tmyigit76
23.11.2023 14:35
ɢɪɴ́ᴅɪʀ ᴅᴜ̈ɴʏ̈ᴇ- ɢᴇɴ̃ᴅɪʀ ᴅᴜ̈ɴʏ̈ᴇ̀ Ⅳ




Adam anatomiýasy hakda






• Adamyň kelleçanagynda 29 sany süňkden ybarat bolan tollum bar.


• Adamyň boýy başynyň 7,5 essesi, göwre başyň, gol eliň, satan hem aýagynyň 10 essesidir.


• Ynsanyň saçynyň tarynyň sany 100 müňden geçýär. Her günde ortaça 80, 100 töweregi saç tarlary düşýär.


• Adam ortaça ömründe 25 million gezek açylyp ýumulýar


• Ynsan bedeninde 2000 gan damary bolup, şonuň 72 sanysy hemişe hereketde bolýar.


• Birini ýatlamak üçin beýnimiziň sag tarapyny ulanýarys.


• Adam asgyranda beden agzalrynyň ählisi, şol sanda ýüregi hem sähel salymlyk togtaýar

• Adam beýnisiniň 80%-i suwdan durýar. Onuň ortaça agramy 1,3 kg barabar.


• Sag elini ulanýan adamlar çepbekeýlere garanyňda 9 ýyl uzak ýaşaýarlar.


• Adam asgyran wagtynda onuň agzyndan çykýan howa akymynyň tizligi 100 km/sag ýetýär


• Akyl zähmetinden ýadan adamlar sary güllere seredende gözüniň ýadawlygyny aýyrýar.


• Görülen düýşüň nämeden başlanandygyny ýatlamak mümkin däl.


• Adamlar köplenç pyşyrdap gürlenende ynanýarlar.


• Adamzat bütin ömrüniň dowamynda 40 tonna iýmit iýýär.


• Adam ýylgyranda on ýedi sany myşsa hereketlenýär.


• Eger utanjyndan ýaňa adamyň ýüzi gyzarsa, aşgazanyň içki tarapy hem gyzyla öwrülýär.


• Sag el sähelçe uzynrak, sag gulak hem has gowy eşidýär.


• Bizim iň sowuk synamyz - burun, iň gyzgyn synamyz - bagyrdyr.


• Adamyň bedeninde 5 sm çüý ýasap boljak möçberde demir bardyr


• Adam Ömrüniň ortaça 5 ýylyny iýip-içmek üçin sarp edýär.


•Erkek adamlaryň beýnisi aýallaryňka garanyňda uly bolýar. (belki şoň üçin erkekler akyllydyr🤣)




ADAMYŇ GÖZI BARADA GYSGAÇA:

• Adamyň gözi 1 sekuntda 36 müň zady tapawutlandyryp beýnä ugradyp bilýär we umumy 10 milliondan gowrak zatlary görüp, saýgaryp, biri-birinden tapawutlandyryp bilýär.

• Adamlar ortaça 1 minutda 12 gezek we 1 günde bolsa 10 müň gezek göz gyrpýarlar. Bu bolsa 1 güniň 25 minudyny göz gyrpmak üçin sarp edýändigimizi aňladýar.


• Häzirki tehnologiýalar bilen adamyň gözüniň reňkini doly üýtgedip bolýar.


• Gözleglere görä, aýal maşgalalalaryň gözi erkeklere görä has köp reňk görýär. Erkekleriň gözi bolsa aýal maşgalalalaryňka görä çat hereket edýän zatlary has gowy görme ukybyna eýe


• Adamyň her gözünde 107 million öýjük bar we bularyň ählisi diýen ýaly ýagtylygy duýýar.


• Dünýäde adamlaryň 12-den birinde daltonizm keseli bar, ýagny olar belli bir reňkleri görmeýärler.


• Adamyň gözüniň daşky perdesi gan aýlanyşygy bolmadyk ýeke-täk synadyr.


• Gözümiziň görýän ähli reňkleri 3 sany reňkden emele gelýär. Olar: gyzyl, ýaşyl, gök.


• Göz bedenimizdäki iň köp hereket edýän myşsadyr. Ol beýnimiziň işleýiş kuwwatynyň 65 göterimini eýeleýär.


• Adam gözüniň ortaça diametri 2,5 sm bolup, agramy 8 gramdyr.


• Asmany arassa gijede adam adaty gözi bilen 2 müň ýyldyzy görüp bilýär


• Reňk saýgaryp bilmezlik erkeklerde, aýallara garanyňda 10 esse ýokarydyr.


• Gözüň açyk ýagdaýda asgyryp bolmaýar.


• Adamyň gözi hiç wagt ulalmaýar. Ýöne burundyr gulaklar hemişe ösüşde bolýar


• Zenanlar erkeklere garanyňda gözlerini iki esse köp gyrpýarlar.


• Adam halaýan zadyna seredende onuň göreji 45% ulalýar.


• Adam aglanda akýan gözýaşynyň gyzgynlygy 40° C derejä deňdir.


Dowamy bar...
37
274
tmyigit76
22.11.2023 20:45

Bütin dünýäde «Boýun egmegiň» simwolyna öwrülen Ak reňk hakda 9 sany gyzykly maglumatlary, «öwrenmeliniň» ak ýürekli agzalary üçin jemledik








Ak reňk adamzadyň ilkinji günlerinden bäri ýanynda. Biz onuň bilen diwarlary boýadyk, geýdik, obýektleriň reňki hökmünde peýdalandyk we ahyrsoňy ekranlarymyzda ulandyk. Ak reňk bilen baglanyşykly adaty we hatda mistiki manylardan başga-da, ylmy taýdan gözden geçirenimizde ýüze çykýan gyzykly maglumatlar hem bar.



Adam dörän badyna töweregine göz aýlady we ilkinji reňkler bilen tanyşdy. Bu reňkleri aldy, olar bilen birneme gyzyklandy we ulanyp başlady. Bularyň biri, belki-de iň gadymylaryndan biri, diwarlary ak reňk bilen boýap, eşiklerimiziň aýrylmaz reňkine öwürdik, döreden zatlarymyzda ulandyk we häzirki wagtda tehnologiýanyň kömegi bilen hatda ony ekranlarda ulanyp bilýäs.


