timm
24.03.2024 17:12
Bulary bilýärdiňizmi? Eger bilmeýän bolsaňyz 📸 edip alyň!
49
214
timm
23.03.2024 05:29
Marokkanyň Rabat şäherinde ýaşaýan 72 ýaşly kitap satyjysy Muhammet Aziz günde 6-8 sagat kitap okaýar. Fransuz, Arap we Iňlis dillerinde 5000-den gowrak kitap okap, Rabatdaky iň köne kitap satyjysy bolup, şol bir ýerde 43 ýyldan gowrak wagt geçirdi.

Kitaplaryny daşarda gözegçiliksiz goýmak, kitaplaryň ogurlanyp bilinjekdigi hakynda soranlarynda, okap bilmeýänleriň kitap ogurlamaýandyklaryny, başarýanlaryň bolsa ogry däldigini aýtdy.
41
221
timm
23.03.2024 05:23

Gündelik durmuşyñyzda köp gabat gelýänsiñiz) Bilmeýän bolsañyz öwrenip galyñ!

51
331
timm
22.03.2024 23:13
Soňra Hydyr aga türkmen taýpalarynyň adyna aýdylýan degişmäni gürrüň berdi.
Olardan meniň ýatda saklap galanlarym şular:
1. “Teke bilen goňşy bolma”. Manysy: gyz-gelniňe gyýa göz bilen gararmyş ýa-da goňşusyny satarmyş.
2. “Ýomut bilen ýoldaş bolma”. Manysy: kisäňde teňňäň bar bolsa, göz gyzdyrarmyş. 3. “Ärsara syryň berme”. Manysy: syryňy başga kişä aýdarmyş.
4. “Sarygyň toýuna barma. ” Manysy: eger sen sarygyň toýuna ýeke özüň barsaňam, ol seniň toýuňa tutuş obasyny alyp geläýermiş.
5. “Salyr bilen söwda salma”. Manysy: salyra atyňy satsaň, bir hepde—on gün münenden soň, halaman, yzyna gaýtararmyş.
39
444
timm
22.03.2024 11:18
Men “Goşa pudagyma” geçdim:

Pelek iki nyşan salmyş synama,
Birisi düwnümdir,birisi—dagym.
Iki dag ýykylmyş bu gün üstüme,
Biri başym basmyş,biri—aýagym

-diýen setirleri diňlän Hydyr Derýaýewiň bokurdagy doldy. Men ýagdaýa üns bermedik bolup dowam etdim:

Hany meniň Mirhaýdarym,Miresen,
Ýekelik tygydyr bagrymy kesen.
Naçar emekdeşim Orazbibi,sen
Eşitseň,ýas tutup,gara geý imdi…

Ýene:

Agyr derdiňiz alaýyn,
Alyp,janymga salaýyn.
Sizden ozal men öleýin,
Geliň,gabra salyň,balam.

Daglar dözmez,daşlar dözmez,
Akar,gözde ýaşlar dözmez.
Ot alar,agaçlar dözmez,
Tap getirmez çölüň,balam.

