tmyigit76
13.03.2024 12:00

Söýgi näme üçin gutarýar? Söýginiň ömri barmy?


  Hemmämizem ömrümizde bir gezegem bolsa söýgi diýlen zada, ýa-da halk dili bilen aýdy- landa "yşk oduna" düşüp görendiris. Birine söz aýdandyrys, ýa-da bize aýdylandyr, ýa-da ikimi- zem bilsegem, biri-birimize aýtman, sere- dişip halap, ýa-da platoniki bolan daşyndan ony söýüp, guwanyp gezendiris.

  Köp kişi söýgi üçin gaty gaýgylanyp, aglap, hatda janyna hem kast edip bilýär. Söýgi barada şuwagta çenli örän köp zat ýazylyp, aýdyldy. Köpümiz käbir sitata sözlerine gabat gelýändiris bu babatda, meselem "bagt - söýülmekdir", "söýgi - bu hemme zatdan geçip, birlikde ýaşamakdyr", "adamlary söýgi ýaşadýandyr" we ş.m ''söýgi şeýledir", ''söýgi pylandyr" ýaly sözlere kän gabat gelýändiris.

  Köp adam söýenden soňra, söýen kişisini hiç unutmajakdygyny, şonuň bilen mydama bagtly bolup, bir ömür sürjekdigini pikir edýä. Emma ol işler beýle pikir edişleri ýaly bolaýanok. Gat- naşyklar gaty çalt bozulýar, ýa-da jüwütler gaty çalt aýrylyşýarlar. Durmuş guranlaryndan soňra aralaryna sowuklyk düşüp, aýrylyşýarlar. Beýle bolmagynyň sebäbi näme?

  Beýnimizde "dopamin" atly bir garmon bar. Bu garmon, biziň şat bolmagymyzdan, lezzet almagymyzdan, motiwasiýa we ş.m zatlardan jogapkär. Meselem aýdaly biziň şäherimizde täze bir muzeý açyldy. Biz şol muzeýe barmak islesek beýnimizde dopamin döreýär. Biz ol muzeý barada hiç zat bilemzok, pikir edýäris "ol muzeý nähilikä?", "içinde nämeler barka?", "adam känmikä?", "içi ulymyka" diýip, we şeýle pikirler bizi dopaminiň täsiri astyna alýar, şat bolýarys. Soň biz ol muzeýe gidýäris, ony dostlarymyza hem aýdyp berýäris. Emma biz bellibir wagtdan, 5-6 günden soň ol muzeýi edil öňkisi ýaly pikir etmeýäris, sebäbi bu adaty ýagdaýa öwrüldi, orginallygy ýitdi, günlük durmuşymyzyň bir bölegine öwrüldi, indi öňki ýaly höwes etmeýäris, dopaminiň täsiri gutarýar. Dopamin çäksiz dowam edýän zat däldir. Sebäbi iň soňunda geljek, şuwagtky zamana öwrülýä.

  Bir derňewde, syçanyň beýnisine elektrodlar ýerleşdirilýär. Syçana bir kapasanyň içinde nahar berilýär. Syçan nahary görende beýninde dopamin döreýär, soň oňa yzygiderli nahar berlip başlanýar welin, syçandaky dopamin ýitýär. Sebäbi syçan naharyň geljegini bilýär. Emma bellibir wagt aralygynda däl-de, arada bir wagt nahar berip başlanýar welin syçanda ýene dopamin döreýär.

  Biz haýsam bolsa täze bir zat etjek bolsak, beýnimizde dopamin döreýär (sebäbi beýin täze zady söýýär), meselem täze bir maşyn, täze bir öý, täze bir gatnaşyk, täze ýer, täze telefon we ş.m. Sebäbi arada garaşylmadyk hadysa bar.