Ak reňki iki dürli nukdaýnazardan garamak mümkin: medeni we ylmy. Elbetde, biz onuň medeni bölegi barada gürleşeris, ýöne müňlerçe ýyl bäri ulanyp gelýän reňk bolany üçin, onuň içine çuňdan aralaşsak aňsatlyk bilen azaşyp bileris. Ylmy maglumatlar ajaýyp jikme-jikliklerden doly. Käbir gyzykly maglumatlarda ak reňk göreniňde kelläňe gelýän ähli pikirleri düýpgöter üýtgedýär.



Ak reňk barada maglumatlar:


• Irki adamlar gowagyň diwarlarynda ak reňk ulanypdyrlar.


• Ak reňki diňe ulanman, eýsem, oňa manylary berdik.


• Ak reňk, boýun egmegiň halkara nyşanydyr.


• Aslynda ak yşyk ýok.


• Ak ses düşünjesi ak ýagtylykdan gelip çykýar.


• Ak reňkiň kölegesi ýok.


• Biraz wagtlap ak kosmetiki önümleri ulanmak zäherlenmegi aňladýar.


• Ak reňki ýagtylygyň kömegi bilen obýektlerde görýäris.


• Uzak ýyllaryň dowamynda ak reňke dürli syýasy manylar berildi.


Ýokarky getirilen 9 sany maglumatlaryň üstünde durup geçeliň:



▶Irki adamlar gowagyň diwarlarynda ak reňk ulanypdylar:



Gowak döwründe ýaşaýan ilkinji suratkeşdigiňizi göz öňüne getiriň. Şol diwarda yz galdyrmak üçin haýsy reňkleri ulanardyňyz? Daş töweregiňize seretseňiz, ilki bilen salamlaşýan zatlar uglerod daşlarynyň garasy, gara topragyň gyzylymtyl reňkleri, magniý goňur we hek daşynyň aklary bolar. Hut şu döwürde adamlar ak reňk bilen ilkinji gezek tanyşdylar. Takmynan 20 müň ýyl ozal adamlar gowak suratlaryny ýasamak üçin ak reňkden netijeli peýdalanypdyrlar.


* * *


▶ Biz diňe ak reňki ulanman, eýsem, oňa manylar berdik:



Ak reňk bütin dünýäde arassalygyň we bigünäligiň nyşany hasaplanýar. Şonuň üçin papalar XVI asyrdan bäri ak köýnek geýýärler. Zyýarat etmek isleýän musulmanlaryň geýen yhramy hem akdyr. Rim döwründe erkekler diňe ulalansoň ak geýip bilýärdiler. Ýaponlaryň dini bolan Şintoda mukaddes ýerler akdyr.


Ak reňkiň manylarynyň arasynda başga bir gyzykly maglumat bar. Ak reňk bütin dünýäde arassalyk we bigünälik hasaplansa-da, hindiler üçin başgaça many berýär. Hindi zenany adamsy ölenden soň ak eşik geýýär, sebäbi ynançlaryna görä ak reňk matamy aňladýar. Günbatar medeniýetinde nika dabarasynda hindilere ak toý köýnek geýmegiň nähili geň görünýändigini pikir edip görüň!


* * *


▶ Ak reňk, boýun egmegiň halkara nyşanydyr:



Gören filmlerimizi ýada salalyň: Duşmanlar bilen gurşalan adam gaçyp bilmejekdigine göz ýetirýär we ak matany taýaga daňýar we boýun egmegini görkezmek üçin beýleki tarapa görkezýär. Bu diňe bir fantastika däl, ak baýdak 1949-njy ýylda Ženewa konwensiýasynda halkara boýun egmegiň nyşany hökmünde kabul edildi. Ak baýdagyň boýun egmek üçin ilkinji gezek XIV-XV asyrlarda Angliýa bilen Fransiýanyň arasyndaky 100 ýyllyk söweşde boldy.


* * *

▶ Aslynda ak yşyk ýok:



Bu makalany okanyňyzda-da, ekranyň käbir ýerlerinden ak ýagtylygy görýändigiňize bilýäris, ýöne aslynda bu ýagtylyk ak yşyk däl. Alada etme, gözleriň güýçli, aslynda gaty güýçlidir, sebäbi gözleriňiz birden köp reňkdäki ýagtylygy ak reňkde görkezýär. XVII asyrda Isak Nýuton tarapyndan geçirilen synagda subut edilişi ýaly ak ýagtylyk hakykatdanam ähli reňkleri öz içine alýan yşykdyr. Ekranda görýän ak çyra, gyzyl, ýaşyl we gök reňkleriň garyndysy bolup, RGB hem diýilýär.


* * *


▶ «Ak ses» düşünjesi ak ýagtylykdan alnan:



Esasanam bäbekleri gowy uklatmak üçin ulanylýan ak ses düşünjesini eşiden bolsaňyz gerek. Dyngysyz dowam edýän bu ses aslynda ýekeje ses däl-de, ähli sesleriň utgaşmasydyr. Ak çyranyň ähli reňkleriň ýagtylygynyň utgaşmasy bolşy ýaly, ak ses hem ähli ses ýygylyklarynyň diýen ýaly birleşmegi netijesinde döredilen sesdir. Belki şonuň üçinem şeýle teselli berýär.


* * *


▶ Ak reňkiň kölegesi ýok:



Gündelik durmuşda goýy ak, açyk ak ýaly dürli terminleri ulanýarys, ýöne aslynda bularyň hemmesi ýalňyş, sebäbi ak akromatiki reňk, ýagny äheňi (görnüşi) ýok. Pildişi ak , kremden ak, goýy we sarymsak ýaly ak reňkler diýip hasaplaýan reňkler, aslynda ak reňkiň kölegesi ýa-da dürli reňkler bilen garyşmak arkaly döredilýär. Muny ak reňk diýip atlandyryp bileris. Hakykatdanam kölegeleri we görnüşi bolan reňk gara.


