ᴀʙᴜ ʀᴇʏ̈ʜᴀɴ ᴀʟ-ʙɪʀᴜɴɪ
Orta asyrlarda ýaşan dünýä meşhur
türkmen alymlarynyň biri Muhammet ibn
Ahmet al-Birunydyr. Ony Abu Reýhan al-
Biruny diýip hem atlandyrýarlar. Ol şol
döwürde metallaryň dykyzlygyny ýokary
derejedäki takyklyk bilen ölçemegi başaran alymdyr. Ol «konus enjamyny» oýlap tapýar. Ýasalan gaba ilki suw guýýar. Soňra gaba dykyzlygy ölçeyän metal oklaýar we gabyň jüründiginden akýan suwuň göwrümini ölçeýär. Metalyň terezidäki agramyny akyp çykan suwuň göwrümine bölüp, bu metalyň udel agramyny (dykyzlygyny) takyk ölçemegi başarypdyr. Şol döwürde geçirilen barlaglaryň netijesinde altynyň dykyzlygy 19,5 we simabyň dykyzlygy hem 13,56 gr/l deň bolupdyr. Häzirki zaman ölçeyiş usuly bilen deňeşdirilende Birunynyň alan netijeleri takyk gabat gelýär.
1857-nji ýylda Russiýanyň Amerikadaky
ilçisi N.Hanykow al-Hozininiň «Akyllylygyň agramy baradaky kitap» atly golýazmasy bilen tanyşyar. Bu golýazmada Birunynyň «Metallaryň we gymmat bahaly daşlaryň göwrüm gatnaşygy barada» atly kitabyndan
onuň ýasan enjamy we alnan netijeler barada bir parça göçürme getirilipdir.
Biruny Gadymy Köneürgençde 973-nji
ýylyň 4-nji sentýabrynda senetçiler maşgalasynda dünyä inýär. Onuň ylma bolan höwesi örän ir başlaýar. Ol ýetginjek döwründe Horezmiň alymlar topary bilen ýakyndan gatnaşyk saklapdyr. Alymyň öz eserinde ýazmagyna görä 21-22 ýaşlarynda diametri 15 tirsek (takmynan 6 metr töweregi) tegelek enjam bilen astronomiki hasaplamalary geçiripdir. Biruny 10 ýyl töweregi başga ýerde, keseki ýurtlarda ýaşapdyr. Dolanyp
gelenden soň döwlet işgäri bolup işleyär we metallaryň, gymmat bahaly daşlaryň dykyzlygyny kesgitlemek bilen meşgul bolýar. Ol islendik gymmat bahaly daşlary saýgarmagy, oňa baha bermägi başarýan hünärmen bolupdyr.
1017-nji ýylda Gaznaly türkmen döwletiniň hökümdary Mahmyt Gaznaly Horezmi basyp alansoň, Biruny ýaly ussat alymlar, hünärmenler Gazna şäherine ugradylýar. Alym bu ýerde ylmy işini dowam edip, geografiýa we astronomiýa ylmyna degişli «Hindistan» atly ady belli kitabyny ýazýar.
Döwlet başyna Mahmydyň ogly Masut geçenden soň Birunynyň işi oňuna
bolup başlaýar. Masut oña howandarlyk
edip, ylmy işleri ýerine ýetirmek üçin ähli mümkinçilikleri döredipdir. Şol sebäpli
Biruny Masudyň adyndan astronomiýa we trigonometriýa degişli «Masudyň Kanuny» atly uly göwrümli kitaby ýazýar. Gündogaryň ajaýyp alymynyň ýazan kitaplaryndan «Minerologiýa» hem-de «Kesel bejeriji maddalar» atly kitaplaryny ýatlap bolar. Ol Hindistana syýahat edende Ýeriň radiusyny hasaplap çykarýar. Onuň alan netijesi boýunça 1081,66 parsaha, ýagny 6490 kilometre golaý bolupdyr. Alym Ýeriň ekliptikasynyň ekwatora ýapgytlyk burçunyň 23'34°0'" deňdigini kesgitleýär.Häzirki zaman maglumatlarynda bu san 2334'45" dendir.
Görşümiz ýaly, sanlar gaty takyk bolup, goýberilen yalňyşlyk gaty ujypsyzdyr. Biruny geomerkez, ýagny ähli asman jisimleri Ýerin daşyndan aýlanyar diýlen taglymaty ýalňyş hasaplap, asman jisimleri Günün daşyndan ablanýar diýen taglymata ynanypdyr.
Berin dartyş güýjüni, Ýeriň hem öz okunyň, hem Günüň daşyndan aylanýandygyny, Ýeriň togalakdygyny ylmy deliller bilen subut edip, onuň aýlanyş tizligini ilkinji bolup hasaplapdyr.
Biruny 1048-nji ýylyň 13-nji dekabrynda
aradan çykýar. Käbir maglumatlar boýunça 1050 - 1051-nji ýyl diýlip hem görkezilýär.