýäris, dopaminiň täsiri gutarýar. Dopamin çäksiz dowam edýän zat däldir. Sebäbi iň soňunda geljek, şuwagtky zamana öwrülýä.

  Bir derňewde, syçanyň beýnisine elektrodlar ýerleşdirilýär. Syçana bir kapasanyň içinde nahar berilýär. Syçan nahary görende beýninde dopamin döreýär, soň oňa yzygiderli nahar berlip başlanýar welin, syçandaky dopamin ýitýär. Sebäbi syçan naharyň geljegini bilýär. Emma bellibir wagt aralygynda däl-de, arada bir wagt nahar berip başlanýar welin syçanda ýene dopamin döreýär.

  Biz haýsam bolsa täze bir zat etjek bolsak, beýnimizde dopamin döreýär (sebäbi beýin täze zady söýýär), meselem täze bir maşyn, täze bir öý, täze bir gatnaşyk, täze ýer, täze telefon we ş.m. Sebäbi arada garaşylmadyk hadysa bar.

  Biz bir gatnaşyga başlan mahalymyz hem, başga garmonlar bilen birlikde, beýnimizde dopamin hem döreýär. Höwesek bolýarys, ol barada pikirler edýäris, tolgunýarys, geljege degişli arzuwlar edýäris. Ony ömrümiziň söýgisi, hakyky söýgimiz yglan edýäris, ony jynsy taýdan hem küýseýäris. We özümizi gaty şadyýan, bulutlaryň üstünde gezip ýören ýaly duýýarys. Soňra onuň bilen durmuş gursak, bellibir wagtdan soň, gatnaşygymyz öňkisi ýaly bolmaýar, bizde öňkisi ýaly höwes bolmaýar. Sebäbi ol öň garaşylmadyk bir hadysa bardy, emma indi günlük durmuşymyzyň bir bölegi, adaty ýagdaýa öwrüldi. Beýnimizdäki dopamin derejesi azaldy. Elbetde ýene biri-birimizi söýüp bileris, emma edil öňkisi ýaly tolgunşyk, höwes, motiwasiýa, keýpihonlyk ýok.

  Beýnimiz garaşylmadyk zady islemäge, şol sebäpli her-hili höwes, tolgunşyk berýän ýagdaýy başdan geçiriljek geljege kodlanandyr. Eger söýgiden başlap haýsam bolsa bir zat garaşylan bir ýagdaýa öwrülse, bu tolgunşyk ýitýär we täze zatlar ünsümizi çekip başlaýar

  Täze bir telefon alsak, beýnimizdäki dopamin ulgamy herekete geçýär we şat bolýarys, keýpli bolýarys, emma ol telefon wagt geçdigiçe adaty ýagdaýa öwrülýär we soňabaka hiç bu ýagdaýdan şat bolmaýarys, dopamin ýitýär. Jynsy hyýaly fantaziýalar bizde dopamin täsiri döretse, şol bir fantaziýa 2-3 gezekden soň bizi tolgun- dyrmaz, emma täze bir fantaziýa ýene bizde dopamin döredýä.

  Şeýlelik bilen, täze bir gatnaşygam bizde dopamin döredýär. Sebäbi bu täze bir hadysadyr, heniz elimizde däl, syrlar bilen dolup ýatyr. Şol sebäpli öňki gatnaşygymyzyň arasyndaky sowuklygy täze bir gatnaşyk bilen dolduryp başlaýar. Netijede hem aýal hem-de erkek, täze bir gatnaşygyň signalyny alandan soň, ýene şol öňki gatnaşygyndaky duýan zatlaryny duýup başlaýar.

  Bir derňewde bir erkek syçanyň kapasasyna 2-3 sany urkaçy syçan goýulýar. Urkaçy syçanlar jüwütleşmek döwründe. Erkek syçan hemme urkaçy syçan bilen jüwütleşyär, soňra erkek syçanyň güýji we islegi hem galman, bir gyra süýşüp, depressiýa düşen ýaly oturýar. Soňra ýene bir täze urkaçy syçan goýýarlar, erkek syçan ýene höweslenip, güýçlenip onuň bile- nem jüwütleşýär. Ýene birini goýýarlar, ýene jüwütleşyär, ýene birini goýýarlar we ýene-de... Erkek syçan hiç durman jüwütleşmek isleýär. Jynsy islege bolan arzuw, täze bir kişi bolanda has artýar. Söýginiň başynda gatnaşygyň derejesi gaty ulalýar.