* * *


▶ Birnäçe wagt ak kosmetika serişdelerini ulanmak zäherlenmegi aňladýar:


Ulanylýan kosmetiki önümleri göz öňüne getireniňizde, olaryň hemmesiniň diýen ýaly akdygyny görersiňiz. Munuň esasy sebäbi, olaryň arassalaýyş aýratynlyklaryny görkezmekdir. Kosmetika önümleriniň ak bolmagy köne däp. Öndürijiler 20-nji asyra çenli kosmetiki önümleriň reňkini aklamak üçin gurşun ulanýardylar. Gurşunyň zäherli metaldygy ýüze çykarylandan soň, bu amal üçin dürli pigmentler ulanylyp başlandy. Şol wagt näçe adamyň gurşun bilen zäherlenendigini kim bilýär?


* * *


▶ Ak reňk ýagtylygyň kömegi bilen obýektlerde görýäris:


Aslynda, ýagtylygyň kömegi bilen obýektleriň ähli reňklerini görýäris. Beýlekilerden tapawutlylykda ak üst, düşýän ýagtylygyň haýsydyr bir bölegini siňdirmän, üstüne düşýän ýagtylygy dürli-dürli görkezýär. Ýagtylygyň tolkun uzynlygyna we spektral paýlanyşyna garamazdan, siňdirilmeýän şöhlelenme sebäpli görüp bilýän iň açyk reňkimiz ak bolýar. Şonuň üçin ak reňkdäki beýleki reňkleri has aýdyň görýäris.


* * *


▶ Uzak Ýyllaryň dowamynda ak reňke dürli syýasy manylar berildi:


Fransuz rewolýusiýasy wagtynda gozgalaňçylar ak baýdak ulandylar. Bolşewik rewolýusiýasyndaky milletçilerden, liberallardan we monarhistlerden ybarat goşunyň ady Ak goşun. Finlýandiýanyň raýat urşunda bir topary özüni ak reňkde görkezdi. Eýranda şany agdaran rewolýusiýa "Ak ynkylap" diýilýär. Amerikanyň raýatlyk urşundan soň döredilen jynsparaz gurama Ku Klux Klan ak eşik geýipdi. Nasist Germaniýasy döwründe "Ak gül'' atly zorluga garşy topar bardy. Başgaça aýdylanda, ak reňk her döwürde dürli manyly dürli toparlar tarapyndan ulanylýar.



Adamzat döräli bäri dürli manylarda ulanýan ak reňk hakda gyzykly maglumatlar kän. Türkmen halkymyzda hem «Ak zat alnyňa ýagşy» diýen söz bar. Ak zady (süýt, çal) gije bermek hem gowy görülmeýär.




©Çeşme : www.Webtekno.com habarlar saýtyndan öwrenmeli üçin ýörite

55
369
tmyigit76
22.11.2023 11:51
ɢɪɴ́ᴅɪʀ ᴅᴜ̈ɴʏ̈ᴇ- ɢᴇɴ̃ᴅɪʀ ᴅᴜ̈ɴʏ̈ᴇ̀ III




Haýwanat dünýäsi II





• Möjekler bir günüň dowamynda 9 kg et iýýärler.


• «Öküz akulasy» diylip atlandyrylýan akulalaryň çagalarynyň dişleri heniz dünýä inmänkä ösüp başlaýar.


• Delfinler ýatanlarynda bir gözlerini açyp ýatýarlar.


• Pişikler bir günüň dowamynda 18 sagat ýatýarlar.Ýöne, şeýle-de bolsa, olar töweregindäki zatlary duýýarlar we tiz ukudan oýanyp bilýärler. Onuň murtjagaşlary arkaly ýakynlaşyp gelýän howpy duýup bilýär.


• Doňuzlar asmana seredip bilmeyärler. Sebäbi olaryň boyunlary bolmaýar.


• Ak aýylar iýmit gözleginde 700 km ýüzüp bilýärler.


• Sargan balyklarynyň süňkleri (gylçyklary) ýaşyl reňkdedir.


• Pişikler 100-den gowrak ses çykaryp bilýär. Itler bolsa bary-ýogy 10 ses çykarýar.


• Itler 250-den hem artyk hereketleri ýerine ýetirip bilýär. Şeýle-de olar bäşe çenli sanap bilýär. Olaryň aň derejesi iki ýaşly çaganyňky bilen deň bolýan eken.


• Pingwinler 1.5 m çenli böküp bilýärler.


• Köpler geçigaplaňydünýädäki iň ýyndam jandar hasaplaýar. Emma Peregrin bürgüdiniň tizligi sagatda 389 km ýetýär.


• Ýabany kengrularyň kellelerine kameralary dakmak nämä gerek diýsene! Şeýtmek bilen, adamlaryň basyp bilen adamlar baryp bilmeýän howply hem-de kyn ýerlerini synlap bolýar.


• Zäherli jandar diýilse bada-bat ýylan göz öňüňize geler. Emma dünýäniň iň zäherli jandary ok gurbagasydyr.


• Düýegişuň beýnisi gözüniň ululygyndan hem kiçidir.


•.Teneçiriň alty sany aýagy bar. Emma muňa garamazdan, olar ýoräp bilmeýär.


•. Garga iň akylly guşdyr.


• Osminoglaryň gany gök reňkli.


• Şimpanze aýnada özüni tanaýan ýeke-täk jandardyr.


• Ýer ýüzündäki jandarlaryň içinde, göresine garanyňda beýnisi iň ulusy garynjadyr.


• Çybynlar ganatyny sekuntda 500 gezek kakýarlar.


• Hindi sagan guşy sagatda 160 km tizlik bilen uçup bilýär.


• Dünýäde ýarganatlaryň ortaça 2000 görnüşi bar.


• Käbir piller we žiraflar koplenç dik duran ýerinde uklaýarlar


•Kebelek gurçugynyň bedeninde 2000 myşsa bar.


• Syçan büresi iň çalasyn büredir. Ol hiç durmazdan, üç günläp sagatda 600 gezek boküp bilýär.


