timm
16.03.2024 18:57
Magtymguly Meňli gyzy söýenmiş,
Ýöne ýetip bilmänmişin wysala.
Seýdi bolsa Hatyja diýp köýenmiş,
Emma olam düşenmişin şo hala.

Zelili hem Döndüsine gowuşman,
Bu dünýäden arman çekip ötenmiş.
Nepese-de päsgel berenmiş duşman,
Garaz, zordan Bossantäje ýetenmiş.

Elinden gidirip Annagülüni,
Mätäji mähire mätäç bolanmyş.
Şeýdip, ähli şahyrlaryň gününi—
Söýgüsini şum rakyp bozanmyş.

Bular çaklamasy biziň alymlaň,
Belki, birden biri degýändir ýapa.
Alymlar! Nämüçin gara zalymlar,
Olaň hiç haýsyna gyýaňzok nika?

“Bir kem otuz ýyldyr sürüşdim döwran”,
Diýip ýazaýmadyk bolsa Kemine,
Onuňam ýaryny bir pursat durman,
Bererdiňiz bir baýa ýa emire.

Garaz, hakykata golaý bir delil,
Ýa-da çala başy gowşan çaklama
Şahyrlaň söýgüli ýaryny elin—
Eltip berýär haýsydyr bir akmaga.

Bu gün elimizde nika hatymyz
Barlygyna şükür, bolmasa bizem
Goýardyňyz söwer ýarsyz—hatynsyz,
Siz öz täsin çaklamalarňyz bilen.

Ýerliksiz dawamyz ýok biziň asla,
Ýa şahyryň täleýi ters ozaldan.
Gowy bordy, bir ters many çykmasa,
Söýgi hakda ýazylan her gazaldan
27
140
ylham_gurbanaly
17 Mart 2024
Atajany Tagany okaýan diýsene bu günler)
Tayler
16 Mart 2024
@Bitter, okaber, halarsyň
Tayler
16 Mart 2024
@tim_, "Meňli" hakdaky goşgulaň bary şoňa degişli öýtýân. G. Mülliňem söýgülisiniň ady Meňli diýýâ
Tayler
16 Mart 2024
@tim_, da, okapdym!
Tayler
16 Mart 2024
@tim_, meň üçinâ şo has ynandyryjy
Tayler
16 Mart 2024
A,Tagan"Kyrk ýylda ýazylan kitap" şunda-da ba şo tema
Kenno_Tabi
16 Mart 2024
@Bitter, Aýryldym goşgusyny okap görseň düşünse bolýa, onsaňam köp ýerde ýarym diýýä, musulmançylykda gelin edip almasaň, öýlenmeseň ýarym diýlenok. Ýar ýagny ýarty bölek diýmekk...
Kenno_Tabi
16 Mart 2024
@Bitter, Bir gazetde makala okapdym. Şonda Magtymguly Meňlini gelin edip alan, ýöne aradan çykan az wagt ýaşaşyp diýýärdi we Magtymgulynyň goşgulary arkaly delillendirýädi
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.