tmyigit76
22.11.2023 20:45

Bütin dünýäde «Boýun egmegiň» simwolyna öwrülen Ak reňk hakda 9 sany gyzykly maglumatlary, «öwrenmeliniň» ak ýürekli agzalary üçin jemledik








Ak reňk adamzadyň ilkinji günlerinden bäri ýanynda. Biz onuň bilen diwarlary boýadyk, geýdik, obýektleriň reňki hökmünde peýdalandyk we ahyrsoňy ekranlarymyzda ulandyk. Ak reňk bilen baglanyşykly adaty we hatda mistiki manylardan başga-da, ylmy taýdan gözden geçirenimizde ýüze çykýan gyzykly maglumatlar hem bar.



Adam dörän badyna töweregine göz aýlady we ilkinji reňkler bilen tanyşdy. Bu reňkleri aldy, olar bilen birneme gyzyklandy we ulanyp başlady. Bularyň biri, belki-de iň gadymylaryndan biri, diwarlary ak reňk bilen boýap, eşiklerimiziň aýrylmaz reňkine öwürdik, döreden zatlarymyzda ulandyk we häzirki wagtda tehnologiýanyň kömegi bilen hatda ony ekranlarda ulanyp bilýäs.


Ak reňki iki dürli nukdaýnazardan garamak mümkin: medeni we ylmy. Elbetde, biz onuň medeni bölegi barada gürleşeris, ýöne müňlerçe ýyl bäri ulanyp gelýän reňk bolany üçin, onuň içine çuňdan aralaşsak aňsatlyk bilen azaşyp bileris. Ylmy maglumatlar ajaýyp jikme-jikliklerden doly. Käbir gyzykly maglumatlarda ak reňk göreniňde kelläňe gelýän ähli pikirleri düýpgöter üýtgedýär.



Ak reňk barada maglumatlar:


• Irki adamlar gowagyň diwarlarynda ak reňk ulanypdyrlar.


• Ak reňki diňe ulanman, eýsem, oňa manylary berdik.


• Ak reňk, boýun egmegiň halkara nyşanydyr.


• Aslynda ak yşyk ýok.


• Ak ses düşünjesi ak ýagtylykdan gelip çykýar.


• Ak reňkiň kölegesi ýok.


• Biraz wagtlap ak kosmetiki önümleri ulanmak zäherlenmegi aňladýar.


• Ak reňki ýagtylygyň kömegi bilen obýektlerde görýäris.


• Uzak ýyllaryň dowamynda ak reňke dürli syýasy manylar berildi.


Ýokarky getirilen 9 sany maglumatlaryň üstünde durup geçeliň:



▶Irki adamlar gowagyň diwarlarynda ak reňk ulanypdylar:



Gowak döwründe ýaşaýan ilkinji suratkeşdigiňizi göz öňüne getiriň. Şol diwarda yz galdyrmak üçin haýsy reňkleri ulanardyňyz? Daş töweregiňize seretseňiz, ilki bilen salamlaşýan zatlar uglerod daşlarynyň garasy, gara topragyň gyzylymtyl reňkleri, magniý goňur we hek daşynyň aklary bolar. Hut şu döwürde adamlar ak reňk bilen ilkinji gezek tanyşdylar. Takmynan 20 müň ýyl ozal adamlar gowak suratlaryny ýasamak üçin ak reňkden netijeli peýdalanypdyrlar.


* * *


▶ Biz diňe ak reňki ulanman, eýsem, oňa manylar berdik:



Ak reňk bütin dünýäde arassalygyň we bigünäligiň nyşany hasaplanýar. Şonuň üçin papalar XVI asyrdan bäri ak köýnek geýýärler. Zyýarat etmek isleýän musulmanlaryň geýen yhramy hem akdyr. Rim döwründe erkekler diňe ulalansoň ak geýip bilýärdiler. Ýaponlaryň dini bolan Şintoda mukaddes ýerler akdyr.


Ak reňkiň manylarynyň arasynda başga bir gyzykly maglumat bar. Ak reňk bütin dünýäde arassalyk we bigünälik hasaplansa-da, hindiler üçin başgaça many berýär. Hindi zenany adamsy ölenden soň ak eşik geýýär, sebäbi ynançlaryna görä ak reňk matamy aňladýar. Günbatar medeniýetinde nika dabarasynda hindilere ak toý köýnek geýmegiň nähili geň görünýändigini pikir edip görüň!


* * *


▶ Ak reňk, boýun egmegiň halkara nyşanydyr:



Gören filmlerimizi ýada salalyň: Duşmanlar bilen gurşalan adam gaçyp bilmejekdigine göz ýetirýär we ak matany taýaga daňýar we boýun egmegini görkezmek üçin beýleki tarapa görkezýär. Bu diňe bir fantastika däl, ak baýdak 1949-njy ýylda Ženewa konwensiýasynda halkara boýun egmegiň nyşany hökmünde kabul edildi. Ak baýdagyň boýun egmek üçin ilkinji gezek XIV-XV asyrlarda Angliýa bilen Fransiýanyň arasyndaky 100 ýyllyk söweşde boldy.


