Söýgi (yşk) teleseriýallarynyň ynsana hiç hili peýdasy ýokdur. Diňe höwesiňizi kanagatlandyryp biler, bu hem bellibir derejede zyýanlydyr. Bu teleseriýallar hakykaty görkezip, düşündirmezlik bilen, hakyky (real) dünýä ters bolan, gabat gelmeýän hyýaly-fantastiki durmuşlary owadanlap, bezäp, ony gözelleşdirip tomaşaçylara hödürleýärler. Bu teleseriýallaryň aglabasynyň tomaşaçy sanynyň kän bolmagynyň sebäbi hem şonuň bilen baglanyşyklydyr. Sebäbi adamlar real durmuşda, has dogrusy öz durmuşlarynda, öz töwereginde beýle zatlara gabat gelmeýärler we öz yetmezçilik edýän duygularyny şolara seredip kanagatlandyrmaga synanyşýarlar. Bulardan daşary, bu teleseriýallar adamlaryň garaşýan, tama edýän zatlaryny üýtgedýär. Esasanam mydama idelip, mydama gowy, süýji, mähirli sözler aýdylyp, mydama şol görnüşde, däli-diwana bolup söýýärler. Emma söýgi hiç haçanam şol bir derejede dowam etmeýär. Söýginiň başında örän ýokary galan ol çyzyk, wagtyň geçmegi bilen bellibir derejä düşýär we sonra şol derejede, bellibir kada eýe bolansoň dowam edýär. Sonra bu zatlardan bihabar adamlaryň (esasanam ýaş-ýeleňleriň) aglabasy, kişiniň şahsy durmuşynyň hem bardygyny, oňa-da wagt ayyrmalydygyny, özüne wagt aýyrmalydygyny, mydama şol sözleri gaýtalap dursa onun ajaýyplygynyň (has dogrusy orginallygynyň) galmaýandygyny, hemme kişiniň bir şereketiň "CEO"-sy däldigini, hemme oglanyň gyzlary sylamadyk bolýan, gyzlaryňam ejizçe, naçarja, agzynyň gyllygyny akdyryp ýören ysnat däldigini bilmeýärler.
Çeşme: Syrly_wakalar