  Söýginiň başlangyjyndaky bu motiwasiýa elbetde bellibir wagt aralagyna çenli dowam edýär. Biz bu wagt aralygynda, ýagny söýginiň ýaňy başlan iň süýji wagtynda söýgülimiziň diňe gowy taraplaryny görüp, nähili oňaýsyz taraplary bar bolsa ony görmeýäris. Söýgü- limizi erbet tankytlamazlyk üçin beýniň tankyt- laýjy bölümleri ýuwaşladylýar. Gözümiz onuň erbet taraplaryny görmeýär, gözümize bir perde goýlan ýaly bolýar. Bu söýginiň başyndaky bir illýuziýadyr. Ýöne bu illýuziýa soň wagtyň geçmegi bilen aýrylýar we oňuşmazlyklar başlaýar. Şol sebäpli öz pikirimizdäki idealy real kişide gaty ulaltmaly däl, sebäbi idealy- myza ters gelen hereketler wagt geçdigiçe ýüze çykyp başlaýar we sögüşler, çekeleşikler başlaýar.



Söýginiň ömri barmy?


  Gözleglere görä bir söýginiň ömri 18 we 36 aý aralygyndadyr (käbir beýleki çeşmelere görä 12-18 aý). Dünýäde "ömürlik söýgi" diýlen düşünje bar bolsa-da, beýindäki himiki täsir- leriň adaty ýagdaýa gelmegi barlanan-da şeýle netije çykýar. Ýene-de gözlegçiler bu wagty bir çaga dünýä indirmek we ýetişdirmek üçin wajyp bolan wagt bilen baglanyşdyrýarlar. Aşyk bolmak gaty uly, duýguly, tolgundyryjy bir wagt aralygyny öz içine alýandyr we bulam ortaça köp kişi üçin 3 ýyldyr.

  Söýginiň getiren rahatlygy başdaky uly ener- giýa we motiwasiýa bilen dowam etmez. Bellibir wagtdan soň ol kişi adaty durmuşyna dowam edip bilmek üçin bu energiýanyň azalmagyna mätäçlik duýýar.

  Bir kişi birini çyny bilen söýüp, ony gaty
erbet isläp, soňam oňa gowuşdy, käwagt isleýän zatlarymyz-a ýetenimiz-de, pikir edilşi ýaly ýaly ajaýyp bolmaýar. Meselem: bir kişi birini çyny bilen gowy görse, we oňa söz aýtsa, ol hem almasa, ol kişi aglap, ony özünden başga hiçkimiň beýle söýmejegini pikir edip, girýan eýläp ýörer. Emma ol kişi hem oňa gowuşsa, bellibir wagtdan soň ony kän pikir etmez. Sebäbi bu duýgular hakyky däldir, oňa ýetip bileňok we oňa ýetip bilmändigiň üçinem her gün has gamgyn bolýaň, has küýseýäň, eger ýetäýseň bu duýgular bellibir wagtdan soň derrew pytraýar, sebäbi ýetip, ol boşap galan käsäňi doldurdyň. Ýagny bu duýgular, bu zatlar dowamly däldir. Şol sebäpli bir kişiniň oňa ýetip bilmän aglamagy ony söýýändigini görkezmeýär. Bu bir tarapdan erk-ygtybar bilenem baglanyşykly meseledir. Sebäbi beýin mydama aňsat ýoly saýlaýandyr şol sebäpli sähel ara sowuklyk düşse jüwütleriň köpüsi
aýrylyşýarlar.

  Her iki tarapda-da söýgini dowam etdirip bilmek üçin edilen käbir synaglaryň netijesinde jogapkärçiligiň iň esasy aýratynlyklaryň biridigi anyklandy. Ýagny jogapkär adamlar, söýgini edil başdakysy ýaly bolmasa-da, ýyly görnüşde dowam etdirip bilerler.




©Narcissus

51
691
tmyigit76
12.03.2024 22:20
Günümiziň 12 sagadyny telefonymyza seredip geçirsek-de, näme üçin düýşlerimizde telefon görmeýäris?


Telefonlarymyz her minutda ýanymyzda.
Irden gözümizi açanymyzdan we gijelerine elimizden goýup bilmeýän tehnologiki enjamymyz. Düýşlerimiz bolsa, aslynda gündiz gümra bolýan zatlarymyzdan, adamlardan we ýerlerden ybarat. Onda näme üçin bedenimiziň bir bölegine öwrülen telefonlarymyz düýşlerimize girmeýär?