• Garynjalaryň adamlaryňky ýaly süňki ýokdur. Emma olar öz agramyndan 50 esse agyr ýüki göterip bilýär.


• Alymlaryň aýtmagyna görä büräniň 11 müň gornüşi bar. Olar 40 million ýyl bäri ýaşaýarlar.


• Uzynlygy 2 metr, agramy 300 kg bolan deňiz pyşdylynyň bir görnüşi sagatda 10 km ýoly geçip bilýär.


• Geçigaplaň gysga wagtyň içinde tizligini sagatda 110 km ýetirip bilýär. Jerenler bolsa 183 km ýoly 98km/sag tizlik bilen geçmegi başarýar.


•Erkek žiraflaryň boýny 5 metre ýetýär.


• Ýabany pişikler we gaplaňlar beýikligi 3.5 metre barabar bolan agaçlaryň üstünden böküp geçip bilýärler.


• Gury ýerde ýaşaýan Gyzylguýryk syçanlaryň kellesinden guýrugyna çenli uzynlygy 6-8 sm barabar. Onuň guýrugynyň uzynlygy 2,5 sm, özüniň agramy bolsa 1,2-2,5 grama deňdir


• Ýer ýüzündäki iň iri haýwan afrikan pilidir. Onuň holtumyndaň guýrugyna çenli uzynlygy 10 m, agramy bolsa 8 tonna barabardyr.


• Aýylaryň 42 sany dişi bardyr.


• Akulalar hiç wagt kesellemeýärler. Sebäbi olaryň bedeninde islendik kesellere garşy göreşip bilijilik ukyby bar.


• Gury ýerde ýaşaýan haýwanlaryň arasynda iň gaty gygyrýany maýmyndyr. Onuň sesi 16 km uzaklykdanam eşdilýär.


• Öň hiç görmedik ýerine taşlanan kepderi 2400 kilometrden hem oýüni tapyp bilýär.


•Akulalaryň 200 görnüşiniň diňe 12 görnüşi adam üçin howpludyr.


• Iň çalt uçýan guş laçyndyr. Ol sagatda 160 km aralyga uçup bilýär.


• Gotanyň 30 sm uzynlykdaky çüňküniň aşagyndaky torba 12 litr suw ýa-da 13 kg balyk sygýar.


Dowamy bar...
33
175
tmyigit76
21.11.2023 22:14

NASA we Ýaponiýa taryhda ilkinji agaç hemrasyny uçurar: Ýöne näme üçin?







NASA we Ýaponiýanyň Aerokosmiki gözleg gullugy (JAXA) kosmos uçuşlaryny has durnukly etmek üçin dünýädäki ilkinji agaç hemrasyny kosmosa uçurmagy meýilleşdirýärler.


Geçen aýlarda Ýaponiýanyň kosmosa agaçdan emeli hemrany uçurmak meýilnamasynyň bardygyny aýdylypdy. Indi bu meýilnamalar gutarnykly tabşyryk bolar. NASA we Ýaponiýanyň Aerokosmiki gözleg gullugy (JAXA) has durnukly kosmos missiýalary üçin kosmosa dünýäde ilkinji agaç hemrasyny uçurmagy meýilleşdirýärler.




NASA we JAXA-nyň habaryna görä, manoliýa agajyndan ýasalan kofe käse ölçegli hemra “LignoSat” 2024-nji ýylyň tomsunda Ýeriň orbitasyna uçurylar.


Kosmosda agaçdan ýa-da agaç (hawa, agaç) materiallaryň ulanylmagy gaty möhüm artykmaçlyklary bardyr. Kosmasyň howasyz boşlugynda agaç ýanmak ýa-da çüýremek ýaly tebigy kynçylyklara duş gelmez. Şol bir wagtyň özünde, agaç hemralary Ýeriň atmosferasyna täzeden girenlerinde çalt ýanar we zyýansyz kül böleklerine öwrüler. Bu pikir agajy, geljekki hemralar üçin geň galdyryjy peýdaly, biologiki dargap bilýän materiala öwürýär Şu ýylyň başynda Halkara kosmos stansiýasynda (ISS) agaç nusgalaryny üstünlikli synagdan geçiren alymlar synag hemrasynyň uçurylmagy üçin amatlydygyna ynanýarlar.



Gözlegçiler maý aýynda beren beýanatynda "Üç sany agaç nusgasy synagdan geçirildi we kosmos şertleri täsir edenden soň hiç hili deformasiýa görkezilmedi" -diýdi. Möhüm temperatura üýtgemelerini, güýçli kosmiki şöhlelere we howply gün bölejiklerine 10 aý täsir etmegi öz içine alýan barlaglarda kosmosyň daşky gurşawyna garamazdan, hiç-hili jaýrylma, egrelme, daş gabyga zeper ýetmegi ýaly materiallaryň deformasiýasynyň ýokdugyny tassyklady.



Haýsy agajy ulanmalydygyny kesgitlemek üçin alymlar kosmos giňişligindäki modulda gorap saklamak üçin üç sany agaç nusgasyny - magnoliýa, kiraz we huşy ISS-e iberdiler. Barlagçylar önümçilik wagtynda bölünmek ýa-da döwülmek ähtimallygy azlygy sebäpli magnoliýa agajyny saýladylar



Häzirki wagtda 8,440 metrik tonnadan gowrak kosmos obýekti Ýeriň daşyndan aýlanýar, şol sanda işlemeýän hemra we kosmos galyndylary we sarp edilen raketa gabyk bölekleri hem bar. Metaldan ýasalan kosmiki gämiler hem gaty gymmat we atmosfera täzeden girensoň, eger ol ýeterlik derejede uly bolsa, aşakdaky adamlar üçinem howp döredýär. Gözlegçileriň pikiriçe, LignoSat ýaly agaç hemralary teoretiki taýdan kosmos galyndysy hökmünde az zyýanly bolup durýar.




