timm
27.09.2023 11:56

Goý, güller açylsyn sähraň ýüzünde,

Asmanam, goý, rahmet nuruny saçsyn.

Müň dokuz ýüz togsan biriň güýzünde

Türkmenistan—ata mekan Garaşsyz!


Eger kimde kimiň kinesi bolsa,

Kinesin unutsyn, urşan ýaraşsyn.

Beýik günde undulýandyr kineler,

Bu beýik gün—Türkmenistan Garaşsyz!


Dünýäň çar künjüne ýaýrapdyr türkmen,

Oňmaz olar dost dogansyz, gardaşsyz.

Agzybir bolanda baýnapdyr türkmen,

Baýna, türkmen, bu gün ýurduň Garaşsyz!


Dünýäň kartasyna türkmeniň ýurdy

Täze kürtäň keşdesi deý ýaraşsyn.

Daglaryň arslany, çölleriň gurdy —

Türkmen, bu gün gadym ýurduň Garaşsyz!


Türkmen aga, telpegiňi göge zyň,

Gyňaçlaram baýdak kimin parlaşsyn.

Aýdym aýdyň, at çapdyryň, saz çalyň,

Türkmenistan — ata ýurdum Garaşsyz!


Halk arzuwy hasyl bolar ahyry,

Men bu güne kän asyrlap garaşdym.

Men bu gün garaşsyz ýurduň şahyry,

Türkmenistan — söwer ýurdum Garaşsyz!


"Atamyrat Atabayew"

24
33
timm
25.09.2023 08:26

Ylalaşýan

30
90
timm
30.07.2023 13:54
Söýgi mukamy


Ýaşlygymda men bir gyza sataşdym,

Gözleriniň ody ýürekde galdy.

Gyz däldi-de, ýanyp duran ataşdy,

Garaýşy bu goşa garakda galdy.


Müň gyzyň içinden gözüňe iler,

Onki süňňüm bilen söýüpdim näler.

Ýazan hatlaryma şaýatdyr Şalar.

Içen antym duzda-çörekde galdy.


Bir tomus gijesi duşuşdyk pynhan,

Näme diýjek bolsaň diýiber ynha.

Ah! Aslynda ýygra bolmasyn ynsan,

Pyşyrdym goşa ak derekde galdy.


Garaluw gözleri ýyldyz ýalydy.

Alkymnyň aşygy gunduz ýalydy.

Dykyz bilekleri buýnyz ýalydy.

Jadyly gülküsi gulakda galdy.


Gözelleriň gözlerinde hümmet bar,

Gül gyzlaryň gujagynda jennet bar.

Şahyr bolan bolsam — şoňa minnetdar,

O ýyllar nähili uzakda galdy...


#Berdinazar Hudaýnazarow
32
197
timm
29.07.2023 18:16
Ýaşlyk


Gazaply kazy deý, mydam başymda

Sagat çot kakyp dur şyk-şyk-şyk.

Düýnüň özem garaşýardym ýaşlyga,

Bu gün bolsa, geçip barýar şo ýaşlyk.


Bir zada düşünýän:

şowhunly günler

Al atymy çapyp ýören haladym,

Öňümden çykana gül ýaşlygymy

Hormat edip, sowgat kimin paýladym.


Jomartlygym üçin «sagbolsunlara»

Ýüzüm göge tutup göçer ýörerdim.

Ýaşlygymy gerekmejek dostlara

Hem boş söhbetlere seçer ýörerdim.


Öwgülerden humar bolup, gijeler

«Alyň!» diýip, kişiň gapysyn kakdym.

Ýaşlygmy gül edip, jomartlyk bile,

Söýmeýän gyzlarmyň döşüne dakdym.


Men ony boş gijelere paýladym.

Men ony

Boş gürrüňlere paýladym.

Ine, bu gün uly döwletden galan

Köpüklermi ahmyr bilen sanadym.