Biziň aňymyzdan geçýän ýa-da aladaly zatlaryň şol günüň gijesi düýşlerimize girýändigi bilen gaty tanyş. Şeýle-de bolsa, jübi telefonlary barada aýdylanda, bu beýle däl.

Günde takmynan 12 sagat telefonlarymyza göz aýlasak-da, näme üçin bu tehnologiki enjam düýşlerimize goşulmaýar?

Gözlegçiler 16,000-den gowrak düýşi seljerip, bu düýşlerde telefonlaryň hakykatdanam seýrek bolýandygyna göz ýetirdiler.

Görülme derejesi aýallarda 3,6%, erkeklerde 2,7% boldy. Sebäbi telefon we kompýuter ýaly aragatnaşyk tehnologiýalary dürli transport serişdeleri ýaly bedenimize fiziologiki taýdan göni täsir etmeýär.

Aslynda düýş görmegiň bize nämäni aňladýandygyny görkezýän birnäçe düýş teoriýasy bar.

Mysal üçin, bir teoriýa görä, düýş görmegimiziň sebäpleriniň biri, düýşleriň bize potensial howp abandyrmagydyr.

Bu, gündelik durmuşymyzda haýsydyr bir howply hadysa bilen ýüzbe-ýüz bolanymyzda taýyn bolmaga kömek edýär. Bu howplar, ýolbarsdan gaçmak ýaly fiziki, kimdir biri bizi kakyp geçmesi ýaly duýgur, ýa-da hemmeleriň bize dikanlap seredişi ýaly sosial bolup biler.

Telefonlar bolsa fiziki howp döretmeýär.
Diňe SMS we telefon jaňy arkaly duýguly ýa-da sosial manyda stress ýagdaýyny döredip biler.

Şeýle-de bolsa, bu mümkin bolsa-da, adamlar düýşlerdäki stresleriň köpüsiniň telefon arkaly däl-de, hakyky durmuşda ýüze çykýandygyny bilýärler. Gysgaça; Telefonlarymyzdan aňsatlyk bilen gaçyp bileris, ýöne şahsy howpdan gaça durmak has kyn.

Başga bir teoriýa görä, düýşler her gün duş gelýän şahsy tejribelerimize esaslanýar.

Mysal üçin, bir ýerde köp wagt sarp etsek, bu ýer düýşlerimize girer we söýýän adamlarymyz üçin hem edil şonuň ýalydyr.

Şeýlelik bilen, bu teoriýa görä, gündelik işlemek üçin gündelik tejribelerimizi göz öňüne getirýäris we bu uzak möhletli ýa-da gysga möhletli ýadymyzda maglumatlary tertipleşdirmäge (ýatda saklamaga) kömek edýär.

Emma telefonlarymyzda okaýan maglumat- larymyz hakyky durmuş tejribelerinden gaty tapawutlanýar.

Okaýan kitabymyzy göz öňüne getirmegiň ýerine, şol hekaýada bolmagymyzy göz öňüne getirýäris. Aksion bir film görmegi arzuw etmegiň ýerine, köplenç şol filmiň hereketinde bolmagy makul bilýäris.

Başgaça aýdylanda, telefonlarymyzdaky maglumatlary göz öňüne getirmegiň ýerine, takyk we doly başdan geçirip boljak hakyky durmuşy hyýalymyza getirmegi makul bilýäris.

Başga bir tarapdan, köp adam düýş göreninde wagt görmekde we aýtmakda kynçylyk çekýändiklerini aýdýarlar.

Düýşlerde sözler dogry görünmeýär we sagatdaky sanlar we şekiller täsin görnüşde üýtgeýär. Aslynda, telefonlarymyz şuňa meňzeş maglumatlary görkezýänligi sebäpli, aňymyzda muny simulirlemekde kynçylyk çekýän bolmagy mümkin. Munuň ýerine, telefonlarymyzdan alýan tejribelerimiz hakyky durmuş ýagdaýlaryna geçirilýär.

Gysgaça: Akylymyzyň düýş görýän ýagdaýlarda göçürmekde kynçylyk çekýän käbir görnüşleri bar, mysal üçin ýazmaça eseri okamak ýa-da haýsy wagtdygyny aýtmak.

Oýa wagtymyz telefonlarymyzda başdan geçirenlerimiz, düýşlere däl-de, hakyky durmuşa birleşmek ähtimallygy has ýokarydyr, sebäbi bu biziň üçin akyl taýdan höweslendiriji we aňymyzyň muny simulirlemesi has aňsat.