* * *

▶ Aslynda ak yşyk ýok:



Bu makalany okanyňyzda-da, ekranyň käbir ýerlerinden ak ýagtylygy görýändigiňize bilýäris, ýöne aslynda bu ýagtylyk ak yşyk däl. Alada etme, gözleriň güýçli, aslynda gaty güýçlidir, sebäbi gözleriňiz birden köp reňkdäki ýagtylygy ak reňkde görkezýär. XVII asyrda Isak Nýuton tarapyndan geçirilen synagda subut edilişi ýaly ak ýagtylyk hakykatdanam ähli reňkleri öz içine alýan yşykdyr. Ekranda görýän ak çyra, gyzyl, ýaşyl we gök reňkleriň garyndysy bolup, RGB hem diýilýär.


* * *


▶ «Ak ses» düşünjesi ak ýagtylykdan alnan:



Esasanam bäbekleri gowy uklatmak üçin ulanylýan ak ses düşünjesini eşiden bolsaňyz gerek. Dyngysyz dowam edýän bu ses aslynda ýekeje ses däl-de, ähli sesleriň utgaşmasydyr. Ak çyranyň ähli reňkleriň ýagtylygynyň utgaşmasy bolşy ýaly, ak ses hem ähli ses ýygylyklarynyň diýen ýaly birleşmegi netijesinde döredilen sesdir. Belki şonuň üçinem şeýle teselli berýär.


* * *


▶ Ak reňkiň kölegesi ýok:



Gündelik durmuşda goýy ak, açyk ak ýaly dürli terminleri ulanýarys, ýöne aslynda bularyň hemmesi ýalňyş, sebäbi ak akromatiki reňk, ýagny äheňi (görnüşi) ýok. Pildişi ak , kremden ak, goýy we sarymsak ýaly ak reňkler diýip hasaplaýan reňkler, aslynda ak reňkiň kölegesi ýa-da dürli reňkler bilen garyşmak arkaly döredilýär. Muny ak reňk diýip atlandyryp bileris. Hakykatdanam kölegeleri we görnüşi bolan reňk gara.


* * *


▶ Birnäçe wagt ak kosmetika serişdelerini ulanmak zäherlenmegi aňladýar:


Ulanylýan kosmetiki önümleri göz öňüne getireniňizde, olaryň hemmesiniň diýen ýaly akdygyny görersiňiz. Munuň esasy sebäbi, olaryň arassalaýyş aýratynlyklaryny görkezmekdir. Kosmetika önümleriniň ak bolmagy köne däp. Öndürijiler 20-nji asyra çenli kosmetiki önümleriň reňkini aklamak üçin gurşun ulanýardylar. Gurşunyň zäherli metaldygy ýüze çykarylandan soň, bu amal üçin dürli pigmentler ulanylyp başlandy. Şol wagt näçe adamyň gurşun bilen zäherlenendigini kim bilýär?


* * *


▶ Ak reňk ýagtylygyň kömegi bilen obýektlerde görýäris:


Aslynda, ýagtylygyň kömegi bilen obýektleriň ähli reňklerini görýäris. Beýlekilerden tapawutlylykda ak üst, düşýän ýagtylygyň haýsydyr bir bölegini siňdirmän, üstüne düşýän ýagtylygy dürli-dürli görkezýär. Ýagtylygyň tolkun uzynlygyna we spektral paýlanyşyna garamazdan, siňdirilmeýän şöhlelenme sebäpli görüp bilýän iň açyk reňkimiz ak bolýar. Şonuň üçin ak reňkdäki beýleki reňkleri has aýdyň görýäris.


* * *


▶ Uzak Ýyllaryň dowamynda ak reňke dürli syýasy manylar berildi:


Fransuz rewolýusiýasy wagtynda gozgalaňçylar ak baýdak ulandylar. Bolşewik rewolýusiýasyndaky milletçilerden, liberallardan we monarhistlerden ybarat goşunyň ady Ak goşun. Finlýandiýanyň raýat urşunda bir topary özüni ak reňkde görkezdi. Eýranda şany agdaran rewolýusiýa "Ak ynkylap" diýilýär. Amerikanyň raýatlyk urşundan soň döredilen jynsparaz gurama Ku Klux Klan ak eşik geýipdi. Nasist Germaniýasy döwründe "Ak gül'' atly zorluga garşy topar bardy. Başgaça aýdylanda, ak reňk her döwürde dürli manyly dürli toparlar tarapyndan ulanylýar.



Adamzat döräli bäri dürli manylarda ulanýan ak reňk hakda gyzykly maglumatlar kän. Türkmen halkymyzda hem «Ak zat alnyňa ýagşy» diýen söz bar. Ak zady (süýt, çal) gije bermek hem gowy görülmeýär.




©Çeşme : www.Webtekno.com habarlar saýtyndan öwrenmeli üçin ýörite

55
369
786han
23 Noýabr 2023
👍💐
tmyigit76
23 Noýabr 2023
@flowers_, ýok ol daş däl. Baýdak 😊
tmyigit76
22 Noýabr 2023
@awgust, 👍🏻👍🏻
arazowa
22 Noýabr 2023
Gowy maglumatlar
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.