tmyigit76
10.03.2024 18:37

Germaniýanyň köçelerinde pul tapsaňyz geň galmaň. Sebäbi....



Germaniýada köçelerde pul goýmak köpeldi. Ilki Dortmundda başlanan bu akym indi köp şäherlere ýaýrady.




Dortmundyň köçelerinde käbir ýerlerde pul galdyran näbelli adam muny instagramdaky hasabynda paýlaşdy. Näbelli adam Dort- mundyň käbir ýerlerinde gizlinlikde pul goýup, yzarlaýjylaryndan (podpisşikerinden) bu pullary tapmagyny haýyş etdi. Käbir ulanyjylar bu pullary tapyp, sosial media hasaplarynda paýlaşdylar.


Bu gizlin adam hem bu hereketiň ýaýaramagy- nyň başlangyjy boldy. Dortmunddaky bu waka indi Germaniýanyň köp künjegine ýaýrady.


Pul goýýan adamlar Stuttgart, Frankfurt, Köln, we Wiesbaden ýaly ýerlerde-de peýda boldy. Köpsanly hasaplar galdyran pullarynyň töwe- reginde kiçijik bir surat görkezip we yzarla- ýanlaryndan gelip, bu pullary tapmagyny haýyş etýärler. Şonuň üçin Germaniýada pul gözläp ýören ýaşlary görmek adaty ýagdaýa öwrülýär.




çeşme: www.arti49.com

44
281
message
10 Mart 2024
🤔..
jumaly
10 Mart 2024
Bul diňe adamlaryň ünsini çekmek üçin oýlap tapylan zat hem özleriçe akym döretmek üçin
senorita
10 Mart 2024
Arada bir video gõrdũm, blogerleriñ hakykaty diýip. Pul ýa telefon ýa ş.m. zatlar goýup kamera alýarlar, alyp bolansoñlaram alyp gaýtýalar gõzlãbersinler diýip 🤦🏻‍♀️
medik_
10 Mart 2024
Myrat diyip bira paylasya tiktokda inistagramda hakykatdanam dogrumyka by🙄mana yazyn men pul ugratyan komek edyan diyya welin
ilhano_va
10 Mart 2024
@tim_, dogry😁
myrataly_
10 Mart 2024
@tim_, Goyyalar dostym sen habarsyz oytyan.
ilhano_va
10 Mart 2024
@tim_, oçislenya bolarsyn göni günne okuwa batman😂
ilhano_va
10 Mart 2024
@tim_, herkim yatman köçede bolar😂
ATOMIC
10 Mart 2024
Oreol reşkada da bar
Alone_Boy_06
10 Mart 2024
Podpisşik toplamak üçin edilýän zatlarda
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.