© Çeşme : www.DonanimHaber.com

52
273
tmyigit76
21.11.2023 09:54
ɢɪɴ́ᴅɪʀ ᴅᴜ̈ɴʏ̈ᴇ- ɢᴇɴ̃ᴅɪʀ ᴅᴜ̈ɴʏ̈ᴇ̀ II


Haýwanat dünýäsi I





• Dünýädäki ähli jandarlaryň ýürekleriniň içinde iň ýürek gök kitiňkidir. Onuň ýüreginiň damarynyň içine adam sygýar we minutda 9 gezek urýar. Diňe bu hem däl. Ol kitiň diliniň agramy piliň agramyndan-da agyr bolýar.


• Siňek sagatda 8 kilometr tizlik bilen uçup bilýär.


• Gaplaňlaryň diňe tüýi däl, derisi hem aladyr.


• Jüýjeler ýumurtgasyndan çykmazyndan ozal enesi bilen ses arkaly gürleşýän jandardyr.


•Häzire çenli garynjalaryň 12 müňden gowrak görnüşi hasaba alynypdyr.


• Deňiz ýyldyzlarynyň beýnisi ýokdur.


• Ak aýylar dünýäniň iň güýçli we owadan ýyrtyjylary hasaplanýar. Olaryň derisiniň reňki gara, tüýi bolsa reňksiz durudyr.


• Kerkiň şahy süňkden ýaly bolup görünsede, dykyz tüýden ybaratdyr.


•Piller äpetligine garamazdan mylaýym jandardyr. Olar syçandan gorkýar we böküp bilmeýärler. Dört tirsekli ýeke-täk haýwan hem pil hasaplanýar.


•Kebelekler iýmitiň tagamyny aýaklary bilen duýýarlar


•Pişikleriň her gulagynda 32 sany myşsa bar.


• Bize tomus pasly duşýan teneçirler ýöne jandar däl-de, ýyrtyjydyr. Ol iň köp iýýän mör-mojek bolmagy bilen, siňekleri, dürli mör-möjekleri iýýärler we tutmak isleýän awuny sypdyrmaýarlar.


• Baýguşlar göň reňki görüp bilýän ýeke-täk guşdur.


• Dünýäde adam başyna düşýän garynjalaryň sany bir milliona barabardyr.


• Dünýädäki jandarlaryň 80%-i alty aýaklydyr.


• Begamotlar adamdan çalt ylgaýar.


• Kengrular yzlygyna ýöräp bilmeýärler


• Pingwin ýüzüp bilýän emma uçup bilmeýän hem-de adam ýaly iki aýakda ýöräp bilýän ýeke-täk guşdyr.


• Žiraflaryň bedenindäki tegmiller edil adamlaryň barmak yzlary ýaly gaýtalanmazlyk häsiýetine eýe.


• Kalibr iň kiçi guş bolup ýöräp bilmeýär we yzlygyna hem uçup bilýär.


• Delfinler uklan mahaly bir gözi açyk ýatýarlar.


• Leňňeçler bir ýyllap iýmitlenmän ýaşap bilýär.


• Suw samyrlary uklan wagtlary aýra düşmezlik üçin biri-biriniň ellerinden tutup uklaýan ýeke-täk jandardyr.


• Dünýäde iň köp saýraýan guş - Bilbil bolup, ol 2 müňden gowrak äheňde saýramagy başarýar.


• Dünýäde iň kiçi it Meksikada ýaşaýar. Onuň boýy bary ýogy 15 santimetrdir.


• Akulalar 94 litr suwda 1 damja ganyň ysuny 5 km uzaklykdan duýup bilýär.


• Gara siňekler «fa» notasyna görä ses çykarýarlar


• Gunduzlaryň dişleri doglan gününden başlap ösüp başlaýar we bu ösüş hiç togtamaýar. Olar dişleriniň ösüşini sazlamak üçin agaçlary gemirýärler.


• Pingwinleriň erkegi 2 aýlap ýumurtga basyp oturýar hem-de ýerinden gymyldaman, ene pingwiniň
iýmit getirmegine garaşyar.


• Arylar hiç haçan uklamaýar.


• Möjekler bir günüň dowamynda 9 kg et iýýärler.


• «Öküz akulasy» diylip atlandyrylýan akulalaryň çagalarynyň dişleri heniz dünýä inmänkä ösüp başlaýar


Dowamy bar ...
31
213
tmyigit76
20.11.2023 19:10
ɢɪɴ́ᴅɪʀ ᴅᴜ̈ɴʏ̈ᴇ- ɢᴇɴ̃ᴅɪʀ ᴅᴜ̈ɴʏ̈ᴇ̀ I







• Mark Tweniň «Tom Soýeriň başdan geçirenleri» atly eser çap maşynynda çap edilen ilkinji kitapdyr.


• Bethowen kellesini sowuk suwa ýuwup onsaň saz düzmäge başlaýan eken.


• 1979-njy ýylyň 18-nji fewralynda Sahara çölüne ilkinji gezek gar ýagýar.


• Şekeri iň köp eksport edýän ýurt Kubadyr.


•Eýfel diňiniň çürbaşyna çykmak üçin 1792 basgançakdan geçmeli.


• Aswalt ýoluň iň köp ýurdy Fransiýadyr.


• Nýuton dartyş güýjüni 23 ýaşynda açypdyr.


• Ortaça ululykdaky buzdagynyň (aýsberg) agramy 20 million tonnadyr


• Iň kyn ereýän metal wolfram bolup, ol 3410 dereje gyzgynlukda ereýär.


• Weneradaky Makswella atly dagyň beýikligi 11 km-e ýetýär.


• Ýewropada çöl ýokdur.


• Iň gymmat metal Radiý bolup, onuň 1 gramy 25 kg altyna barabar.


• Bambuklar omründe ýekeje gezek gülleýär we şondan soň guraýarlar.


• Ýer şarynyň suwunyň 97%- ummanlardadyr.


• Ýer ýüzündäki organizmleriň 70%-den gowragy bakteriýalardyr.


• Gaiti döwletinde hiç hili agaç ýok.


• Baýdagy dört burç bolmadyk ýeke-täk ýurt Nepaldyr.


• Ady belli «samsung» markasy "sem-sang" diýip okalýar.


• Gresiýa döwletiniň senaşynyň 158 görnüşi bar.


