tmyigit76
14.03.2024 12:17
MERDIŇ GÖZÝAŞY


Horezm şalarynyň biri erbet näsaglady. Kesel halys basmarlap, şanyň jany bogazyna geldi. Ahyry ol ýurduň ähli tebiplerini ýygnap ölüme buýurmagy ýüregine düwdi. Baş wezire pikirini ýaňzytdy hem:

-Gudraty güýçli hökümdar. Hekimleri ýene bir ýygnaly. Belki bir zat tapaýadylar-diýdi.

Şol pursatyň özünde çaparlar, jarçylar dumly-duşa at saldylar. Ähli tebipler bellenen müddetde şa köşgüne ýygnaldy. Wezir tebipleriň öňünde kesgitli şert goýdy:

-Üç gün puryja berilýär. Şoňa çenli şanyň derdine em tapmasaňyz, hemmäňize jellat aýpaltasy garaşýar.

Tebipler uly alada galdylar. Dert güýçlüdi. Hiç hili däri-derman bilen alyp bolanokdy. Baryn- dan hem beteri derman tapylaýanda-da şa sagalýança olar boşadyljak däldiler. Hemmesi ölümlerini boýnuna alyp, çuňňur gaýga batdylar. Birden bir tebip olara ýüzlendi:

-Halaýyk! Gamlanmaň! Çykalgany men tapjak bolaryn. Nesip bolsa, bu belany siziň başyňyzdan özümiz sowarys-diýdi.

-Aýt-da, aýt-boluşdylar.

-Men ony degişli ýerinde aýdaryn. Siz üç güne çenli pal atyň, gurra taşlaň, ýyldyz sanaň. Derman agtarýandan boluberiň.

Ähli hekimler onuň aýdany bilen boldular. Üç gün möhlet geçip, ýene baş wezir olary ýygnady. Şol tebip ýerinden galdy:

-Tagsyr, şanyň derdine derman tapsak, şu halaýygyň ölümden gutuljagy rastmydyr?

-Rastdyr-diýdi.

-Rast bolsa biz üç günläp kitap dörüp, ýyldyz garap, ahyry şa derdiniň dermanyny tapandyrys. Ýöne ony ele salmak örän kyndyr-diýdi.

-Gudrat güýçli hökümdaryň ýanynda ele salynmajak zat bolmaz. Aýt.

-Ele salyp bilmeseňiz, bize azar berilmez gerek?

-Berilmez.

-Bu ýeriň ýüzünde şanyň derdiniň ýaňlyz dermany bar. Merdiň ejizläp aglandaky gözýaşy şamyzyň derdine em bolar.


Şanyň permany bilen tebiplere serpaý ýapylyp ugradylypdyr. Indi çaparlar dumly-duşa başga perman bilen at salypdyrlar. Minneti egri gyly- jyndan çekýän, iliň-günüň aladasy bilen ýaşa- ýan bir merdi gollaryna zynjyr urup getirdiler. Ony her hili horluga sezewar etdiler. Emma gözlerinden nem dammady. Gözüniň öňünde ene-atasyny parçaladylar. Saçlarynyň ýary agardy. Dişleriniň ýarysy düşdi. Goly bagly ýesiriň gözlerinden syçran uçgun jellatlaryň saç-sakgalyny çirkizdi.
  Şanyň iň soňky demleri gelip gidýär. Wezir-wekiller ýene merdiň üstüne hüjüm edýärdiler. Bu egzek onuň çagalaryny oda ýakdylar. Bagyr awusyndan ýaňa ýüzleri gara-ört boldy. Saç- larynyň bary agardy, dişleriniň bary düşdi. Emma onuň gözlerinden ýekeje katra hem gaçmady.
  Wezir-wekilerden biri maslahat tapdy:

-Gözüniň öňünde munuň namysyna degmeli. Şonda aglar.

Zynjyr bilen gozganmaz ýaly saradylar. Soň bolsa onuň gözüniň öňünde maşgalasynyň namysyna degidiler.

-Ah-diýip, bir urundy. Şol demde hem gök daş bolup doňup galdy. Şol pursat şa hem jan berdi. Tebibiň hilesine şa-da, wezir-wekiller-de akyl ýetirip bilmändir. Mertde ejizlik gözýa- şynyň bolmaýandygy olaryň hiç biriniň kellesine gelmändir.

Ýöne ol tebip näçe akylly hem bolsa çykalgasynyň birnäçe adamyň ganyna sebäp boljakdygyny aňmadyk bolsa gerek. Ýogsam beýle diýmezdi.


Şöhrat Abdyýew.
Köneürgenç rowaýatlary kitabyndan
30
145
1307
16 Mart 2024
Nide bunyaly hekaya goyayda
gulshatayewa97
14 Mart 2024
, estagfurullah toba😱😢🥺
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.