Seýdi diýer: “Tur,Haýdarym!
Haldan habar ber,Haýdarym!”
Sözleri şeker,Haýrdarym,
Ýakdy meni tiliň,balam” —diýen setirler gulagyna ýeten Hydyr Derýaýew elimden çekdi-de:
—Saklan,Soltan Hüpbi,saklan!—diýip hamsykdy.
—Ýürek gaty ýukalypdyr..
—Hydyr molla,nämä hapa bolduň?
—Ýaňky setirler meni geçmişe aldy ötägitdi…
—Seýitnazar Seýdiniň döwrünemi?
—Ýok.1937-ä.1937-nji ýylda,edil Seýdiniň goşa pudagy ýaly meniňem goşa pudagym,heniz bir ýaşyny hem doldurmadyk ekiz ogullarym bir günde ýogaldy. Özi-de hut maňa sud edilen günde.Nähak töhmetiň pidasy bolup gidenlere “troýka” diýilýän üç sany adam sud edýärdi. Menem göni bäş minutyň içinde “halk duşmany” boldum galyberdim. Sud başlanmanka “Ekizleriň ikisi-de ýogaldy” diýen habar gelipdi:
—“Iň soňky haýyşyňy aýt!” diýip,başlyklyk ediji maňa ýüzlendi.“Edil bir sagat mundan ozal ekiz oguljyklam ýogaldy. Şo neresseleri öwlüýä eltip,jaýlap gaýtmaga rugsat ediň! — diýdim.
—Başga haýyşym ýok”.
Öz çagalary gözüniň öňüne gelendir-dä,suduň başlygy rugsat berdi. Men öz garyndaşlarymyň,duz-emek bolan tanyş-bilişlerimiň mert adamlar däldiklerine şonda göz ýetirdim. Hatda olar meniň ölen çagalarymy göterişip öwlüýä gitmäge-de gorkdular. Sebäbi men eýýäm halk duşmanydym.
—Dost-ýarlardanam hiç kim öwlüýä gitmedimi?
—Ýekejesi gitdi.
—Ol kimdi?
—Oňa Akmyrat Orazow dýýärler. Kaka raýonunyň “Ýüzbaşy” obasyndan.”Meni öwlüýäde ataýsynlar. "Getir oglany!" diýdi-de,palasa dolangy ýatan çagalaryň birini Akmyrat alyp ugrady. Özümem ikinji oglany göterdim… Hydyr aga elýaglygyny çykardy. Men gürrüňi başga ýere sowmak bilen boldum.

"Kyrk ýylda ýazylan kitap"
#Atajan Tagan
27
70
timm
21.03.2024 09:53
Kimleriň ýadyna düşýär? Häzirki çagalar nämediginem bilýän däldir))
45
478
timm
16.03.2024 18:57
Magtymguly Meňli gyzy söýenmiş,
Ýöne ýetip bilmänmişin wysala.
Seýdi bolsa Hatyja diýp köýenmiş,
Emma olam düşenmişin şo hala.

Zelili hem Döndüsine gowuşman,
Bu dünýäden arman çekip ötenmiş.
Nepese-de päsgel berenmiş duşman,
Garaz, zordan Bossantäje ýetenmiş.

Elinden gidirip Annagülüni,
Mätäji mähire mätäç bolanmyş.
Şeýdip, ähli şahyrlaryň gününi—
Söýgüsini şum rakyp bozanmyş.

Bular çaklamasy biziň alymlaň,
Belki, birden biri degýändir ýapa.
Alymlar! Nämüçin gara zalymlar,
Olaň hiç haýsyna gyýaňzok nika?

“Bir kem otuz ýyldyr sürüşdim döwran”,
Diýip ýazaýmadyk bolsa Kemine,
Onuňam ýaryny bir pursat durman,
Bererdiňiz bir baýa ýa emire.

Garaz, hakykata golaý bir delil,
Ýa-da çala başy gowşan çaklama
Şahyrlaň söýgüli ýaryny elin—
Eltip berýär haýsydyr bir akmaga.

Bu gün elimizde nika hatymyz
Barlygyna şükür, bolmasa bizem
Goýardyňyz söwer ýarsyz—hatynsyz,
Siz öz täsin çaklamalarňyz bilen.

Ýerliksiz dawamyz ýok biziň asla,
Ýa şahyryň täleýi ters ozaldan.
Gowy bordy, bir ters many çykmasa,
Söýgi hakda ýazylan her gazaldan
27
140
timm
14.03.2024 20:16
Ne on bäş aýaldyr, artmaz perzendi,
Ol on bäş aýalyň üçi öwlatdan?
Üçi ekiz, on dört erer peýwendi,
Ol ne jymag eýlär, ne çykar ýatdan?

Ol ne halkdyr, gäh pelege gonarlar,
Gähi inip, ýer ýüzünde dynarlar?
Ol ne adamzatdyr, bir at münerler, —
Üzeňňisi suwdan, jylawy batdan?

Mydam seýre gezer ol dört deňi-duş,
Bolar ondan jümle älem ýüzi hoş,
O dördüň biri bar, mydam sebze puş,
Kellesi buzdandyr, aýagy otdan?