• Sirk - iň gadymy sungat bolup «Aýlaw» diýmegi aňladýan


• Iň çalt ösýän agaç pawloniýadyr. Ol bir ýylyň dowamynda 7 m çenli ösüp bilýär.


• Iň uly Gerbariý toplumy Pariž muzeýinde ýerleşýär. Muzeýiň gerbariý toplumynda 6200000 sany eksponat jemlenendir.


• Iň uly botanika bagy Londanda ýerleşýär. Onuň meýdany 110 gektara barabar. Bu botanika bagynda ösümlikleriň 24 müňe golaý görnüşi bar.


• Dünýäde takmynan 6700 dürli dil bar.


• Gawaý elipbiýinde 12 sany harp bar.


• Gün biziň galaktikamyzyň merkeziniň töwereginden 250 km/sek tizlikde aýlanýar.


• Ýagtylyk günden ýere 8 min 18 sek gelip ýetýär


• Ösümlikleriň ösüp oturan ýerinde tozan 20-30%, goh galmagal bolsa 50% azdyr.


• Goýy we asman reňkli güller nerw ulgamyny rahatlandyrýar.


• Orta ululykdaky bir agaç üç adamy kislarod bilen edýär.


• Bir gektar mekgejöwen ekinzarlygy ýylda 15 tonno kislarod berýär.


• Bir gektar ýerde ösýän ösümlikler her günde 220-280 kg çenli kömürturşy gazyny kabul edip, 180-220 kg çenli kislarod bölüp çykarýar. Munuň özi her sagatda 200 adamyň arassa howadan dem almagydyr.


• Banan miwesi hiç wagt hiç kimde gijilewük döretmeýär.


• Saz agyryny kemeldýär


• Bal - bu hemişelik iýmit bolup, müň ýyldan soň hem zaýalanmaýar.


• Kino taryhynda iň gymmat film «Karib deňziniň garakçylary: Ýer düýbünde» atly film hasaplanýar.


• Norwegiýada awtobusda garrylara ýaşlaryň ýer bermegi hökman däl. Beýle herekete olar özüňi olardan üstün goýan ýaly düşünýärler.


• Hytaýda öý bikesine gül sowgat edilmeýär. Çünki bu hereket bilen myhmanlar öý onçakly owadan bezelmänligi üçin gül alyp gelipdirler diýip kabul edýärler.


• Berlenen şahadatnamanyň ýanyp ýok bolanlygy sebäpli, häzire çenli ot söndürijini oýlap tapanyň kimdigi bilinmeýär.


• Germaniýadaky ilkiňji baýramçylyk arçalary gazyň boýalan perlerinden ýasalypdyr


(Dowamy bar...)
34
176
tmyigit76
20.11.2023 08:23

Alymlar tassykladylar: Muny banýada ýa-da awtoulagda hökman ýerine ýetiriň!







Suwa düşmek diňe bir arassalanmak üçin däl, eýsem işe uly ruhybelntlikli başlamak üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Ýöne ýuwunanyňyzda suwuň sesini eşitmek däl-de, käbir sazlary diňlemek keýpiňize nähili täsir edip biljekdigi hakda pikir edip gördüňizmi?


Suwa düşeniňizde ýa-da ulag süreniňizde halaýan aýdymlaryňyzy aýtmak diňe bir gyzykly iş däl, saglygyňyza hem oňyn täsir edip biler. Alymlaryň gözlegi, duşda aýdym aýtmagyň birnäçe peýdasyny ýüze çykardy.


Alymlar duşda aýdym aýtmagyň stressi peseldýändigini we umumy keýpiňe oňyn täsir edýändigini kesgitlediler. Aýdym, bedendäki endorfinleriň bölünip çykmagyny artdyryp, adamy bagtly duýup, günüň galan bölegini energiýa bilen başlamaga kömek edip biler.


Mundan başga-da, duşda aýdym aýtmak bedendäki myşsalary gowşadyp, beden rahatlygyny üpjün edip biler. Ritmiki aýdym aýtmak, dem almagy kadalaşdyrmak, umumy rahatlyk duýgusyny döretmek arkaly kislorodyň kabul edilmegini artdyryp biler.


Hünärmenler duşda aýdym aýtmagyň hem özüňe bolan ynamy artdyryp, aragatnaşyk endiklerini ýokarlandyryp biljekdigini bellediler. Aýdym aýtmak, öz sesiňi eşitmäge we beýan etmek ukybyny güýçlendirmäge mümkinçilik berýär.



Ruhy taýdan dynç alyş:


Aýdym diňe bir duýgy rahatlygyny üpjün etmän, ruhy rahatlygy hem berip biler. Aýdymlaryňyzy aýdanyňyzda akyl taýdan dynç alýarsyňyz we gündelik aladalardan dynarsyňyz.


Aragatnaşyk endiklerini güýçlendirmek:



Sesiňi ýokarlandyrmak, özüňe bolan ynamyňy artdyryp, aragatnaşyk ukyplaryňy ösdürip biler. Öz sesiňi eşitmek, özüňe bolan ynamyňy artdyrýar we sözleriňi beýan etmek ukybyňy ýokarlandyrýar.



Fiziki dynç alyş:


Aýdym aýdýarka, beden ritm bilen sazlaşyp, myşsalaryň rahatlanmagyna we fiziki stresiň peselmegine kömek edýär. Muny awtoulagda aýdym aýtmak arkaly gazanyp bolar, esasanam uzak ýollar gitýäner.


Duşda aýdym aýtmak diňe bir gyzykly bolman, eýsem sagdynlyk üçin endik bolup biljekdigini ýadyňyzdan çykarmaň. Gündelik stresleri azaldyň, güýjüňizi artdyryň we keýpiňizi gowulaşdyryň. Bularyň hemmesi diňe bir duş!



