timm
28.07.2023 11:59

Gel, eý dünýe, bu söwdany oňlasaň


Gel, eý dünýe, bu söwdany oňlasaň,

Seniň bilen alyş-çalyş edeýin.

Sen-ä garyp ýaşlygymy gaýdyp ber,

Men baýlygmy saňa bagyş edeýin.


Ýetmiş ýylda der saçyplar gazanan Sylag-serpaýlarym seniňki bolsun.

Üstesine hiç zat talap etmäýin,

Diňe on sekiz ýaş meniňki bolsun.


Elimden al derejämi, çinimi,

Ä-ä diýmen: iň bir zabun işi ber.

Ýöne ýetde-gütdelikde geçirlen

Düýşe dönen şo-ol on sekiz ýaşy ber.


Seňki bolsun, içi ýumşak maşynym,

Seňki bolsun, gatbar-gatbar otagym.

Maňa besdir, şo-ol on sekiz ýaş bilen

Garyp çatmam — şol köneje ketegim.


Müň bir aladadan hum bolan kelläm

Deşik pökgi ýaly bolup ýeňlesin.

Kakabaş günleri küýsän ýüregim

Porhan bolup, gursagyma sygmasyn.


Öňümdäki mele-myssyk nany al,

Deregine ýylçyr gara daşy ber,

Daş çeýnäpler, gum ýalaplar oňaýyn,

Emma maňa şol on sekiz ýaşy ber.


Öwezin almaga ýitirlen ömrüň

Hakym barmy, ýokmy, hany aýdyp ber.

Men bu dok durmuşy saňa bereýin

Sen garny aç ýaşlygymy gaýdyp ber!

33
184
aikamm
28 Iýul 2023
At daksalar dakp gecsinler uns bermehouu @azatagamyradov men yaljak manada dakyalar ini bildirenok mana,
aikamm
28 Iýul 2023
@owadanym, nadp bilin
aikamm
28 Iýul 2023
@owadanym, yok esdersinmi dogrymy aytsam sugun hickm bn gurlesmedim
aikamm
28 Iýul 2023
@mawy, acylsarslay gatap otrmarsyna mana
aikamm
28 Iýul 2023
@owadanym, 😉
aikamm
28 Iýul 2023
@mawy, mn nm etdimm.
aikamm
28 Iýul 2023
@owadanym, nam diyp ai onarayanda natdi sujagaz yeri😉
aikamm
28 Iýul 2023
@mawy, hov😊
aikamm
28 Iýul 2023
aikamm
28 Iýul 2023
@azatagamyradov, oz halan suratyny goy dinleme ili
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.