  Biz bir gatnaşyga başlan mahalymyz hem, başga garmonlar bilen birlikde, beýnimizde dopamin hem döreýär. Höwesek bolýarys, ol barada pikirler edýäris, tolgunýarys, geljege degişli arzuwlar edýäris. Ony ömrümiziň söýgisi, hakyky söýgimiz yglan edýäris, ony jynsy taýdan hem küýseýäris. We özümizi gaty şadyýan, bulutlaryň üstünde gezip ýören ýaly duýýarys. Soňra onuň bilen durmuş gursak, bellibir wagtdan soň, gatnaşygymyz öňkisi ýaly bolmaýar, bizde öňkisi ýaly höwes bolmaýar. Sebäbi ol öň garaşylmadyk bir hadysa bardy, emma indi günlük durmuşymyzyň bir bölegi, adaty ýagdaýa öwrüldi. Beýnimizdäki dopamin derejesi azaldy. Elbetde ýene biri-birimizi söýüp bileris, emma edil öňkisi ýaly tolgunşyk, höwes, motiwasiýa, keýpihonlyk ýok.

  Beýnimiz garaşylmadyk zady islemäge, şol sebäpli her-hili höwes, tolgunşyk berýän ýagdaýy başdan geçiriljek geljege kodlanandyr. Eger söýgiden başlap haýsam bolsa bir zat garaşylan bir ýagdaýa öwrülse, bu tolgunşyk ýitýär we täze zatlar ünsümizi çekip başlaýar

  Täze bir telefon alsak, beýnimizdäki dopamin ulgamy herekete geçýär we şat bolýarys, keýpli bolýarys, emma ol telefon wagt geçdigiçe adaty ýagdaýa öwrülýär we soňabaka hiç bu ýagdaýdan şat bolmaýarys, dopamin ýitýär. Jynsy hyýaly fantaziýalar bizde dopamin täsiri döretse, şol bir fantaziýa 2-3 gezekden soň bizi tolgun- dyrmaz, emma täze bir fantaziýa ýene bizde dopamin döredýä.

  Şeýlelik bilen, täze bir gatnaşygam bizde dopamin döredýär. Sebäbi bu täze bir hadysadyr, heniz elimizde däl, syrlar bilen dolup ýatyr. Şol sebäpli öňki gatnaşygymyzyň arasyndaky sowuklygy täze bir gatnaşyk bilen dolduryp başlaýar. Netijede hem aýal hem-de erkek, täze bir gatnaşygyň signalyny alandan soň, ýene şol öňki gatnaşygyndaky duýan zatlaryny duýup başlaýar.

  Bir derňewde bir erkek syçanyň kapasasyna 2-3 sany urkaçy syçan goýulýar. Urkaçy syçanlar jüwütleşmek döwründe. Erkek syçan hemme urkaçy syçan bilen jüwütleşyär, soňra erkek syçanyň güýji we islegi hem galman, bir gyra süýşüp, depressiýa düşen ýaly oturýar. Soňra ýene bir täze urkaçy syçan goýýarlar, erkek syçan ýene höweslenip, güýçlenip onuň bile- nem jüwütleşýär. Ýene birini goýýarlar, ýene jüwütleşyär, ýene birini goýýarlar we ýene-de... Erkek syçan hiç durman jüwütleşmek isleýär. Jynsy islege bolan arzuw, täze bir kişi bolanda has artýar. Söýginiň başynda gatnaşygyň derejesi gaty ulalýar.

  Söýginiň başlangyjyndaky bu motiwasiýa elbetde bellibir wagt aralagyna çenli dowam edýär. Biz bu wagt aralygynda, ýagny söýginiň ýaňy başlan iň süýji wagtynda söýgülimiziň diňe gowy taraplaryny görüp, nähili oňaýsyz taraplary bar bolsa ony görmeýäris. Söýgü- limizi erbet tankytlamazlyk üçin beýniň tankyt- laýjy bölümleri ýuwaşladylýar. Gözümiz onuň erbet taraplaryny görmeýär, gözümize bir perde goýlan ýaly bolýar. Bu söýginiň başyndaky bir illýuziýadyr. Ýöne bu illýuziýa soň wagtyň geçmegi bilen aýrylýar we oňuşmazlyklar başlaýar. Şol sebäpli öz pikirimizdäki idealy real kişide gaty ulaltmaly däl, sebäbi idealy- myza ters gelen hereketler wagt geçdigiçe ýüze çykyp başlaýar we sögüşler, çekeleşikler başlaýar.



