timm
27.09.2023 11:56

Goý, güller açylsyn sähraň ýüzünde,

Asmanam, goý, rahmet nuruny saçsyn.

Müň dokuz ýüz togsan biriň güýzünde

Türkmenistan—ata mekan Garaşsyz!


Eger kimde kimiň kinesi bolsa,

Kinesin unutsyn, urşan ýaraşsyn.

Beýik günde undulýandyr kineler,

Bu beýik gün—Türkmenistan Garaşsyz!


Dünýäň çar künjüne ýaýrapdyr türkmen,

Oňmaz olar dost dogansyz, gardaşsyz.

Agzybir bolanda baýnapdyr türkmen,

Baýna, türkmen, bu gün ýurduň Garaşsyz!


Dünýäň kartasyna türkmeniň ýurdy

Täze kürtäň keşdesi deý ýaraşsyn.

Daglaryň arslany, çölleriň gurdy —

Türkmen, bu gün gadym ýurduň Garaşsyz!


Türkmen aga, telpegiňi göge zyň,

Gyňaçlaram baýdak kimin parlaşsyn.

Aýdym aýdyň, at çapdyryň, saz çalyň,

Türkmenistan — ata ýurdum Garaşsyz!


Halk arzuwy hasyl bolar ahyry,

Men bu güne kän asyrlap garaşdym.

Men bu gün garaşsyz ýurduň şahyry,

Türkmenistan — söwer ýurdum Garaşsyz!


"Atamyrat Atabayew"

24
33
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.