timm
22.03.2024 11:18
Men “Goşa pudagyma” geçdim:

Pelek iki nyşan salmyş synama,
Birisi düwnümdir,birisi—dagym.
Iki dag ýykylmyş bu gün üstüme,
Biri başym basmyş,biri—aýagym

-diýen setirleri diňlän Hydyr Derýaýewiň bokurdagy doldy. Men ýagdaýa üns bermedik bolup dowam etdim:

Hany meniň Mirhaýdarym,Miresen,
Ýekelik tygydyr bagrymy kesen.
Naçar emekdeşim Orazbibi,sen
Eşitseň,ýas tutup,gara geý imdi…

Ýene:

Agyr derdiňiz alaýyn,
Alyp,janymga salaýyn.
Sizden ozal men öleýin,
Geliň,gabra salyň,balam.

Daglar dözmez,daşlar dözmez,
Akar,gözde ýaşlar dözmez.
Ot alar,agaçlar dözmez,
Tap getirmez çölüň,balam.

Seýdi diýer: “Tur,Haýdarym!
Haldan habar ber,Haýdarym!”
Sözleri şeker,Haýrdarym,
Ýakdy meni tiliň,balam” —diýen setirler gulagyna ýeten Hydyr Derýaýew elimden çekdi-de:
—Saklan,Soltan Hüpbi,saklan!—diýip hamsykdy.
—Ýürek gaty ýukalypdyr..
—Hydyr molla,nämä hapa bolduň?
—Ýaňky setirler meni geçmişe aldy ötägitdi…
—Seýitnazar Seýdiniň döwrünemi?
—Ýok.1937-ä.1937-nji ýylda,edil Seýdiniň goşa pudagy ýaly meniňem goşa pudagym,heniz bir ýaşyny hem doldurmadyk ekiz ogullarym bir günde ýogaldy. Özi-de hut maňa sud edilen günde.Nähak töhmetiň pidasy bolup gidenlere “troýka” diýilýän üç sany adam sud edýärdi. Menem göni bäş minutyň içinde “halk duşmany” boldum galyberdim. Sud başlanmanka “Ekizleriň ikisi-de ýogaldy” diýen habar gelipdi:
—“Iň soňky haýyşyňy aýt!” diýip,başlyklyk ediji maňa ýüzlendi.“Edil bir sagat mundan ozal ekiz oguljyklam ýogaldy. Şo neresseleri öwlüýä eltip,jaýlap gaýtmaga rugsat ediň! — diýdim.
—Başga haýyşym ýok”.
Öz çagalary gözüniň öňüne gelendir-dä,suduň başlygy rugsat berdi. Men öz garyndaşlarymyň,duz-emek bolan tanyş-bilişlerimiň mert adamlar däldiklerine şonda göz ýetirdim. Hatda olar meniň ölen çagalarymy göterişip öwlüýä gitmäge-de gorkdular. Sebäbi men eýýäm halk duşmanydym.
—Dost-ýarlardanam hiç kim öwlüýä gitmedimi?
—Ýekejesi gitdi.
—Ol kimdi?
—Oňa Akmyrat Orazow dýýärler. Kaka raýonunyň “Ýüzbaşy” obasyndan.”Meni öwlüýäde ataýsynlar. "Getir oglany!" diýdi-de,palasa dolangy ýatan çagalaryň birini Akmyrat alyp ugrady. Özümem ikinji oglany göterdim… Hydyr aga elýaglygyny çykardy. Men gürrüňi başga ýere sowmak bilen boldum.

"Kyrk ýylda ýazylan kitap"
#Atajan Tagan
27
70
tmyigit76
22 Mart 2024
Wahh ganly 37
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.