Ol kimdir, ýalaňaç garyp otyrmyş,
Owazsyz äleme sözün ýetirmiş.
Agzyn açyp, özün ýasa batyrmyş,
Sorasaň habar biýr saňa bar zatdan?

Magtymguly, salma ülkä owaza,
Bular görnüp duran zatdyr bu göze,
Akyl äriň pähmi ýeter bu söze,
Hajat ermes habar almak ussatdan.


📌 Teswirlerde jogaplaryñyzy galdyryp bilersiñiz)
23
177
timm
14.03.2024 00:09

Sanly zamanada ýaşamak: Kiber sowatlylygy üçin gollanma


Internet durmuşymyzyň inkär edip bolmajak özenine öwrüldi. Aragatnaşyk we güýmenje, bilim we söwda ýaly gündelik işlerimiz sanly dünýä bilen barha baglanyşýar. Barha artýan bu ynam kiber sowatlylygy, tehnologiýany ulanmak we onlaýn landşaftda täsirli we ygtybarly gezmek ukybyny öňküsinden has möhüm edýär.


Kiber sowatlylygy nämäni aňladýar?


Kiber sowatlylygy, dürli möhüm endikleri öz içine alýan köptaraply düşünje:


Tehniki ussatlyk: Bu, esasy sanly gurallary ulanmak we onlaýn platformalarda gezmek ukybyny üpjün edýän binýady emele getirýär. Bu gözleg motorlaryny ulanmagy, web sahypalarynda gezmegi we amaly programmalaryň we sosial mediýanyň esasy işleýşine düşünmegi öz içine alýar.


Maglumat sowatlylygy: Maglumatyň aşa köpelýän döwründe ygtybarsyz çeşmelerden ygtybarly çeşmeleri kesgitlemek birinji orunda durýar. Kiber sowatlylygy, adamlara onlaýn maglumatlary netijeli bahalandyrmaga, ygtybarly çeşmeleri kesgitlemäge we mazmunyň dogrulygyna we dogrulygyna tankydy baha bermäge mümkinçilik berýär.


Tankytly pikirlenmek: Internetde elýeterli maglumatlaryň köp bolmagy bilen, tankydy pikirlenmek kiber sowatlylygynyň özenine öwrülýär. Adamlary maglumatlary obýektiw seljermek, potensial taraplary kesgitlemek we subutnamalara esaslanýan habarly pikirleri döretmek ukyby bilen üpjün edýär.


Onlaýn howpsuzlyk we howpsuzlyk: Internet ägirt uly peýdalary hödürlemek bilen bir hatarda, töwekgelçilikleri hem döredýär. Kiber sowatlylygy zyýanly programma üpjünçiligi, fişing kezzaplygy we kiber-zorluk ýaly howplara düşünmäge kömek edýär. Güýçli parollary ulanmak, şahsy maglumatlary paýlaşmakdan seresap bolmak, şübheli onlaýn işjeňligi tanamak we olardan gaça durmak ýaly howpsuz onlaýn endikleri ulanmagyň möhümdigini nygtaýar.


Sanly raýdaşlyk: Jogapkärçilikli onlaýn hereket kiber sowatlylygynyň esasy tarapy. Sanly giňişlikde başgalara hormat goýmagy, onlaýn hereketleriň bolup biljek netijelerine düşünmegi we oňyn onlaýn gurşawy ösdürmegi öz içine alýar.


Kiber sowatlylygy näme üçin möhüm?


Häzirki döwüriñ sanly zamanasynda kiber sowatlylygy adamlara aşakdaky mümkinçilikleri hödürleýär:


Habarly raýatlar boluñ: Onlaýn maglumatlara netijeli baha bermek bilen, adamlar durmuşyň dürli taraplary, şahsy abadançylykdan ses bermek saýlawlaryna çenli habarly we netijeli kararlar berip bilmelidirler.


Onlaýn ýagdaýda öz-özüňizi goraň: Onlaýn howplara düşünmek we howpsuz endikleri ulanmak adamlary kiber jenaýatçylyga sezewar etmekden goraýar we şahsy maglumatlaryny goraýar.