Çeşme : Cumhuriyet.com

32
98
tmyigit76
19.11.2023 18:32

Telefonyny söýýänler bärdemi siz





😊- Dos düýn ejemiň arzuwy hasyl boldy

- Näme boldy


- Telefonym döwüldi



😊 Bir adam lukmana arz edip barýa:


- Lukman, men günde dynman arbujakdan ýel göýberýän(düşünen düşündi😁) Emma ne ys gelýä ne-de ses. Edil şu wagtam göýberdim, ýöne siz duýmadyňyz. Muny bejerip bolmaýamy?

Lukman ony diňlapdirde:

- Hmmm bolýa, men size leçeniýa ýazyp berjek, wagtly-wagtynda içiňde ýene bir hepdeden geliň"- diýip ony ugradýar.

Ýaňky adam dermanlary satyn alyp,içip bir hepdeden ýene barýa:

- Lukman, dermanlaň täsir edip başlady. Ysy gelýä, ýöne ses ýok. Indi näme edeýin


Lukman:

- Hmm düşnükli, diýmek siziň burnuňyz düzelipdir. Indi siziň gulagyňyzy bejermelidi




😊. Käbir adamlaryň baýamak boýunça düşünjesi:

Bir baý adamy tapýaň. Goňşysy bolýaň. Hezil edip üstünden gülýäň. «Gülme goňşyňa geler başyňa» Netijede: ýuwaş - ýuwaşdan baýaýaň....




😊 Aman bilen Çary diýen iki sany işsiz adam bolan. Bular bile otyrka Aman Çara ýüzlenip:

- Gel ikimiz aýal eşigini geýip köçä çykaly. Tanarmykalar barlap göreli"- diýýär.

Çary hem razy bolup öýne barýada aýalynyň eşiklerini üstüne atyp köçä çykýa. Görse köçede bir daýza dur. Çary onuň ýanyna baryp:

- Salamälik daýza" - diýýä weli, daýzada:

- Gowmyň Çary diýip jogap berýä.

Çary bula meni tanadow diýip öýne gaýdyp täzeden aýalynyň owadan eşiklerini, köwşüni geýip ýene çykýa. Görse ýene şo daýža dur. Onuň ýanyna baryp habar gatýa. Daýza ýene:

- Gowmyň Çary"- dp jogap berýä

Çary ýene bolmadow diýip aýalynyň iň gowy köýnegini geýip atyryny sepinip, zynjyr, ýüzüklerini dakyp köçä çykýa. Görse ýene şo daýza dur. Ýene baryp daýza :

- Salamälik daýza - diýýä weli

Daýza ýene Gowmy Çary"-- diýip jogap berýä.

Çary haýran galyp:" Daýza siz meni nirden tanaýaňyz"- diýse, ýaňky daýza:

- Ahow Çary bu men Aman" diýip jogap berýär



😊Bizenesmen adam ýaş ogluna öz işini öwredip ýör:

- Seret, oglum, bu stanok. Şu deşikden çig maly, boýagdyr, topragy salýaň. Beýleki tarapyndan bize gerek önümi ýasap çykarýar.

- Kaka bärki deşikden salyp, ýene şundan çykar ýaly edip bolanokmy?

- Oglum, o tehnologiýa diňe ejeňde bar.




😊 Bir är-aýal çaý içip otyr. Aýaly:

- Kakasy, bilýäňizmi, sizi tussag etýämişler.

- Kim diýýä ony?

- Obaň aýallary aýtdy.

- Äl keýwany senem, aýallaryňam bir gepi bolarmy"- diýip çaý içmegini dowam ediberipdir. Şol gün agşam polisiýaň işgärleri gelip bu adamy öýünden alyp gidýärler. Aýaly ärini görmek üçin yzyndan barýa:

- Kakasy gorkmaň sizi boşatjakmyşlar.

- Kim aýtdy?

- Polisiýa işgärleri

- Ýok aýallar näme diýýä aýallar




😊 - Aýtsaňlaň, siz aýalyňyz bilen nähili

öýlendiňiz? Söýşüpmi ýa görşüp?


- Ýalňyşyp öýlendim.




😊 Halk aýdymy «Aç öldüm».


Ýerine ýetirýär: Talyplaryň aşgazany.




😊 Mendeleýewiň periodik sistemasynda täze element açyldy. Onuň ady «Gyz». Bu örän çylşyrymly madda bolup, üýtgäp durýan häsiýeti bilen birlikde, altyny kümüşi we ýalpyldawuk zatlary özüne çekijiligi güýçli. Täze tapylan wagty owadan madda bolup görünmegine garamazdan, wagtyň geçmegi bilen, öz şekilini üýtgetýär. Alymlar bu elementiň gaty çylşyrymly häsiýetlidigini nygtap, ony doly öwrenmegiň mümkin däldigini aýdýarlar.




😊 Ýagşy Goşunow çeträk oba toý sowmana gaýtýa. Toýdan bir gün öň agşamara üýşen mähällä degişmeler aýdyp berip güldürip duranmyş. Emma diňläp oturan daýzalar hiç gülenokmyş.

Ýagşy olary güldürjek bolup täzeden-täze degişmeler aýtýa. Emma gülenoklar. Gaýta aýdanlaryny «ana», «aýtdyma men» «örän dogry» diýip makullap otyrmyşlar .

Wagt bir çene baryp, mähelle dagansoň Ýagşy öýüň eýesinden soraýa:

- Agam, ýaňy men daýzalary güldürjek bolup degişmeler aýtdym weli, gaýta olar gülmäni, meni makullap oturlarla.

- Muny eşiden öý eýesi hezil edip gülüpdirde:

- Haaý Ýagşyjan , Kastýum jalbar geýip gelipsiň weli, olar seni Aşgabatdan gelen hökümtiň resmi adamydyr öýdüpdirler.

56
512
tmyigit76
18.11.2023 21:49
Meniň çaga ýüregim





Uly däli ulaldasym gelenok,
Kiçi däli kiçeldesim gelenok.
Garrylykdan gaçyp gitjek ýeriñ ýok,
Ýöne göwni gojaldasym gelenok.

Onuñam ýönekeý bir usuly bar,
Ol göwün ýaz ýaly ýumşak bolmaly.
Ýagşy görse, ondan gözüň aýyrman,
Ýaman görse, gözüň ýumjak bolmaly.