çeşme: www.webtekno.com
34
121
tmyigit76
11.03.2024 21:56


Emeli aň (AI) bilen suratlary nädip döretmeli?




  Diňe bir ýa-da iki ýyllyk tehnologiýa bolsa-da, emeli intellekt özüni kämilleşdirip bilmek mümkinçiligi bilen ilkinji wersiýalaryna gara- nyňda has kämilleşdi, . Esasanam GPT-4-iň ornaşdyrylmagy bilen emeli intellektiň islegi artdy we köp täze aýratynlyklar elýeterli boldy.

  GPT-4-iň täze wersiýasy bilen, hatda hakyky we maýda detally suratlary hem döredip bileris. Emeli intellekt bilen suratlar döretmek isleseňiz, emeli intellekt suratlaryny döretmegiň ýollary...



Emeli intellekt bilen suratlary nädip döretmeli



  Golaýda GPT-4-iň DALL-E goldawy bilen emeli intellektiň şekil döretmek üçin ulanylmagy ep-esli artdy. Bu tehnologiýanyň kömegi bilen adamlar indi has jikme-jik, has real we has aňsat suratlar döredip bilerler.

  Mundan başga-da, bu suratlar dürli stilde ýasalyp bilner. Elbetde, AI surat döretmek gurallarynyň onlarçasy bar bolsa-da, köpüsi tölegli we birnäçesi mugt.





  Ösen tehnologiýalar we emeli intellekt öwrenmek bilen, indi köp platformalarda isleýän şekillerimizi döredip bileris. Şeýle-de bolsa, olaryň käbiri ýokary hilli bolsa-da, köpüsinden isleýän netijeliligimizi alyp bilmeris. Ilkinji teklibim GPT-4 ulanmak, ýöne OpenAl arkaly şekil döretmek isleseňiz, GPT-4 üçin aýda 20 dollar tölemeli. Bu abunalyk bilen GPT-4 aýratynlyklarynyň köpüsine girip, emeli intellektiň güýjüni ulanyp bilersiňiz.

  Mundan başga-da, Canva we Picsart ýaly platformalar häzirki wagtda AI şekillerini döretmäge mümkinçilik berýär. Öň gören bolsaňyz, käbir Discord kanallary arkaly emeli intellektual suratlar döredip bilersiňiz. Midjourney, Wombot we BlueWillow ýaly hyzmatlar Discord-da emeli intellekt bilen şekil döretmäge mümkinçilik berýär.




Midjourney tarapyndan döredilen surat


Microsoft Copilot suratlary döretmegiň emeli intellekt usullary.



  Indi alternatiw we mugt hyzmat bolan Microsoft Copilot-a göz aýlalyň. Bu hyzmat Microsoft tarapyndan işlenip düzüldi we GPT-4-i mugt elýeterli edýär. GPT-4 ýaly täsirli bolmasa-da, internete elýeterliligi we aýratynlyklary sebäpli bize ýeterlik bolar. Şeýle hem, Copilot-dan AI suratlaryny döredip bilersiňiz.



Giňişleýin:

• Ilki bilen, Microsoft Copilot-a giriň we e-poçta salgyňyz bilen giriň. Ondan soň, aşakdaky ýaly ekrany garşy alarsyňyz. Bu ekranda söhbet- deşlik stilini üýtgedip, sag tarapdaky köne söhbetlere girip we isleseňiz goşmaçalar gurup bilersiňiz.



• Ondan soňra, "Menden gerek zadyňyzy soraň ..." bölüminde döretmek isleýän suratymyza degişli maglumatyň bar ýa-da ýokdugyny sorap bilersiňiz we söhbetdeşlige başlamak üçin "Surat döredip bilersiňizmi?" ýaly soraglar berip bileris: Bulary etmegiň zerurlygy ýok, ýöne emeli intellekt näçe köp maglumaty bolsa, şonça-da gowy bolar. Mysal üçin, men Istambul hakda suratlar döretmek isleýärin:



• Copilot-dan bilimini artdyrmak we maglu- matlara gitmegini isledim. Şeýlelik bilen, döredilende has takyk şekil döredip biler. Indi men onuň Istambul hakda suratlar döretmegini isleýärin.