Online işlere jogapkärçilikli gatnaşyň: Kiber sowatlylygy sanly edep terbiýesini berýär, onlaýn jemgyýetde hormat goýýan aragatnaşyk we jogapkärçilikli özüni alyp barşyny ösdürýär.


Tehnologiýanyň potensialyny ulanyň: Tehnologiýanyň güýjüni netijeli ulanmak bilen, adamlar öwrenmek, aragatnaşyk we şahsy ösüş üçin mümkinçilikler dünýäsini açyp bilerler.


Kiber sowatlylygy endiklerini ösdürmek


Gowy habar, kiber sowatlylyk endiklerini dürli usullar arkaly öwrenip we durmuşa geçirip bolýar:


Bilim başlangyçlary: Mekdepler we edaralar kiber sowatlylyk programmalaryny okuw meýilnamasyna girizip, okuwçylary zerur bilim we endikleri öwredip bilerler.


Onlaýn çeşmeler: Köp sanly web sahypalary we guramalar, kiberhowpsuzlygyň we onlaýn özüni alyp barşyň dürli taraplary boýunça okuw gollanmalaryny, gollanmalary we okuw materiallaryny öz içine alýan gymmatly çeşmeleri hödürleýär.


Şahsy habarlylyk: Onlaýn howpsuzlyk amallary barada öwrenmek, ýüze çykýan howplar barada maglumat goryňy täzeläp durmak we onlaýn gatnaşyklardan seresap bolmak, kibernetik şahsyýet bolmak üçin möhüm ädimlerdir.


Netije


Kiber sowatlylygy indi artykmaçlyk däl, Ol biziň sanly dünýämizde zerurlyk. Özümizi zerur bolan ukyp-başarnynlar, ylym bilim bilen üpjün etmek bilen online gurşawda ynamly ädimler bilen hereket edip bileris we tehnologiýanyň ägirt uly gazananlaryndan ýerlikli we netijeli peýdalanýan jogapkärli raýatlara öwrülip bileris!

47
213
timm
12.03.2024 23:05
Söýgi (yşk) teleseriýallarynyň ynsana hiç hili peýdasy ýokdur. Diňe höwesiňizi kanagatlandyryp biler, bu hem bellibir derejede zyýanlydyr. Bu teleseriýallar hakykaty görkezip, düşündirmezlik bilen, hakyky (real) dünýä ters bolan, gabat gelmeýän hyýaly-fantastiki durmuşlary owadanlap, bezäp, ony gözelleşdirip tomaşaçylara hödürleýärler. Bu teleseriýallaryň aglabasynyň tomaşaçy sanynyň kän bolmagynyň sebäbi hem şonuň bilen baglanyşyklydyr. Sebäbi adamlar real durmuşda, has dogrusy öz durmuşlarynda, öz töwereginde beýle zatlara gabat gelmeýärler we öz yetmezçilik edýän duygularyny şolara seredip kanagatlandyrmaga synanyşýarlar. Bulardan daşary, bu teleseriýallar adamlaryň garaşýan, tama edýän zatlaryny üýtgedýär. Esasanam mydama idelip, mydama gowy, süýji, mähirli sözler aýdylyp, mydama şol görnüşde, däli-diwana bolup söýýärler. Emma söýgi hiç haçanam şol bir derejede dowam etmeýär. Söýginiň başında örän ýokary galan ol çyzyk, wagtyň geçmegi bilen bellibir derejä düşýär we sonra şol derejede, bellibir kada eýe bolansoň dowam edýär. Sonra bu zatlardan bihabar adamlaryň (esasanam ýaş-ýeleňleriň) aglabasy, kişiniň şahsy durmuşynyň hem bardygyny, oňa-da wagt ayyrmalydygyny, özüne wagt aýyrmalydygyny, mydama şol sözleri gaýtalap dursa onun ajaýyplygynyň (has dogrusy orginallygynyň) galmaýandygyny, hemme kişiniň bir şereketiň "CEO"-sy däldigini, hemme oglanyň gyzlary sylamadyk bolýan, gyzlaryňam ejizçe, naçarja, agzynyň gyllygyny akdyryp ýören ysnat däldigini bilmeýärler.

Çeşme: Syrly_wakalar
32
298