Saklamaly ony juda arassa,
Goramaly ony kirde-kimirden.
Adam bir özüniň bütin ömrüni
Zeýrenip geçirýär gözel ömürden.

Ýok, Alla saklasyn köpbilmişlikden,
Men akyl satmakdan juda daşdyryn.
Meniñ kä kişiden bir tapawudym
Öz ömrümden, öz günümden hoşduryn.

Ykbal meni gör, nähili ýalkapdyr -
Görüplikden, ýamanlykdan halas men.
Bir bendäniñ işi rowaçlananda
Begenjimden tüýs bir göwne telwas men.

Goý, yöntem diýseler diýibersinler,
Ýöntemligi aýyp zatdyr öýdemok.
Maña käte Sen bir çaga diýýärler,
Bu diýilýän galp zatdyr öýdemok.

Goý, göwnüm mydama çagaňky bolsun,
Ol göwün enäniñ süýdi dek päkdir.
Hut şonuñ üçinem mukaddesdir ol,
Mukaddes zada-da garramak ýokdur.


Berdinazar Hudaýnazarow
35
63
tmyigit76
18.11.2023 18:35
ᴀʙᴜ ʀᴇʏ̈ʜᴀɴ ᴀʟ-ʙɪʀᴜɴɪ





Orta asyrlarda ýaşan dünýä meşhur
türkmen alymlarynyň biri Muhammet ibn
Ahmet al-Birunydyr. Ony Abu Reýhan al-
Biruny diýip hem atlandyrýarlar. Ol şol
döwürde metallaryň dykyzlygyny ýokary
derejedäki takyklyk bilen ölçemegi başaran alymdyr. Ol «konus enjamyny» oýlap tapýar. Ýasalan gaba ilki suw guýýar. Soňra gaba dykyzlygy ölçeyän metal oklaýar we gabyň jüründiginden akýan suwuň göwrümini ölçeýär. Metalyň terezidäki agramyny akyp çykan suwuň göwrümine bölüp, bu metalyň udel agramyny (dykyzlygyny) takyk ölçemegi başarypdyr. Şol döwürde geçirilen barlaglaryň netijesinde altynyň dykyzlygy 19,5 we simabyň dykyzlygy hem 13,56 gr/l deň bolupdyr. Häzirki zaman ölçeyiş usuly bilen deňeşdirilende Birunynyň alan netijeleri takyk gabat gelýär.

1857-nji ýylda Russiýanyň Amerikadaky
ilçisi N.Hanykow al-Hozininiň «Akyllylygyň agramy baradaky kitap» atly golýazmasy bilen tanyşyar. Bu golýazmada Birunynyň «Metallaryň we gymmat bahaly daşlaryň göwrüm gatnaşygy barada» atly kitabyndan
onuň ýasan enjamy we alnan netijeler barada bir parça göçürme getirilipdir.

Biruny Gadymy Köneürgençde 973-nji
ýylyň 4-nji sentýabrynda senetçiler maşgalasynda dünyä inýär. Onuň ylma bolan höwesi örän ir başlaýar. Ol ýetginjek döwründe Horezmiň alymlar topary bilen ýakyndan gatnaşyk saklapdyr. Alymyň öz eserinde ýazmagyna görä 21-22 ýaşlarynda diametri 15 tirsek (takmynan 6 metr töweregi) tegelek enjam bilen astronomiki hasaplamalary geçiripdir. Biruny 10 ýyl töweregi başga ýerde, keseki ýurtlarda ýaşapdyr. Dolanyp
gelenden soň döwlet işgäri bolup işleyär we metallaryň, gymmat bahaly daşlaryň dykyzlygyny kesgitlemek bilen meşgul bolýar. Ol islendik gymmat bahaly daşlary saýgarmagy, oňa baha bermägi başarýan hünärmen bolupdyr.

1017-nji ýylda Gaznaly türkmen döwletiniň hökümdary Mahmyt Gaznaly Horezmi basyp alansoň, Biruny ýaly ussat alymlar, hünärmenler Gazna şäherine ugradylýar. Alym bu ýerde ylmy işini dowam edip, geografiýa we astronomiýa ylmyna degişli «Hindistan» atly ady belli kitabyny ýazýar.

Döwlet başyna Mahmydyň ogly Masut geçenden soň Birunynyň işi oňuna
bolup başlaýar. Masut oña howandarlyk
edip, ylmy işleri ýerine ýetirmek üçin ähli mümkinçilikleri döredipdir. Şol sebäpli
Biruny Masudyň adyndan astronomiýa we trigonometriýa degişli «Masudyň Kanuny» atly uly göwrümli kitaby ýazýar. Gündogaryň ajaýyp alymynyň ýazan kitaplaryndan «Minerologiýa» hem-de «Kesel bejeriji maddalar» atly kitaplaryny ýatlap bolar. Ol Hindistana syýahat edende Ýeriň radiusyny hasaplap çykarýar. Onuň alan netijesi boýunça 1081,66 parsaha, ýagny 6490 kilometre golaý bolupdyr. Alym Ýeriň ekliptikasynyň ekwatora ýapgytlyk burçunyň 23'34°0'" deňdigini kesgitleýär.Häzirki zaman maglumatlarynda bu san 2334'45" dendir.

Görşümiz ýaly, sanlar gaty takyk bolup, goýberilen yalňyşlyk gaty ujypsyzdyr. Biruny geomerkez, ýagny ähli asman jisimleri Ýerin daşyndan aýlanyar diýlen taglymaty ýalňyş hasaplap, asman jisimleri Günün daşyndan ablanýar diýen taglymata ynanypdyr.

Berin dartyş güýjüni, Ýeriň hem öz okunyň, hem Günüň daşyndan aylanýandygyny, Ýeriň togalakdygyny ylmy deliller bilen subut edip, onuň aýlanyş tizligini ilkinji bolup hasaplapdyr.


Biruny 1048-nji ýylyň 13-nji dekabrynda
aradan çykýar. Käbir maglumatlar boýunça 1050 - 1051-nji ýyl diýlip hem görkezilýär.
25
45