Neçün beýle bolýar? Ilki ýalňyşyp,

Soňra ökünç bile egilip ýörüs!

Jaýymyzy çilim çekip, tüsseläp,

Soňra tüssämize bogulyp ýörüs!


Ah, bu gün säherem şeýle bir çytyk,

Bolaýmagy mümkin tüýs ýagyşly gün.

Ýaşlygymyz ýitirenok hiç zady,

Biz özümiz ýitirýäris ýaşlygy...


#Gurbannazar Ezizow
37
158
timm
28.07.2023 11:59

Gel, eý dünýe, bu söwdany oňlasaň


Gel, eý dünýe, bu söwdany oňlasaň,

Seniň bilen alyş-çalyş edeýin.

Sen-ä garyp ýaşlygymy gaýdyp ber,

Men baýlygmy saňa bagyş edeýin.


Ýetmiş ýylda der saçyplar gazanan Sylag-serpaýlarym seniňki bolsun.

Üstesine hiç zat talap etmäýin,

Diňe on sekiz ýaş meniňki bolsun.


Elimden al derejämi, çinimi,

Ä-ä diýmen: iň bir zabun işi ber.

Ýöne ýetde-gütdelikde geçirlen

Düýşe dönen şo-ol on sekiz ýaşy ber.


Seňki bolsun, içi ýumşak maşynym,

Seňki bolsun, gatbar-gatbar otagym.

Maňa besdir, şo-ol on sekiz ýaş bilen

Garyp çatmam — şol köneje ketegim.


Müň bir aladadan hum bolan kelläm

Deşik pökgi ýaly bolup ýeňlesin.

Kakabaş günleri küýsän ýüregim

Porhan bolup, gursagyma sygmasyn.


Öňümdäki mele-myssyk nany al,

Deregine ýylçyr gara daşy ber,

Daş çeýnäpler, gum ýalaplar oňaýyn,

Emma maňa şol on sekiz ýaşy ber.


Öwezin almaga ýitirlen ömrüň

Hakym barmy, ýokmy, hany aýdyp ber.

Men bu dok durmuşy saňa bereýin

Sen garny aç ýaşlygymy gaýdyp ber!

33
184
timm
27.07.2023 10:43
Ada Lovelace nämäniñ üstüni açdy?


Ada Lovelace kompýuteriň görkezmeleriň yzygiderliligini, yzarlap biljekdigini ýüze çykardy - bu bolsa programmadyr. Çarlz Babbageniñ analitik hereketlendirijisi barada ýazan ýazgylarynda, kompýuteriň çylşyrymly hasaplamalar üçin birnäçe ädim ädip biljekdigini görkezdi we şeýle programmalaryň “san bilen birlikde başga zatlar” bilen işleşip biljekdigini çaklady.


Näme üçin Ada Lovelace beýle meşhur?


Ada Lovelace ilkinji kompýuter programmisti hasaplanýar. Hiç haçan gurulmadyk kompýuter, analitik hereketlendiriji hakda ýazsa-da, kompýuteriň çylşyrymly hasaplamany amala aşyrmak üçin birnäçe ýönekeý görkezmelere, programma eýerip biljekdigine düşündi. Ada Lovelace, asyl ady Awgusta Ada Baýron, Ledi Baýron (1815-nji ýylyň 10-njy dekabrynda doglan, Pikadilli Terrace, Midlseks [häzirki Londonda], Angliýada 27-nji noýabrda aradan çykdy, 1852, Marylebone, London), Çarlz Babbage-iň kärdeşi Iňlis matematigi, sanly kompýuteriň prototipi üçin bir programma döretdi. Ilkinji kompýuter programmisti diýlip atlandyryldy.


Terjimede käbir näsazlyklar bolmagy mümkin!
35
104
timm
26.07.2023 18:47

Musonda Zambia futbol ligasynda aýyñ iñ gowy oýunçysy saýlandy we 5 karopka ýumurtga bn sylaglandy!!!

49
412