Meniň çaga ýüregim
Uly däli ulaldasym gelenok,
Kiçi däli kiçeldesim gelenok.
Garrylykdan gaçyp gitjek ýeriñ ýok,
Ýöne göwni gojaldasym gelenok.
Onuñam ýönekeý bir usuly bar,
Ol göwün ýaz ýaly ýumşak bolmaly.
Ýagşy görse, ondan gözüň aýyrman,
Ýaman görse, gözüň ýumjak bolmaly.
Saklamaly ony juda arassa,
Goramaly ony kirde-kimirden.
Adam bir özüniň bütin ömrüni
Zeýrenip geçirýär gözel ömürden.
Ýok, Alla saklasyn köpbilmişlikden,
Men akyl satmakdan juda daşdyryn.
Meniñ kä kişiden bir tapawudym
Öz ömrümden, öz günümden hoşduryn.
Ykbal meni gör, nähili ýalkapdyr -
Görüplikden, ýamanlykdan halas men.
Bir bendäniñ işi rowaçlananda
Begenjimden tüýs bir göwne telwas men.
Goý, yöntem diýseler diýibersinler,
Ýöntemligi aýyp zatdyr öýdemok.
Maña käte Sen bir çaga diýýärler,
Bu diýilýän galp zatdyr öýdemok.
Goý, göwnüm mydama çagaňky bolsun,
Ol göwün enäniñ süýdi dek päkdir.
Hut şonuñ üçinem mukaddesdir ol,
Mukaddes zada-da garramak ýokdur.
Berdinazar Hudaýnazarow