tmyigit76
12.03.2024 22:20
Günümiziň 12 sagadyny telefonymyza seredip geçirsek-de, näme üçin düýşlerimizde telefon görmeýäris?


Telefonlarymyz her minutda ýanymyzda.
Irden gözümizi açanymyzdan we gijelerine elimizden goýup bilmeýän tehnologiki enjamymyz. Düýşlerimiz bolsa, aslynda gündiz gümra bolýan zatlarymyzdan, adamlardan we ýerlerden ybarat. Onda näme üçin bedenimiziň bir bölegine öwrülen telefonlarymyz düýşlerimize girmeýär?

Biziň aňymyzdan geçýän ýa-da aladaly zatlaryň şol günüň gijesi düýşlerimize girýändigi bilen gaty tanyş. Şeýle-de bolsa, jübi telefonlary barada aýdylanda, bu beýle däl.

Günde takmynan 12 sagat telefonlarymyza göz aýlasak-da, näme üçin bu tehnologiki enjam düýşlerimize goşulmaýar?

Gözlegçiler 16,000-den gowrak düýşi seljerip, bu düýşlerde telefonlaryň hakykatdanam seýrek bolýandygyna göz ýetirdiler.

Görülme derejesi aýallarda 3,6%, erkeklerde 2,7% boldy. Sebäbi telefon we kompýuter ýaly aragatnaşyk tehnologiýalary dürli transport serişdeleri ýaly bedenimize fiziologiki taýdan göni täsir etmeýär.

Aslynda düýş görmegiň bize nämäni aňladýandygyny görkezýän birnäçe düýş teoriýasy bar.

Mysal üçin, bir teoriýa görä, düýş görmegimiziň sebäpleriniň biri, düýşleriň bize potensial howp abandyrmagydyr.

Bu, gündelik durmuşymyzda haýsydyr bir howply hadysa bilen ýüzbe-ýüz bolanymyzda taýyn bolmaga kömek edýär. Bu howplar, ýolbarsdan gaçmak ýaly fiziki, kimdir biri bizi kakyp geçmesi ýaly duýgur, ýa-da hemmeleriň bize dikanlap seredişi ýaly sosial bolup biler.

Telefonlar bolsa fiziki howp döretmeýär.
Diňe SMS we telefon jaňy arkaly duýguly ýa-da sosial manyda stress ýagdaýyny döredip biler.

Şeýle-de bolsa, bu mümkin bolsa-da, adamlar düýşlerdäki stresleriň köpüsiniň telefon arkaly däl-de, hakyky durmuşda ýüze çykýandygyny bilýärler. Gysgaça; Telefonlarymyzdan aňsatlyk bilen gaçyp bileris, ýöne şahsy howpdan gaça durmak has kyn.

Başga bir teoriýa görä, düýşler her gün duş gelýän şahsy tejribelerimize esaslanýar.

Mysal üçin, bir ýerde köp wagt sarp etsek, bu ýer düýşlerimize girer we söýýän adamlarymyz üçin hem edil şonuň ýalydyr.

Şeýlelik bilen, bu teoriýa görä, gündelik işlemek üçin gündelik tejribelerimizi göz öňüne getirýäris we bu uzak möhletli ýa-da gysga möhletli ýadymyzda maglumatlary tertipleşdirmäge (ýatda saklamaga) kömek edýär.

Emma telefonlarymyzda okaýan maglumat- larymyz hakyky durmuş tejribelerinden gaty tapawutlanýar.

Okaýan kitabymyzy göz öňüne getirmegiň ýerine, şol hekaýada bolmagymyzy göz öňüne getirýäris. Aksion bir film görmegi arzuw etmegiň ýerine, köplenç şol filmiň hereketinde bolmagy makul bilýäris.

Başgaça aýdylanda, telefonlarymyzdaky maglumatlary göz öňüne getirmegiň ýerine, takyk we doly başdan geçirip boljak hakyky durmuşy hyýalymyza getirmegi makul bilýäris.

Başga bir tarapdan, köp adam düýş göreninde wagt görmekde we aýtmakda kynçylyk çekýändiklerini aýdýarlar.

Düýşlerde sözler dogry görünmeýär we sagatdaky sanlar we şekiller täsin görnüşde üýtgeýär. Aslynda, telefonlarymyz şuňa meňzeş maglumatlary görkezýänligi sebäpli, aňymyzda muny simulirlemekde kynçylyk çekýän bolmagy mümkin. Munuň ýerine, telefonlarymyzdan alýan tejribelerimiz hakyky durmuş ýagdaýlaryna geçirilýär.

Gysgaça: Akylymyzyň düýş görýän ýagdaýlarda göçürmekde kynçylyk çekýän käbir görnüşleri bar, mysal üçin ýazmaça eseri okamak ýa-da haýsy wagtdygyny aýtmak.

Oýa wagtymyz telefonlarymyzda başdan geçirenlerimiz, düýşlere däl-de, hakyky durmuşa birleşmek ähtimallygy has ýokarydyr, sebäbi bu biziň üçin akyl taýdan höweslendiriji we aňymyzyň muny simulirlemesi has aňsat.


çeşme: www.webtekno.com
34
121
tmyigit76
12 Mart 2024
@blackp, *galmaýar"- diýjek bolduňyz öýdýän. Ýadyňyzda galan 10% içinde telefon ýadyňyza düşýärmi
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.