• Ondan has jikme-jik maglumat bermegini haýyş etdim, ine, käbir netijeler:



Emeli intellektiň geljegi barada näme pikir edýärsiňiz? Öň emeli intellektual surat döretmek usullaryny synap gördüňizmi we netijeleri haladyňyzmy?

çeşme:www.shiftdelete.net




Başgada emeli aň arkaly surat döredip bolýan platforma bilýän bolsaňyz teswirlede belläp bilersiňiz!
50
348
tmyigit76
11.03.2024 14:40
Dünýäde iň köp satylan 10 telefon.


“Visual Capitalist” ähli döwürde iň köp satylan jübi telefonlaryny yglan etdi.



Bir wagtlar meşhur bolan telefon öndürijisi Nokia iň ýokarda.

Tehnologiýa dünýäsinde kök uran jübi telefonlary wagtyň geçmegi bilen köp marka we modeller doredi, kämilleşdi.

Şeýle-de bolsa, ähli döwürde iň köp satylan jübi telefonlarynyň arasynda köne modeller köplenç ýokarda durýar.

Dünýäde iň köp satylan telefon: Nokia 1100

Iň köp satylan telefonlaryň sanawynda birinji orunda durýan Nokia 1100, 2009-njy ýylda bes edilmezinden öň, alty ýylda 250 milliondan gowrak satuwy hasaba aldy.

Ilkinji köpçülikleýin bazar smartfonlary (Nokia E seriýasy, soň bolsa iPhone) bilen bir wagtda elýeterli bolsa-da, Nokia 1100-iň bahasy, esasy funksiýalary we gowrüminiň ululygy sebäpli ösýän ýurtlarda uly isleg bildirilýärdi.

Serianyň başga bir modeli “Nokia 1110” 248 million satyp sanawda ikinji ýerde durýar.

“iPhone 6” seriýasy üçünji orunda durýar

“iPhone 6” we “6 plus” jemi 222 million birlik bilen üçünji ýerde durýar. Bu iPhonlaryň 4,7 we 5.5 dýuým ekranlary uly ekranly smartfonlar döwrüni başlatdy.

Göz öňünde tutulan modeller häzirki wagtda “Apple” -iň iň köp satylan telefonlarynyň sanawynyň başynda.

Iň köp satylan telefonlaryň indiki 17 sanawy Nokia we iPhon arasynda bölünýär; Dürli markalar hökmünde sanawa diňe Samsung E1100 (11-nji orunda) we Motorola Razr V3 (17-nji orunda) girip bildi.

Dünýäde iň köp satylan 10 telefon sanawy:

1. Nokia 1100 - 250 million

2. Nokia 1110 - 248 million

3. iPhone 6/6 Plus - 222 million

4. Nokia 105 seriýasy - 200 million

5. “iPhone 6S / 6S Plus” - 174 million

6. “iPhone 5s” - 165 million

7. Nokia 3210 - 161 million

8. “iPhone 7/7 Plus” - 160 million

9. “iPhone 11” seriýasy - 159 million

10. “iPhone XR / XS / XS Max” - 151 milýon


çeşme: www.ensonhaber.com
50
365
tmyigit76
10.03.2024 18:37

Germaniýanyň köçelerinde pul tapsaňyz geň galmaň. Sebäbi....



Germaniýada köçelerde pul goýmak köpeldi. Ilki Dortmundda başlanan bu akym indi köp şäherlere ýaýrady.




Dortmundyň köçelerinde käbir ýerlerde pul galdyran näbelli adam muny instagramdaky hasabynda paýlaşdy. Näbelli adam Dort- mundyň käbir ýerlerinde gizlinlikde pul goýup, yzarlaýjylaryndan (podpisşikerinden) bu pullary tapmagyny haýyş etdi. Käbir ulanyjylar bu pullary tapyp, sosial media hasaplarynda paýlaşdylar.


Bu gizlin adam hem bu hereketiň ýaýaramagy- nyň başlangyjy boldy. Dortmunddaky bu waka indi Germaniýanyň köp künjegine ýaýrady.


Pul goýýan adamlar Stuttgart, Frankfurt, Köln, we Wiesbaden ýaly ýerlerde-de peýda boldy. Köpsanly hasaplar galdyran pullarynyň töwe- reginde kiçijik bir surat görkezip we yzarla- ýanlaryndan gelip, bu pullary tapmagyny haýyş etýärler. Şonuň üçin Germaniýada pul gözläp ýören ýaşlary görmek adaty ýagdaýa öwrülýär.




çeşme: www.arti49.com

44
281