Söýginiň ömri barmy?


  Gözleglere görä bir söýginiň ömri 18 we 36 aý aralygyndadyr (käbir beýleki çeşmelere görä 12-18 aý). Dünýäde "ömürlik söýgi" diýlen düşünje bar bolsa-da, beýindäki himiki täsir- leriň adaty ýagdaýa gelmegi barlanan-da şeýle netije çykýar. Ýene-de gözlegçiler bu wagty bir çaga dünýä indirmek we ýetişdirmek üçin wajyp bolan wagt bilen baglanyşdyrýarlar. Aşyk bolmak gaty uly, duýguly, tolgundyryjy bir wagt aralygyny öz içine alýandyr we bulam ortaça köp kişi üçin 3 ýyldyr.

  Söýginiň getiren rahatlygy başdaky uly ener- giýa we motiwasiýa bilen dowam etmez. Bellibir wagtdan soň ol kişi adaty durmuşyna dowam edip bilmek üçin bu energiýanyň azalmagyna mätäçlik duýýar.

  Bir kişi birini çyny bilen söýüp, ony gaty
erbet isläp, soňam oňa gowuşdy, käwagt isleýän zatlarymyz-a ýetenimiz-de, pikir edilşi ýaly ýaly ajaýyp bolmaýar. Meselem: bir kişi birini çyny bilen gowy görse, we oňa söz aýtsa, ol hem almasa, ol kişi aglap, ony özünden başga hiçkimiň beýle söýmejegini pikir edip, girýan eýläp ýörer. Emma ol kişi hem oňa gowuşsa, bellibir wagtdan soň ony kän pikir etmez. Sebäbi bu duýgular hakyky däldir, oňa ýetip bileňok we oňa ýetip bilmändigiň üçinem her gün has gamgyn bolýaň, has küýseýäň, eger ýetäýseň bu duýgular bellibir wagtdan soň derrew pytraýar, sebäbi ýetip, ol boşap galan käsäňi doldurdyň. Ýagny bu duýgular, bu zatlar dowamly däldir. Şol sebäpli bir kişiniň oňa ýetip bilmän aglamagy ony söýýändigini görkezmeýär. Bu bir tarapdan erk-ygtybar bilenem baglanyşykly meseledir. Sebäbi beýin mydama aňsat ýoly saýlaýandyr şol sebäpli sähel ara sowuklyk düşse jüwütleriň köpüsi
aýrylyşýarlar.

  Her iki tarapda-da söýgini dowam etdirip bilmek üçin edilen käbir synaglaryň netijesinde jogapkärçiligiň iň esasy aýratynlyklaryň biridigi anyklandy. Ýagny jogapkär adamlar, söýgini edil başdakysy ýaly bolmasa-da, ýyly görnüşde dowam etdirip bilerler.




©Narcissus

51
691
flowers_
15 Mart 2024
@geldiyevna, düşündim😊
Dusia
14 Mart 2024
Dogry aýdylan aglamak-söýgi däl ...
Dusia
14 Mart 2024
Umuman post arkaly erkekleň fiziologiýasy ýaňsydylypdyr 🤐(we "kä bir" zenanlaryň)
flowers_
14 Mart 2024
Netije: maşgalada jogapkärçilik möhüm. Ähli zada bolan söýgüñede erk etmegi başarmaly.
manolya
13 Mart 2024
@flowers_, hawa🙄🤦😬
flowers_
13 Mart 2024
@manolya, senem aldadymy😂
manolya
13 Mart 2024
Bäh ,🤔 senca bilen tmsell bir adam däl- dä garaz
medik_
13 Mart 2024
@Relax, hmmm bilmedim onda yene bizi aldapdyr men seneca diyip😕
medik_
13 Mart 2024
@tim_, barny gossan sol boluberya
medik_
13 Mart 2024
7sani anketam ba diydi hersinde herhili yazysyan diyipdi
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.